Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kaka häkimi kärendeçilerden 'ýap gazmak' üçin pul soraýar, olar 'ýok' diýýär

Daýhanlar şygarlarda aýdylýan zatlaryň hakykata o diýen gabat gelmeýändigini aýdýarlar.
Daýhanlar şygarlarda aýdylýan zatlaryň hakykata o diýen gabat gelmeýändigini aýdýarlar.

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda häkimiýetler kärende ýerleri bolan daýhanlardan ekerançylyk ýerlerindäki ýaplary, zeýkeşleri gazmak, suw nasoslaryny bejermek üçin 400 manat möçberinde pul soraýarlar, emma kärendeçiler bu talapdan boýun gaçyrýar diýip, ýerli çeşmeler habar berýär.

Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen kärendeçiler 400 manat baradaky talabyň özlerine ‘daýhan azabyny ýeňilleşdirmek maksady’ bilen düşündirilendigini, emma 'häkim dilegçiliginiň' öz ýagdaýlaryny has agyrlaşdyrýandygyny aýtdylar.

Daýhanlar häkimiň 'paýyş sögünendigini' aýdýarlar

Talap edilýän puly bermedik daýhanlaryň biri häkimiň geçiren ýygnagynda bolan ýagdaýy gürrüň berdi:

“Häkim ýygnakda pul sorady, biz daýhanlar bolup pul bermekden ýüz öwürýändigimizi aýtdyk. Häkimiň gahary geldi. Ol paýyş sözleri ulandy we ‘entek göreris, sizem uzak gitmersiňiz’ diýdi.”


Birnäçe daýhanyň tassyklamagyna görä, ýygnaga gatnaşan kärendeçiler häkime “Onsuzam uzak gitmejegimiz görnüp dur, bize gelen häkim siz ýaly bolsa, gaty çalt ýagdaýda bizem potrat ýerlerimizi taşlamaly bolarys” diýip, berk jogap beripdirler.

Azatlyk bu ýygnak barada resmi düşündiriş almak üçin Kaka etrabyna telefon etdi, emma häkimlikde telefony galdyran bolmady.

Azatlygyň habarçysy bilen aýry-aýrylykda gürleşen daýhanlar adamlaryň häkimiýet wekilleriniň hereketlerinden ‘gaty nägiledigini’ gürrüň berdiler.

Olaryň tassyklamagyna görä, etrap emeldarlary özlerine ýer açyp ýa-da ýer açman, bir daýhany gysyp, onuň ýerini alýan telekeçiler bilen bilelikde mekge, ýorunja, dary ýaly, umuman mal üçin iým boljak zatlary ekip, ‘gara zähmet bilen, der döküp gowaça ekýän daýhanlary’ suwa zar edýärler.

“Biz ýaly gara zähmet bilen, gara der döküp pagta ýetişdirýän daýhanlar ekinen bir sapar suw berip bilýär. Her ýyl gowaçaň suwlaryny ýapyp, mekge we beýleki ekin ekenleriň suwuny berýär. Telekeçileriň parnikleriniň, ýagny ýyladyşhanalaryň suw almagy gaty aňsat. Olar, ýagny telekeçiler islän wagty suw alyp bilýär” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

'Goý, ýaplary gazanjy bol telekeçiler gazsyn!'

Onuň sözlerine görä, ýaplary ýerden gowy gazanç edýän telekeçiler gazmaly, suw nasoslary hatardan çyksa, olary hem gurply telekeçiler bejermeli.

“Biz ýaly daýhanda almaga zat barmy? Gowaça, bugdaý, şeker şugundyryny ekýän islendik daýhanyň öýüne baryp görüň! Kärendeçiler gaty gözgyny ýagdaýda ýaşaýarlar. Sebäbi daýhanlaryň başga girdejisi ýok” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran daýhan aýtdy.

Onuň pikiriçe, özi ýaly adamlaryň ýagdaýyny ot-iýmlik ekinleri ekip satýan telekeçileriň ýagdaýy bilen deňeşdirip görseler, bu ýerde düşünmez ýaly zat ýok.

Bu ýagdaý aýratynlykda gürleşen ýene bir kärendeçi tassyk etdi.

“Garyp daýhan ýylda 1 sapar suw alýar, olam gep-gürrüňli bolýar. Häkim diýilýän adam hiç haçan daýhanlaryň hal-ýagdaýyndan habar almazdan, göni şu sapar, puly gutarana meňzäp, daýhanlardan pul sorady. Döwletiň bize ekip beren gowaçalary suwsuz ýanyp ýatyr” diýip, söhbetdeşimiz 400 manadyň daýhan üçin uly puldugyny hem sözüne goşdy.


Şeýle-de, ol golaýda bolan güýçli ýagyn netijesinde ýaşap oturan jaýyna ýeten zyýandan söz açdy.

“Häzir sement almaga pulumyz ýok, bular ömrüne daýhanyň kyn ýagdaýyndan habar almadyk häkimler. Birden bizi çagyrdy, biz ilki begenip, biz ýaly daýhanlaryň halyndan habar alyp, peýdaly gürüň eşideris öýdüp barsak, 400 manat pul sorady. Muny eşidip, daýhançylyga bolan öňküje höwesimiz hem aşak düşdi. Soňky gezek suw diýenimizde, ‘siziň limidiňiz doldy’ diýipdiler.”

Oba hojalyk özgertmeleri 'kän sorag döredýär'

Türkmenistanda ‘hususy telekeçiler’ diýilýänleriň islän wagty suw alyp bilýändigi aýdylýar. Bu topar ýurduň kyn ýagdaýa düşen oba hojalygynda ýokardan, prezident derejesinde teklip edilen özgertmeler netijesinde döredilip, olara birnäçe gektar däl-de, onlarça gektar ýer berildi, banklardan ýeňillikli, uzak möhletli karzlaryň beriljekdigi aýdyldy.

Ýurtda dowam edýän maglumat ýapyklygy, telefonlara jogap berilmezligi sebäpli, bu özgertmeleriň nähili peýda, nähili zyýan getirendigi barada anyk maglumat alyp bolmaýar.

Resmi taýdan tassykladyp bolmaýan maglumatlara görä, onlarça gektar ýer alýan telekeçiler köplenç arkaly adamlar bolup, olar hemişe döwlet goldawyny alýar we bu ýagdaý ýönekeý daýhanlarda uly nägilelik döredýär.

Golaýda sosial mediada ekinini we miweli baglaryny zyýanly mör-möjeklerden goramak üçin satyn alan dermanlarynyň netije bermändigini aýdyp käýinýän kärendeçiniň wideosy paýlaşyldy. Ýöne bu wideoda ol ‘awularyň’ anyk haýsy firmadan satyn alnandygy aýdylmaýar.

Azatlygyň habarçylary bilen anonimlik şertinde gürleşen daýhanlar ýylyň-ýylyna suw, dökün, tehnika meseleleriniň saklanyp galýandygyny aýdýarlar. Bu ýagdaý, hünärmenleriň hem tassyklamagyna görä, ýerine yhlas edýän we, howa ýagdaýy gowy bolanda köp hasyl almaly daýhanlaryň gowy gögeriş hem alyp bilmezligine, maşgala ýagdaýlarynyň ýyl-ýyldan kynlaşmagyna sebäp bolýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG