Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kremliň tussaglykdaky tankytçysy Ýaşin ýekelik kamerasyna ýerleşdirildi


Ilýa Ýaşin (arhiw suraty)
Ilýa Ýaşin (arhiw suraty)

Russiýada tussaglykda saklanýan oppozision syýasatçy Ilýa Ýaşin ýekelikdäki kamera ýerleşdirildi. Ol Moskwanyň Ukraina garşy başladan urşuny tankytlany üçin, 8.5 ýyl türmä höküm edilipdi.

Ýaşin ýekelik kamerasyna, ene-atasynyň ony görmek üçin gelmeli günlerine gabat geçirildi.

Ýaşiniň 22-nji maýda Telegram kanalynda ýazmagyna görä, ol 17-nji maýda “irden turmak buýrugy berlenden soňra, baraklary giç terk edendigi üçin” diýen kesgitleme esasynda, 15 gün ýekelik tussaglyga ýerleşdirilipdir.

Ýaşiniň munuň öz ene-atasy bilen türmede planlaşdyrylan üç günlük duşuşygynyň öňüni almak üçin, ýörite matlap bilen edilendigini aýdýar. Ýaşin ene-atasy bilen 20-nji maýda görüşmelidi.

XS
SM
MD
LG