Şu ýylyň başynda Stambulda Özbegistanyň iki raýaty Durdona Hakimowanyň we Saýora Ergaşaliýewanyň kellesi kesilen jesetleri tapyldy. Olaryň jesetleri zir-zibil konteýnerlerine zyňlypdyr. Bu rehimsiz jenaýatlar Türkiýede protestlere sebäp boldy. Aýal aktiwistleri köçelere çykyp, aýallara, esasanam migrant aýallara goragyň ýokdugyny öňe sürdüler.
"Bu adamkärçiliksiz. Şol adamlar türmede çüýremeli" diýip, Durdonanyň garyndaşlarynyň biri aýtdy. "Ol bu ýere diňe işlemek üçin geldi... Bu gyzlar bigünädi".
Türkiýede aýallara garşy zorlugyň artmagy dowam edýär. Garaşsyz "Sosial we Syýasy Barlaglar Merkeziniň" maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda 420 aýal öldürilipdir, ýene 508 aýal bolsa şübheli ýagdaýlarda aradan çykypdyr.
Protestlere garamazdan, jenaýatlar dowam edýär. Jemgyýet ýanwarda ýüze çykan iki sany ölüm wakasyny ara alyp maslahatlaşýarka, 2-nji martda Balikesir welaýatyndaky tokaýda başga bir aýalyň jesedi tapyldy. Ol iki aý mundan ozal ýitirim bolan özbegistanly migrant zenan diýlip çaklanýar. DNK barlaglarynyň netijeleri heniz çap edilmedi.
Mümkinçilige derek ejizlik
Orsýet uzak wagtlap Merkezi Aziýadan zähmet migrasiýasynyň esasy ugry bolupdy. Şeýle-de bolsa, 2014-nji ýyldaky ykdysady krizisden soň, has köp adam wizasyz režim, has ýumşak düzgünler we medeni ýakynlygy sebäpli Türkiýäni saýlap başlady.
Migrantlaryň, esasanam zenanlaryň akymy ep-esli artdy. Köpüsi çaga garamak, garrylara ideg etmek ýa-da öý hyzmatkäri ýaly işleri tapdy.
Ýöne wagtyň geçmegi bilen ýagdaý üýtgedi. Ykdysady kynçylyklaryň we immigrantlara garşy duýgularyň artmagynyň fonunda Türkiýäniň häkimiýetleri syýasatyny berkitdiler. 2022-nji ýyldan başlap, olar wizalary we ýaşamak üçin rugsatnamalary bermek düzgünini has berkitdiler, şeýle hem bikanun işçilere garşy göreşini artdyrdylar.
Gyrgyzystanyň Stambuldaky konsuly Arslan Tokobaýew Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugyna şeýle diýdi:
"Biziň maglumatlarymyza görä, 2024-nji ýylda takmynan 4700 gyrgyz raýaty deportasiýa edildi. 2025-nji ýyl üçin statistika heniz gutarnykly däl, ýöne bu san takmynan şoňa meňzeş bolup biler. Has berk kanunlar sebäpli ýaşamak üçin berlen rugsatnamalaryň sany ep-esli azaldy".
Netijede, müňlerçe adam kanun taýdan goragsyz, kölegede galýar.
"Öýde işleýänler käte üç ýyldan bäş ýyla çenli daşary çykmaýarlar. Käbirleri günde 24 sagatlap, dynç alman işleýärler. Olar resminamalarynyň ýoklugy sebäpli özlerini gorap bilmeýärler" diýip, Türkiýedäki gyrgyz aktiwisti Ryskul aýdýar.
Ýaşadylar, işlediler, öldüler: dokumentsiz
Aýžarkyn (howpsuzlyk sebäpli ady üýtgedildi) Türkiýede köp ýyllap dokumentsiz ýaşap, işlän gyrgyz aýalynyň gyzy:
"Ejemiň wizasy ýokdy, şonuň üçin ol bu ýerde bikanun ýaşaýardy. Ýedi ýyllap wiza alyp bilmedi, Gyrgyzystana hem gaýdyp bilmedi".
2023-nji ýylda aýal ýitirim boldy. Aýžarkyn bir hepde onuň bilen habarlaşyp bilmedi - telefony öçürildi. Soňra ol polisiýa habar berdi.
"Biz üç aýlap ejemi gözledik. Bu ýerde daşary ýurtly raýatlara az üns berilýär. Men polisiýa baranymda, hiç kim goşmaça maglumat toplamak üçin alada etmedi" diýip, Aýžarkyn aýdýar.
Diňe soňra derňewçiler ýüzlerçe gözegçilik kamerasyny barladylar we onlarça adamy sorag etdiler. Aýaly soňky gezek Antaliýa sebitiniň Serik etrabyndaky hususy öýde görüpdirler. Soňra näme bolandygy belli däl.
Şübhe astyna düşenleriň biri onuň jesedini jaýlandygyny boýun aldy: "Maňa onuň ýatyp, 'başym agyrýar' diýendigini aýtdylar. Ony barlanlarynda eýýäm ölendigini anykladylar. Men gorkdum we näme etjegimi bilmedim, şonuň üçin ony alyp, jaýladym" diýip, merhumyň gyzy şol adamyň sözlerine salgylanyp aýtdy. "Ol ony öýünden uzak bolmadyk ýerde jaýlady" diýip, Aýžarkyn sözüne goşdy.
26-njy dekabrda bellenen ýerde gazuw-agtaryş işleri geçirildi we jeset tapyldy. Esasy aýyplanýan suduň karary bilen iki ýyla golaý türmede oturyp, soň boşadyldy.
Aýžarkyn Gyrgyzystandan Türkiýä gelip, apellýasiýa arzasyny berdi.
"Eger olar şol wagt tiz kömek çagyran bolsalar, ejem diri galyp bilerdi. Emma hiç kime habar bermän, ony jaýladylar. Biz hemmesini ýazyp aldyk we suda gaýdyp geldik. Iş henizem gözden geçirilýär" diýip, zenan aýtdy.
Köp ýagdaýlarda netije diňe kanuna däl, eýsem adalat gözlemäge taýyn adamlaryň tapylyp-tapylmazlygyna bagly bolýar.
Halif türk aklawçysy. Ol 2016-2017-nji ýyllarda rehimsiz hüjüme, söwda we jynsy taýdan ekspluatasiýa sezewar bolan gyrgyz aýaly Malika Nutiýewanyň wekili boldy. Onuň hüjümçisi, türk raýaty, ahyrsoňy 13 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.
"Eger pida Türkiýede galyp, söweşse, netije bolar... Emma sud diňlenişigi wagtynda gitse, ony gorajak adamyň tapylmazlygy mümkin" diýip, aklawçy aýdýar.
Iş duzaga öwrülip bilner
Resminamasyz aýallar üçin idegçiler, enekeler, aşpezler we öý hyzmatkärleri hökmünde öýde işlemek - köplenç ýaşamak üçin ýeke-täk mümkinçilik bolýar we şol bir wagtyň özünde duzaga öwrülip bilýär.
"Olara haýbat atýarlar: 'Siziň dokumentleriňiz ýok, siz bu ýerde galyp işlemeli'. Olaryň bikanun statusyndan peýdalanýan adamlar bar... Käbirlerine asla töleg berilmeýär" diýip, Türkiýedäki başga bir gyrgyz aktiwisti Şarapat aýdýar.
Köpleri özlerini iş berijileriniň öýlerinde gulp astynda ýaly duýýarlar. Türkmenistanly aýallar has-da ejiz bolýarlar: olaryň ýurdy pasport bermek düzgünlerini berkitdi — pasportlar diňe ýurduň içinde berilýär. Emma köp adamlar üçin ýurduna gitmek ýa-da deportasiýa edilmek Türkmenistandan gaýtadan çykmagyň mümkin däldigini aňladýar.
"Aýallarymyzyň köpüsiniň resminamalary ýok. Käbirler muny olary ýakyn gatnaşyklara mejbur etmek üçin ulanýarlar. Bu köplenç göni zorluk arkaly bolýar. Eger olar deportasiýa edilse, Türkmenistana gaýdyp gelenlerinde, olaryň hiç haçan çykyp bilmezlik howpy bar. Türkmenistan ykdysady krizisde we elbetde, hiç kim yzyna gaýtmak islemeýär. Sebäbi bu ýerde, nähili zorluk bolsa-da - psihologiki ýa-da fiziki - olar pul gazanyp, ony maşgalalaryna ibermegi umyt edýärler" diýip, Türkiýedäki türkmen aktiwisti Diana aýdýar.
Türkmenistanly migrant Zamira on ýyldan gowrak wagt bäri Türkiýede ýaşaýar, ol bir öýden başga öýe geçip işleýär.
"Pasportymyň möhleti gutardy... Şonuň üçin men bu ýerde bikanun galmak töwekgelçiligine boýun boldum" diýip, ol aýdýar.
Ol iş berijileriň yzygiderli basyşyny şeýle beýan edýär:
"Olar: 'Eger işden çyksaň, seni polisiýa tabşyrarys...' diýýärler. Şonuň üçin biz öý işlerini edip ýörüs. Bize näme diýilse, şony etmeli bolýarys. Bäş minut gijä galsaň, olar saňa gygyryp başlaýarlar. Käbirleri hatda elini galdyrmaga synanyşýarlar... bir gezek ýarym sagat gijä galypdym... Olar meni urmaga synanyşdylar".
Gorky olaryň hemişelik ýoldaşy
"Polisiýany görenimizde, syçan ýaly gizlenýäris" diýip, Zamira aýdýar.
Zamiranyň sözlerine görä, kanuny berjaý etmeli adamlaryň özleri hem zorluk edýärler:
"Olar: 'Men saňa çykmaga kömek ederin, seni bu ýerden halas ederin, ýöne sen meniň bilen otaga gelmeli' diýýärler. Käbir polisiýa işgärleri bize azar berýärler."
Göze ilmeýän pidalar
Zorluk bilen baglanyşykly köp wakalar hiç haçan köpçülige mälim bolmaýar.
"Türkmenistanyň raýatlary bilen baglanyşykly işler jemgyýetçiligiň ünsüni köp çekmeýär" diýip, Diana aýdýar. "Sebäbi Türkmenistanda raýat jemgyýeti we raýdaşlyk örän gowşak. Mysal üçin, biziň ildeşimiz Ejegül Awezowa aradan çykdy. Biz onuň ölendigini ýa-da şeýle ildeşimiziň Türkiýede bolandygyny hem bilmeýärdik. Onuň ölümi diňe Aýşa atly türk studentiniň ölüminden soň mälim boldy. Iki aýal hem polisiýa işgäri tarapyndan öldürildi".
Azatlyk Radiosy Türkiýäniň Içeri işler ministrligine Merkezi Aziýadan gelen zenan migrantlaryň ýagdaýy barada sorag iberdi. Habar çap edilende hiç hili jogap gelmändi.