Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml Putin-Witkoff gepleşiklerinden soň Ukraina boýunça pozisiýasyny ýumşatmajagyny görkezýär


Kremlde geçirilen duşuşykda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin ABŞ-nyň Federal satyn alyş gullugynyň komissary Joş Gruenbaum bilen elleşýär. Olara ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ýörite wekili Stiw Witkoff we Trampyň giýewisi Jared Kuşner seredýär. 22-nji ýanwar, 2026.
Kremlde geçirilen duşuşykda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin ABŞ-nyň Federal satyn alyş gullugynyň komissary Joş Gruenbaum bilen elleşýär. Olara ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ýörite wekili Stiw Witkoff we Trampyň giýewisi Jared Kuşner seredýär. 22-nji ýanwar, 2026.

Kreml Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin tarapyndan geçirilen we dört sagada golaý dowam eden gepleşikleriň netijesine kanagatlanma bildirdi, bu bolsa Ak Tamyň myhman wekiliýeti bilen gijeki duşuşykdan soň Ukraina garşy urşuny bes etmek üçin özüniň berk territorial talaplaryny ýumşatmandygyny görkezýär.

Putin bilen ýylyň dowamynda ýedi gezek duşuşan ABŞ-nyň ýörite wekili Stiw Witkoffyň 22-23-nji ýanwarda geçiren gepleşikleri, Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiniň 22-nji ýanwarda Tramp bilen duşuşmak üçin Şweýsariýa barmagyny öz içine alan gepleşikleriň täze tapgyrynyň dowamynda boldy.

Abu-Dabidäki gepleşikler

ABŞ-nyň, ukrain we rus toparlarynyň 23-nji ýanwarda Abu-Dabide duşuşmagy meýilleşdirilýär olaryň howpsuzlyk meselelerini we 2022-nji ýylyň fewral aýynda Orsýetiň Ukraina doly möçberli çozuşyndan bäri dört ýyla golaý dowam edýän urşuň soňuna çykmak bilen baglanyşykly beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyna garaşylýar.

Zelenskiý Abu-Dabide geçiriljek gepleşikleriň territorial meselesini hem öz içine aljakdygyny WhatsApp söhbetdeşliginde žurnalistlere aýtdy.

Putiniň daşary syýasat boýunça geňeşçisi Ýuriý Uşakow Kremldäki gepleşiklerden soň rus žurnalistlerine beren beýanatynda hiç hili öňegidişlik bolmady diýip belledi.

Putin Russiýanyň diplomatik çözgüde "çyn ýürekden gyzyklanýandygyny" aýtdy, diýip, Uşakow belledi. "Bu gazanylýança, Orsýet urşunyň maksatlaryny yzygiderli dowam etdirer" diýip, Uşakow: "Bu, esasanam, Orsýetiň ýaragly güýçleriniň strategik başlangyjyny öz elinde saklaýan söweş meýdanynda has dogrudyr".

Orsýet gündogar Ukrainada goşmaça ýerleri haýal we uly ýitgiler bilen basyp alýar, ýöne Putin we beýleki rus resmileri Moskwa diplomatiýa arkaly almasa, goşunynyň güýji bilen talap edýän has köp territoriýasyny basyp aljakdygyny yzygiderli aýtdylar.

Uşakow şeýle hem 2025-nji ýylyň awgust aýynda Alýaskada Tramp bilen Putiniň arasynda geçirilen ýüzbe-ýüz gepleşiklere ünsi çekdi, ABŞ-nyň resmileri şol duşuşygyň netijesiz bolandygyny, rus resmileri bolsa, netijeli bolandygyny aýtdylar.

"Iň esasysy, [Kreml gepleşiklerinde] territorial meselesini Ankorižde ylalaşylan formula boýunça çözmezden, uzak möhletli ylalaşyga ýetmek üçin hiç hili umydyň ýokdugy gaýtalandy" - diýip, Uşakow aýtdy.

Orsýetiň talaplary

Orsýet Ukrainadan öz goşunlaryny Kiýewiň gözegçiliginde saklanýan Donetsk sebitindäki pozisiýalardan çykarmagy talap etdi. Ukraina bu territoriýadan ýüz öwürmegiň Orsýetiň agressiýasyny oňlajakdygyny aýdýar.

Donetsk, Moskwanyň güýçleriniň bölekleýin basyp alan we Putiniň Orsýete degişlidigini öňe sürýän Ukrainanyň dört sany esasy sebitleriniň biri. Orsýetiň talaby halkara derejesinde tas hemmeler tarapyndan ret edilýär.

Gepleşiklerden soň hiç hili beýanat bermedik ABŞ-nyň delegasiýasy 23-nji ýanwarda üç tarapyň - Ukraina, Orsýet we Birleşen Ştatlaryň - gatnaşmagynda geçiriljek täze duşuşyklar tapgyry üçin Abu Dabi şäherine gitdi.

Şol gepleşikler esasan howpsuzlyk we ykdysady meselelere gönükdirilmelidi we Uşakow GRU diýlip atlandyrylýan Orsýetiň harby aňtaw gullugynyň direktorynyň gatnaşjakdygyny aýtdy. Ukraina tarapyndaky esasy gepleşijileriň biri Ukrainanyň harby aňtaw gullugynyň öňki direktory we Zelenskiniň baş edarasynyň başlygy Kirilo Budanowdyr.

Geçmişde Ak Tam bilen gatnaşykda käbir sowuk pursatlary başdan geçiren Zelenskiý, Tramp bilen Dawosda geçiren duşuşygyny öwdi, emma näme barada ylalaşylandygy ýa-da ylalaşylmandygy belli bolmady. ABŞ-nyň we Ukrainanyň resmileri ABŞ-nyň kompaniýalaryna Ukrainanyň mineral serişdelerine we käbir senagat pudaklaryna artykmaçlykly giriş mümkinçiligini bermek barada meýilnamany tamamlamaga synanyşýarlar.

Başga bir möhüm we jedelli mesele parahatçylyk ylalaşygy gazanylan ýagdaýynda Günbataryň Ukraina üçin howpsuzlyk kepilliklerine degişli boldy, Orsýet NATO ýurtlarynyň goşunlarynyň Ukrainada ýerleşdirilmegine garşy çykýar. Ukrainanyň Orsýet tarapyndan basylyp alnan Zaporožýe atom elektrik stansiýasynyň eýeçiligi we gözegçiligi ýene bir jedelli mesele bolýar.

XS
SM
MD
LG