Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kitap ýagdaýy 'gözgyny', jemgyýetde 'ahlak çökgünligi aladasy artýar'

Köçede satylýan kitaplar. Arhiw suraty
Köçede satylýan kitaplar. Arhiw suraty

Türkmenistanly mazmun döredijiler golaýda sosial mediada ýaşyl reňkli matadan köýnek geýen okuwçy gyzyň partasynda duran okuw kitabyny görkezip, mekdeplerde ady “Geometiýa” diýlip, ýalňyşly çykarylan kitabyň ulandyrylýandyna ünsi çekdiler. Şu aralykda “Türkmenistanyň Hronikasy” 12-nji synp okuwçylary üçin taýýarlanan "Geometriýa" kitabynyň suratyny çap edip, okuw kitaplary ýagdaýynyň gözgynydygyny habar berdi.

Çeşmeler we habarçylarymyz türkmen okuwçylarynyň okuw kitaplary meselesiniň indi ençeme ýyl bäri 'iki aýagy bilen agsaýandygyny', häkimiýetleriň bu ýagdaý barada metbugatda açyk gürrüň edilmegine ýol bermeýändigini habar berýärler.

Pensiýa çykan iki pedagogyň aýry-aýrylykda tassyklamagyna görä, soňky 20 ýylda türkmen mekdeplerini tamamlan okuwçylaryň arasynda gowy okap, dogry ýazyp bilýän uçurym 'gaty azaldy'. Azatlyk bu aýdylýany ýerinde barlap, resmilerden düşündiriş alyp bilmeýär. Ýöne sosial ulgamlarda galdyrylýan teswirler mekdeplerde berilýän bilim-sowadyň peselendigini yşarat edýär.

Täze kitaplar çykarylýar, ýöne 'az'

Türkmen döwlet neşirýat gullugy şu ýylyň aprelinde orta mekdepleriň okuwçylaryna niýetlenen täze okuw kitaplarynyň birnäçesiniň çap edilendigini habar berdi. Şol wagt habarda 12-nji synp okuwçylary üçin «Edebiýat» kitabynyň, rus dilinde okadylýan mekdepleriň 5-nji synp okuwçylaryna niýetlenen «Hozýastwenno-bytowoý trud», 5-nji synp okuwçylary üçin «Fransuz dili (ikinji daşary ýurt dili)» kitaplarynyň çykandygy aýdylypdy.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen oba ýaşaýjysy täze çykýan okuw kitaplarynyň welaýat merkezlerinde ýerleşýän mekdepleriň okuwçylaryna hem doly ýetmeýändigini, oba ýerlerindäki çagalaryň köplenç ‘gaty könelen’ kitaplar bilen mydar etmeli bolýandygyny aýtdy.


Bu aýdylýanlary “Türkmenistanyň Hronikasy” hem tassyklaýar.

Garaşsyz neşiriň maglumatyna görä, ýurduň mekdeplerine 12-nji synp okuwçylary üçin çap edilen täze okuw kitaplarynyň sekiz sanysy gelip gowuşdy. Bu 12-nji synp okuwçylary üçin 7 sany täze kitabyň çykarylandygyny aňladýar.

12 ýyllyk düzgüninde okan uçurymlaryň ilkinji tapgyry mekdebi 2024-nji ýylda tamamlan hem bolsa, bu synpda geçilýän sapaklaryň ählisi boýunça okuw kitaplarynyň şindi hem taýýarlanylmandygy, çap edilen kitaplaryň bolsa ýeterlik däldigi aýdylýar.

Bu ýagdaý 12-nji synp okuwçylarynyň 11-nji synpda geçilenleri gaýtalamagyna sebäp bolýar diýip, garaşsyz neşir ýazýar.

Bilimde sebitdäki ýurtlardan 'yza galynýar'

Türkmenistanda okuw kitaplarynyň diňe wagtly-wagtynda çykarylmazlygy we okuwçylaryň täze kitaplar bilen üpjün edilmezligi däl, eýsem, olaryň hili, mazmuny hem köp sorag döredýär diýip, synçylar aýdýar. Pensiýa çykan aşgabatly pedagog edebiýat, taryh kitaplarynda täzeçe çemeleşmäniň ýetmeýändigini, soňky ýyllarda bolan bilim-düşünje özgerişlikleri esasynda, okuw kitaplary meselesinde sebitdäki ýurtlardan yza galynýandygyny öňe sürdi.

Ene-atalar we okuwçylar şu aýyň başynda, täze 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy bilen, orta mekdeplerdäki kitap ýetmezçiligi meselesinden ýene bir gezek nägilelik bildirdiler.

Ahal we Mary welaýatlarynyň orta mekdeplerinde çagalary okaýan ene-atalaryň habarçylarymyza aýtmaklaryna görä, berilýän kitaplar aşa köne bolansoň, olary almakdan ýüz öwürýänler hem az däl.

Tejenli ene-atalaryň biriniň anonimlik şertinde aýtmagyna görä, çagalara her ýyl ýyrtyk ýa-da sahypalary gopan kitaplary berýärler, ýöne soň, öý şertlerine görä bejerilip ulanylan kitaplar yzyna tabşyrylanda, ‘kitaby ýyrtypsyň’ diýip, onuň öwezini dolmagy talap edýärler.

Ene-atalaryň käbiri şu ýylyň 25- nji maýynda, okuw ýyly tamamlananda ýyrtylan kitaplaryň her biri üçin 100 manat tölemäge mejbur edilendiklerini hem gürrüň berdi.

Şeýle-de, habarçylarymyz mekdep resmileriniň ýygnalyp alynýan okuw kitaplarynda esasy bir ýagdaýa, prezidentiň suratlarynyň hiline berk seredýändiklerini ýazdylar.


Aýdylmagyna görä, prezidentiň suraty ýerleşdirilen sahypa zaýalanan halatynda, mugallym güýç edaralaryna habar bermeli.

Soňky onýyllyklarda, çagalara berilýän bilimde ideologiýanyň aşa köpeldilmegi bilen, Türkmenistanyň prezidentiniň suratlary, döwlet baştutanynyň aýdan sözleri okuw kitaplarynyň ählisiniň birinji sahypasynda ýerleşdirilýär.

Prezidentiň suratynyň ýerleşdirilen sahypasynyň berk barlanmagy okuwçylaryň ‘syýasy garagollugy’, Serdar Berdimuhamedowyň suratynyň üstünden galam bilen atanak çekmek, suratdaky şekile murt, sakgal goýmak, gulagyna ‘gulakhalka dakmak’ ýaly ‘bozgakçylyga baş urmagy bilen bagly’ diýip, aşgabatly pedagog aýtdy.

'Ahlak çökgünligi aladalary köpeldi'

Türkmen häkimiýetleri ýurduň bilim ulgamynda uly üstünlikleriň gazanylandygyny, “täze üstünliklere taýyn bolan ýokary intellektual, agzybir we öňdebaryjy jemgyýetiň kemala getirilýändigini” öňe sürýär.

Emma muňa garamazdan, sosial mediada ýurtdaky ahlak ýagdaýynyň ‘çylşyrymlaşmagyndan’ alada bildirýän ýasaýjylar hem az däl.

“Arada asgabatda bir awtobusda baryarkam bir garry yaşly ayal awtobusdan düşenden soň ýykylyp ýerde 2 minut yaly özünden gidip ýatdy we awtobusda bir giden adam bardy ýöne ýekejesi hem awtobusdan düşüp oña kömek etjek bolmady” diýip, bir ýaşaýjy, öz sözleri bilen aýtsak, “gaty uly bir ahlaky krizise” ünsi çekýär.

Jemgyýetdäki 'ahlak krizisi' meselesi ýaş döredijileriň goşgularynda, aýdymlarynda hem 'köp göze ilýär'.

Synçylar soňky ýyllarda çuňlaşan ykdysady çökgünlik bilen utgaşan ahlak çökgünliginiň garyplyk hakynda ýazylan eserlerde, "Salamyň almaga ýaltanar iliň", "Pul ber oglum, ejeň bir ýyl ýaşasyn" diýen ýaly jümlelerde 'anyk beýanyny tapandygyny' belleýärler.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň düzüminde okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi bolup, ilaty döwrebap okuw kitaplary hem-de okuw gollanmalary bilen üpjün etmek meselelerine seredýär.

Emma Azatlyk bu bölüm bilen habarlaşyp, mekdeplerde uzak ýyllar bäri saklanýan kitap meselesi barada resmi düşündiriş alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG