Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kalibaf Eýranyň ABŞ we Ysraýyl bilen uruşda "täze kartlarynyň" bardygyny aýdýar

 Hormuz bogazynyň golýayndaky ýük gämisi. Bezeg suraty
Hormuz bogazynyň golýayndaky ýük gämisi. Bezeg suraty

Eýran parlamentiniň spikeri, şeýle-de Eýranyň esasy gepleşikçisi bolan Mohammad Baker Kalibaf Eýranyň ABŞ we Ysraýyl bilen uruşda "täze kartlary açmaga taýýardygyny" aýtdy.

"[ABŞ-nyň prezidenti Donald] Tramp gabaw gurmak we atyşygy bes etmek ylalaşygyny bozmak bilen, bu gepleşik stoluny - öz göz öňüne getirişi ýaly - boýun egmek stoluna öwürmek ýa-da täzeden uruş turuzmagy esaslandyrmak üçin ulanmak isleýär" diýip, Kalibaf 20-nji aprel güni giçlik öz X hasabynda ýazdy.

"Biz howp-hatarlar astyndaky gepleşikleri kabul etmeýäris we soňky iki hepdede söweş meýdanynda täze kartlary açmaga taýýarlandyk" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Şu aralykda, Eýranyň döwlet metbugaty harbylaryň metbugat wekiliniň sözlerine salgylanyp, Eýranyň Oman bogazynda ABŞ tarapyndan ele geçirilen ýük gämisi üçin Tähranyň "tiz wagtda" ar aljakdygyny aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG