Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenleriň Baş kanunda kepillendirilen döredijilik erkinligine näme boldy?


"Edebiýat we sungat" gazetinde türkmen ýazyjylarynyň iň soňky gurultaýy barada berlen habar. Edebiýatçylar şol gün bar bolan çäklije döredijilik erkinliginiň hem 'soňunyň gelendigini' aýdýarlar.
"Edebiýat we sungat" gazetinde türkmen ýazyjylarynyň iň soňky gurultaýy barada berlen habar. Edebiýatçylar şol gün bar bolan çäklije döredijilik erkinliginiň hem 'soňunyň gelendigini' aýdýarlar.

Geçen hepde "el çarpylýan goşgular" we toý bagşylarynyň arasyndaky baglanyşyk, ýurtda edebi tankydyň, çekişmeleriň, metbugat azatlygynyň gazaply çäklendirilmegine getiren sebäpler, bu meselede Ýazyjylar birleşiginiň iň soňky ýolbaşçylarynyň oýnan roly barada taýýarlan gepleşigimiz bir topar sorag döretdi. Sebäbi, döredijilik wekilleriniň arasynda onlarça ýyl bäri gürrüň edilýändigine garamazdan, ýurduň ilkinji prezidentiniň ‘ýazyjylar, siz maňa gerek’ diýip, döredijilik işgärlerine at-dereje paýlap, ‘200 baý, 20 çemesi aýlykly ýazyjy döretmek’ wadalarynyň arasynda, 1980-nji ýyllarda güýçlenen metbugat azatlygyny, ýurtda intellektual güýç hasaplanan Ýazyjylar birleşigini basyp ýatyryşy barada bilinýän zatlar bolsa-da, çap edilen iş az. Garaşsyzlygyň başky on ýylynda, azat bazar gatnaşyklaryna geçmegiň we tygşytlanan döwlet serişdeleriniň hasabyna şahsyýet kultunyň döredilmeginiň arasynda oýnalan syýasy oýunlar türkmenistanlylaryň Baş kanunda kepillendirilen döredijilik erkinligi hukugyny durmuş ýüzünde tasdan ýok etdi diýip, synçylar aýdýar. Olaryň pikiriçe, bu ýagdaý edebiýatda we sungatda kök uran gözboýagçylygyň, aňyrdan gelýän ruhy gymmatlyklary çüpretmegiň peýdasyna boldy.

Bu temada söhbetdeş bolan edebiýatçylaryň käbiriniň pikirine görä, ýazyjy Hudaýberdi Hallynyň geçen söhbetdeşlikde belleýşi ýaly, diňe halk sada däl, eýsem döredijilik wekilleriniň özleri hem sada, olar gyltyma kowalaşyp, öňki partiýa işgäriniň emeline çolaşdylar. Wakalaryň içinde bolan ýazyjylaryň gürrüň bermeklerine görä, 1991-nji ýylda prezident tarapyndan sözleri diňlenen ýazyjylaryň soňra döredijilik erkinligini halas etmek üçin eden synanyşyklary netijesiz gutardy.

“Biziň döredijilik wekillerimiz döwrüň synaglaryna taýýar bolup bilmediler. Ýogsa, bizde “ozaly özüňi düzet” diýip pent eden Magtymguly bar. Dilde sylap, durmuşda Magtymguly mekdebinden daşlaşmak özüne göwni ýetýän galam adamlaryny syýasy oýunlaryň gurbany etdi. Biz indi netije çykarmaly, dünýäniň beýleki ýurtlaryndaky tejribeden ugur alyp, tanymal ýazyjylaryň jikme-jik terjimehallaryny ýazmak, faktlary bolmanda internetde çap etmek praktikasyny ýola goýmaly, bu yzdan gelýän nesilleriň edilen gowulygyň hem, erbetligiň hem bilinjegini bilmegi üçin gerek” diýip, anonim söhbetdeşlerimiziň biri aýtdy.

Sosial mediada çap edilen materiallar toý bagşylarynyň ýa toý diktorlarynyň internet ulanyjylar üçin Aşgabadyň merkezinde heýkelleri dikilen Kerim Gurbannepesow, Berdinazar Hudaýnazarow ýaly tanymal adamlara garanda has ‘gyzyklydygyny’, gürrüňi edilýän şahyrlaryň öz okan goşgularynyň çeper höwesjeňleriň okan goşgulary ýaly köp diňlemeýändigini görkezýär. Edil häzir “el çarpylýan goşgularyň” uzaga çeken meşhurlygynyň açylmadyk syryny açmak üçin sosial barlaglary, pikir soramalary geçirip, metbugatda söhbetdeşlik guramak mümkinçiligi bolmasa-da, internet mümkinçiligi bolan türkmenistanlylaryň halaýan akyl, aň-düşünje önümleriniň derejesine göz aýlamaga mümkinçilik bar diýip, radionyň bir diňleýjisi aýtdy.

Onuň pikiriçe, sanlar, ýazylýan kommentler çeper höwesjeňligiň, ogurlyk-jümürlik eserleriniň, öýkünjeňligiň halk arasynda has kän hyrydar toplaýandygyny, çynlakaý eserleriň muşdagynyň azalýandygyny yşarat edýär.

Her bir adamyň medeni durmuşa gatnaşmaga, çeper, ylmy we tehniki döredijiligiň erkinligine hukugy bardyr...
Türkmenistanyň Esasy kanunynyň 56-njy maddasyndan

Öňki ýyllarda sowet ýazyjylarynyň Moskwanyň etegindäki döredijilik öýüne gatnan türkmen ýazyjylarynyň biriniň pikiriçe, soňky 30 ýylda emele gelen ýagdaýa türkmen aň-düşünjesiniň sowet döwründäki ‘batgalygynyň’ fonunda seretmeli.

“Milli edebiýatymyza we sungatymyza, klassyklarymyza buýsansak-da, biziň hakyky ussadymyz Magtymguly däldi, Maksim Gorkidi. Okaýan uniwersitimiz Gorkiniň adyny göterýärdi, professorlarymyz sosialistik realizm ýörelgelerini beýnimize guýýardy. Soň-soň bildik, daşary ýurtdan yzyna gelen Maksim Gorkiý Stalin ‘näme gerek?’ diýip soranda, Moskwanyň golaýyndan, tokaýyň içinde we derýanyň boýundan daça berilmegini sorapdyr. Şeýdip, sowet ýazyjylarynyň Peredelkinodaky döredijilik öýi döräpdir. Elbetde, Stalin bu hyzmaty mugtuna ýa ýazyjylary gowy görüp etjek däldi... Biziň halypa, ussat saýan ýazyjylarymyz Stalin bilen söwda edip, millionlap gyrlan ildeşleriniň nähak dökülen ganyna göz ýumup, bolşewik ideologiýasynyň hyzmatynda durupdylar. Olar bu hapa işi edebiýatyň, öz senetleriniň hatyrasyna däl, aman galmagyň hatyrasyna edipdirler. Haýp, bu ýagdaý 91-nji ýylda-da gaýtalandy, Nyýazow biz bilen Staliniň oýnuny oýnady, ‘ýazyjylar, siz maňa gerek’ diýdi we Berzeňňiniň ýokarsyndan daça, bag ekmek üçin ýer berdi. Dogry, Stalin beren daçasyny yzyna almady, emma Nyýazow şol gaty ýeri hem yzyna aldy, ýazyjylar söz azatlygyny yzyna alyp bilmediler” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ýazyjy Azatlyga aýtdy.

Çemeçil eserleriň 'agalyk' etmeginiň esasy sebäbi

Iýun aýynyň aýagynda geçiriljek Medeniýet hepdeliginden öň söhbetdeş bolan edebiýatçylarymyzyň köpüsiniň pikiriçe, çemeçil eserleriň ozaly metbugatda, il arasynda, ýagny toýlarda, soňra internetde “agalyk etmeginiň” birnäçe sebäbi bolup, esasy sebäp häkimiýetleriň döredijilik azatlygyny, başgaça pikirlenýänleri gazaply çäklendirmegi, tankydy pikirlenýänleri ‘bulagaý, agzalaçylyk döretjek bolýan adam’ hökmünde häsiýetlendirip, beýlekileriň gözüni gorkuzmagy bilen bagly.

Şeýle-de, anonim söhbetdeşlerimiz ýazyjy Hudaýberdi Hallynyň çäjiň harpykdan saýlanmazlygy, edebi tankydyň öz işini edip bilmezligi, onuň ýolunyň baglanmagy barda aýdanlary bilen ylalaşýarlar.

Bu ýagdaý geçmişde dessanlary, halk döredijiligini we kitaplary elýeterli bolmadyk şahyrlaryň eserlerini dilden-dile geçiren bagşylaryň, ozanlaryň täze bir görnüşde, toý bagşylary ýa alyp baryjylary, bloggerler görnüşinde orta çykmagyna we hatda millionlarça dollar serişde harçlanýan döwlet metbugatyndan hem has täsirli güýje öwrülmegine alyp geldi.

“Howply ýeri, bu toparyň dilinde halypa, şägirt sözleri kän agzalýan hem bolsa, hakykatda bu ýerde halypaçylyk, şägirtlik däpleri örän ýuka, muny bir wideo söhbetdeşlikde Annagül Gurdowa ýaly tanymal aýdymçy hem boýun aldy” diýip, Ýewropada ýaşaýan edebiýatçy aýtdy. Onuň pikiriçe, häkimiýetleriň sosial mediada köp diňlenýän bloggerleri gyssap, öwgi talabyny güýçlendirmegi, olaryň köşk hyzmatlarynda has netijeli peýdalanyljak bolmagy Aşgabatdaky hökümetiň maglumat ýa-da wagyz söweşinde ýeňlendigine belli bir derejede düşünýändigini görkezýär.

Döwlet propagandasynyň toý bagşylary derejesine çenli aşak düşmegi ýurtda edebiýat, sungat düşünjesiniň peselmegi, ozalky we soňky, täze döreýän eserlere töwerekleýin baha berilmezligi bilen baglanyşdyrylýar.

Ozal mekdepde edebiýatdan sapak beren edebiýatçynyň sözlerine görä, okuw kitaplary, döwlet metbugaty, şol sanda sosial media edebiýat, sungat eserlerine syn, baha bermekde, düşündiriş, wagyz işlerinde örän yza galdy, ýazylýan makalalar örän ýüzleý, bir taraply we, uruşdan öňki arassaçylyk, soňky korrupsiýa barada edilýän gürrüňler garaşsyzlyk ýyllarynda emele gelen ýagdaýy bilýän okuwçylar üçin gaty gülkünç görünýär. Ol bu pikirini okuw kitabynda Berdinazar Hudaýnazarowyň döredijiligine berlen syn bilen delillendirdi.

“Men, walla, indi bu uruşdan gorkamok-da, şu uruş ýyllarynyň kynçylygynda aramyzda dörän ýaranjaňlardan gorkýan. Bular entegem köpeler, onsoň olar öz günleri üçin şugulçylykdanam gaýtmaz, göripçilikdenem. Heý, uruşdan öň para diýen zady eşidipmidiňiz? Ana, indi aýallaryň käbiri bir gün işden galjak bolsa, oba dogtoryna bir banka gowurdak berýär-de, sprawka alyp ýör…” diýip, okuw kitabyndaky synyň awtorlary ýazyjynyň “Gumlular” romanyndan mysal getirýärler.

Olaryň tassyklamagyna görä, ýazyjy durmuşdaky nogsanlyklary, korrupsiýany paş etmekde "Akar suwuň aýdymy” romanynda has hem batyrgaýlyk görkezipdir.

Türkmenistanyň okuw kitaplaryndaky çemeleşmelerden tapawutlylykda, sowet döwrüniň 80-nji ýyllarynda, edebiýat we durmuş barada ornaşdyrylan köne pikir galyplarynyň döwülýän wagtynda çap edilen makalalardan çen tutulsa, sowet ýolbaşçylarynyň ulnanan “bug goýbermek” usuly, döredijilik wekilleriniň jemgyýetdäki nogsanlyklaryň käbirini belli bir derejede aýtmagyna berlen rugsat uly bir düşündirişe mätäç däl. Aç-açanlyk döwründe çap edilen çeper eserler däl, taryhy dokumentler hem öz döwründe “batyr” hasaplanan ýazyjylaryň juda az we kiçi zatlary aýdyp bilendigini, olaryň uly kartinany görmäge ukybynyň hem bolmandygyny görkezdi diýip, Hudaýberdi Hally aýtdy.

Onuň pikiriçe, aýdaly, kolhoz başlyklarynyň ýa etrap emeldarlarynyň käbiriniň açgözlügi barada ýazylan eserler hakykatda durmuşdaky uly nogsanlyklara sebäp bolýan sistemanyň berk goralmagyna, uly gözboýagçylyga hyzmat edýärdi.

Okuw kitaplarynyň awtorlaryna dolanyp gelsek, olar Berdinazar Hudaýnazarowyň romanlarynda gürrüňi edilýän ýagdaýlaryň "jemgyýetiň ahlak sütünleriniň gowşap, ownap barýandygyndan habar berýändigini” boýun alýarlar.

Olaryň tassyklamagyna görä, “Akar suwuň aýdymy” romanynda gozgalýan meseleler biziň günlerimizde hem möhümligini ýitirmeýär”. Ýöne sowet döwründe düýpli syýasy-ykdysady ýalňyşlygyň, millionlarça adamyň gyrylmagyna, aç-hor entedilmegine, uzaga çeken garyplyga sebäp bolan sistemanyň goralyşy ýaly, Kerim Gurbannepesowyň çäresiz magazin müdirini tankytlap, şeýle boş dükanlary, haryt gytçylygyny döreden döwri magtaýşy ýaly, okuw kitabynyň awtorlary derrew öz döwürlerini öwüp başlaýarlar we soňky kynçylyklaryň öňki çözülmedik meseleleriň dowamy ýa netijesi bolmak ähtimallygyna gelmekden saklanýarlar.

Anonimlik şertinde pikirini aýdan edebiýatçylaryň tassyklamagyna görä, okuw kitaplarynyň awtorlary hakykatda döredijilik wekilleriniň “ýarym hakykat” oýunlaryna gowy düşünýärler we ikiçäk gürrüňçilikde “olaryň ýagdaýy hem, biziň ýagdaýymyz hem düşnükli” diýýärler.

Radionyň birnäçe söhbetdeşiniň ynanjyna görä, durmuş hakykatyny ýoýmaga, çözülmeli uly meseleleri ýaşyryp, ownuk meseleleri dil çolagy edinmäge öwredilen döredijilik wekilleri ahyr netijede, korrupsiýa çümen emeldarlar ýaly, jemgyýetdäki ahlak çökgünliginiň, ruhy göýdükligiň bir bölegine öwrülýärler. Bu, Azatlygyň redaksiýasyna 5-6 ýyllykda gowşan maglumatlardan görnüşine görä, B. Hudaýnazarow babatynda hem şeýle boldy.

Diňe ozal şahyr bolmagy arzuw eden zähmet migrantynyň soragyna jogap bermek üçin däl, belki-de tutuş jemgyýetiň ruhy sagdynlygy üçin, atly ýazyjylaryň käbiriniň ýurtda söz, metbugat, şol sanda döredijilik azatlygynyň bogulmagynda, geljekki awtoritar lider Saparmyrat Nyýazowy uly alada goýan intellektual güýji gowşatmakda oýnan rollary barada hem açyk gürrüň edilmeli diýip, edebiýatçylar pikir edýär.

Okuw kitaplarynda nygtalmagyna görä, “Belent ahlaklylyk, ar-namyslylyk B. Hudaýnazarowyň... eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär”.

Dünýäniň ynsaba bar zatdan beter mätäçlik çekýändigini nygtamagy gowy gören şahyr, Azatlyga gowşan maglumatlarda aýdylmagyna görä, Ýazyjylar birleşiginiň başlygy bolanyndan soň, “derrew öz ogluny agzalyga aldyrdy, onda-da ýeke özüni, ýanyna hiç kimi goşdurman agzalyga kabul etdirdi, sebäbi ol üýtgeşik, görülmedik talantmyş.”

Sesiniň efire berilmezligini soran aşgabatly ýazyjynyň tassyklamagyna görä, türkmen ýazyjylarynyň 1991-nji ýylyň fewralynda bolan iň soňky gurultaýyndan soň, ozal batyrgaý, okyjy çekýän eserleri, makalalary çap eden “Edebiýat we sungat” gazetiniň, “Sowet edebiýaty” žurnalynyň ‘gyzygy’ gaçýar. Ýazyjylar birleşiginiň ýolbaşçylary kabinetine baryp, galamdaşlarynyň bu neşirleriň gowşamagyndan bildirýän nägileliklerini prezidente aýtmaga, ýagdaýy düzetmäge synanyşýarlar. Emma prezident birleşigiň birnäçe ýolbaşçysynyň ozal eden şahsy haýyşlaryny, özüniň olar üçin bitiren ýumuşlaryny ýatladyp, olary gürletmeýär, Ýazyjylar birleşiginiň başlygyna bolsa, "Berdinazar, sen jaý bilen maşyndan haçan doýjak? Onsoňam etrap häkimlerine 'men otursam, sizem ýeriňizde oturarsyňyz' diýmäňi bes et, men etjek işimi gowy bilýän” diýýär. Bu gürrüň, ikinji çeşmäniň hem tassyklamagyna görä, 1992-nji ýylyň noýabrynda bolupdyr.

Prezident Nyýazow şondan uzak wagt geçmänkä, 1993-nji ýylyň 25-nji awgustynda, ýazyjylar bilen ýene bir agyr gürrüň etmeli bolýar.

Prezidentiň iş otagynda Ýazyjylar birleşginiň prawleniýesiniň agzalary bilen geçirilen duşuşyga 31 agzanyň 23-si gatnaşdy, S.Nyýazowyň esasy gürrüňi ýazyjylar guramasynyň statusyny üýtgetmek barada boldy diýip, Azatlygyň arhiwinde saklanýan söhbetdeşlikde aýdylýar.

"Ýazyjylar birleşigi ýuridiki gurama hökmünde hasapda dursa-da bolar, emma ony döwlet býujetinden maliýeleşdirsek, onda Bütindünýä ösüş banky ýaly guramalar bize azar berýär, olar ‘siz näme üçin bazar ykdysadyýetine geçilýän döwürde munuň ýaly jemgyýetçilik guramalaryny öz balansyňyzda saklaýarsyňyz?’ diýýärler” diýip, prezident göräýmäge ýazyjylaryň guramasyny saklap galmagyň tarapynda çykyş edýär. Şol bir wagtda-da ol, “Ýazyjylar soýuzyny ýapyb-a ýapmalyň, ol ýuridiki hasapda durar, men onuň ýolbaşçylaryny jogapkärräk işlere geçirerin, ýöne Ýazyjylar soýuzynyň jaýyny boşadyň, sebäbi siz başga ýerde işläp, aýlyk aljak bolsaňyz, o jaý size gerek däl. Soň özüňiz bir inisiatiwa tapyp, Ýazyjylar guramasyny döretseňiz, biz ýardam ederis” diýýär we onlarça ýyllap ýazyjylary bir ýere jemlän taryhy binanyň Ukrainanyň Aşgabatdaky ilçihanasyna beriljekdigini aýdýar.

Ýöne, şaýatlaryň gürrüňlerine görä, ýazyjylar hem duşuşyga taýýarlykly barypdyrlar we Nyýazowyň alada edýän esasy meselesini, metbugat meselesini gozgapdyrlar. Şeýlelikde, ýazyjylaryň pikirini aýtmak üçin prawleniýe agzasy, tanymal ýazyjy Allaberdi Haýdydow ýerinden galýar.

"S.Nyýazow Allaberdi Haýydy gözi bilen iýäýjek boldy. Sebäbi duşuşygyň geçýän wagtynyň öň ýanynda onuň Saparmyrat Nyýazowy wasp edýän “Prezidentnama” poemasy barada ýazan uly tankydy syny Moskwada çykýan “Literaturnaýa gazetada” çap bolupdy. Gazetiň tutuş bir sahypasyny tutýan makalada bu poemany ýazan adamyň şahyr däldigi, onuň ýazýan zatlarynyň poeziýa bilen ilteşiginiň ýokdugy, gury samahyllydygy, bu hili gowşak eserlere goltgy bermegiň prezidentiň abraýyny galdyrman, tersine, döwlet baştutanynyň abraýyny peseldýändigi aýdylýardy” diýip, Azatlyga maglumat beren ýazyjy aýtdy.

Allaberdi Haýydow “Literaturnaýa gazetada” çykan tankydy makalasynda prezident hakynda ýazylýan goşgular barada öz pozisiýasynyy aýdandygyny, eger ol goşgular onuň göwnünden turýan bolsa, ýene-de bir maslahatynyň we haýyşynyň bardygyny aýdýar hem-de gürrüňi edilýän “Prezidentnama” poemasynyň awtoryny “Sowet edebiýaty” ýaly uly neşiriň baş redaktorlygyndan boşadyp, dynç almaga ugratmagyny soraýar.

“Pensiýa ýaşy doldy, ony pensiýa ugradyň. Öýünde otursyn, siz hakda has düýpli, uly eserleri ýazsyn” diýip, Haýydow gönüläp aýdýar. “Nyýazow, dabanyna ot basylan ýaly bolup, ýaşyny, döredijiligini sylaman, “sen düzel” diýip, Allaberdi aganyň üstüne gygyrmaga başlady. Allaberdi aga 1929-njy ýylda doglan, Nyýazow 1940-njy ýylda, aralarynda 11 ýaş bar” diýip, ýazyjy prezidentiň A.Haýydowy agzalalyk döretjek bolmakda aýyplandygyny, bu dawada döwlet baştutanyň pikirini goldan iki ýazyjynyň soňra, gysga wagtdan Halk ýazyjysy diýen hormatly ada mynasyp bolandygyny, ýagny başga, garşylykly pikir aýdanlaryň agzalaçylyk döredýän, islenilýän pikirleri aýdanlaryň agzybirlik döredýän adamlar bolandygyny gürrüň berdi.

Onuň tassyklamagyna görä, prezident Ýazyjylar birleşigini ýuwaş-ýuwaşdan, başda 'Jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda işleýär' diýip, 1997--nji ýylda “ýediniý reýester” diýilýänden öçürdip, 2001-nji ýylda ymykly ýapdy.

Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň ýapylmagy, prezidentiň sözleri bilen aýdylanda, bazar ykdysadyýetiniň talaplary bilen düşündirildi. Emma ýurtda täze kanunlar esasynda hususy neşirýat, gazet-žurnal döretjek adamlara ýol berilmedi, emeli kynçylyklar döredildi, açylan neşirýatlaryň onlarçasy ýapyldy. Şol döwürde Özbegistanda bolan we iki ýurduň arasynda ýagdaýlary deňeşdiren ýazyjynyň aýtmagyna görä, goňşy ýurtda bolmanda reklama gazetleri döwlet senzurasyndan boşadyldy, emma "bizde toý çakylyklary hem senzuradan geçirilmeli edildi" we "döwlet baştutanyny öwýänleriň öňünde ýaşyl çyra ýakyldy".

Azatlyk bilen dürli döwürlerde açyk ýa-da anonim görnüşde pikirini paýlaşan edebiýatçylaryň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda häkimiýetleriň, şol sanda döwlet baştutanyň ýazyjylaryň işine gödek we bikanun gatyşmagy hususy neşirýatlaryň döremeginiň, kitap bazarynyň ösmeginiň we halkyň aň-düşünjesiniň giňemeginiň öňüni aldy. Maglumat üçin aýdylsa, bu Türkmenistanyň Esasy kanunynyň 56-njy maddasyna düýpden ters gelýär. Ol maddada “Her bir adamyň medeni durmuşa gatnaşmaga, çeper, ylmy we tehniki döredijiligiň erkinligine hukugy bardyr” diýilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG