Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebap, Mary sebitlerinde ýeralma hasyly pes boldy, daýhanlar şertlerden zeýrenýär

Türkmen metbugaty köplenç 'hasylyň gowy bolandygyny' görkezýär. Arhiw suraty
Türkmen metbugaty köplenç 'hasylyň gowy bolandygyny' görkezýär. Arhiw suraty

Lebap we Mary welaýatlarynda ekilen ýazlyk ýer almanyň, kartoşkanyň hasyly pes boldy, resmi maglumatlarda getirilýän sanlar hakykata gabat gelmeýär diýip, Azatlygyň habarçylary habar berýär. Resmi maglumatlarda azyk howpsuzlygyny 'üpjün eden' Türkmenistan, metbugat habarlaryndan, daýhanlaryň sözlerinden çen tutulsa, azyk importyna garaşlylygyndan çykyp bilmeýär.

Bu habar türkmen prezidentiniň Ahal welaýatyna iş saparyny edip, “daýhanlaryň netijeli we öndürijilikli işlemegi” üçin döredilýän şertler bilen ýene bir gezek tanşan wagtyna gabat geldi.

Ýerli çeşmeler, şol sanda daýhanlar iýun aýynyň başynda ýygnalan ýeralma hasylynyň bu ýyl garaşylanyndan pes bolandygyny aýdýarlar.

Döwlet eýeçiligindäki we hökümete ýakyn çeşmelerde Lebap welaýatynda ýeralmadan ortaça 140 sentner hasyl almagyň meýilleşdirilendigi habar berildi.


Çärjew etrabynda 380 gektardan 5 müň 320 tonna, Dänew etrabynda 300 gektardan 4 müň 200 tonna, Saýat etrabynda 200 gektardan 2 müň 800 tonna, Kerki etrabynda bolsa 150 gektardan 2 müň 100 tonna kartoşka ýygnamak göz öňünde tutulýar diýip, resmi maglumatlarda bellendi.

Mejlis hasabatlary ýerlerdäki ýagdaýa ters gelýär

Türkmen resmileriniň hökümet mejlislerinde berýän hasabatlarynda, adatça, ekinlere suwaryş, hatarara bejergi, organiki we mineral dökünler bilen ideg edilýändigi aýdylýar we kärendeçileri onlarça ýyl bäri köseýän meseleler, suw, tehnika, dökün ýetmezçiligi, önüm öndürijileriň bergä batmagy barada agzalmaýar.

Daýhan çeşmeleri Azatlyga ekin meýdanlaryndan ýygnalan hasylyň arasynda ownuk, ýeterlik ulalyp bilmedik ýeralmalaryň hem az däldigini aýtdylar.

Şol bir wagtda, kartoşka käbir ýerlerde seýrek gögeripdir, käbir ýerlerde düýp ýeterlik bolsa-da, olaryň aşagyndaky hasyl az bolupdyr.

“Çärjewde-de, Dänewde-de, Saýatda-da ýagdaý resmi maglumatlarda aýdylyşy ýaly däl. 140 sentner diýilýän zat kagyz ýüzündäki san. Käbir ýerlerde gektardan 14 tonna däl, 6-7 tonna [ýeralma] çykdy. Gowrak ýerlerde 8-9 tonna [hasyl] alanlar boldy, ýöne bu hem resmi görkezijiden ep-esli pes” diýip, lebaply daýhan aýtdy.

Bu aýdylýanlary Dänew etrabyndaky çeşme hem tassyklap, kärendeçileriň käbiriniň has pes netije alandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, wagtynda suwarylmadyk meýdanlarda hasyllylyk iki esse diýen ýaly pese gaçypdyr.

Lebaply çeşmeler hasylyň pes bolmagynyň esasy sebäpleriniň birini suw ýetmezçiligi bilen baglanyşdyrýarlar.

Suw ýetmezçiligi ýene 'ýakasyny tanatdy'

Aýry-aýrylykda gürleşilen kärendeçileriň sözlerine görä, Amyderýanyň suwy öňki ýyllardakysyndan peseldi we käbir ýerlerde suw nobaty gijikse, käbir ekin meýdanlaryna suw ýeterlik möçberde ýetmedi.

“Kartoşka wagtynda suw içmese, soň berlen suw onuň öwezini dolmaýar. Lebapda suw meselesi indi has ýiti duýulýar. Amyderýanyň suwy öňküsi ýaly däl. Käbir meýdanlarda iki-üç gezek suwarmaga derek diňe bir gezek suw berildi” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran daýhan aýtdy.

Daýhan çeşmeleri, suw ýetmezçiligi bilen birlikde, dökün gytçylygynyň hem hasyla ‘güýçli’ täsir edendigini aýdýarlar. Olaryň sözlerine görä, bu ýyl käbir kärendeçiler kartoşka üçin zerur bolan azotly, fosforly we kaliýli dökünleri wagtynda ýa-da ýeterlik möçberde alyp bilmediler. Dökün elýeterliliginiň pes bolmagy sebäpli, aýdylmagyna görä, käbir meýdanlara diňe çäklendirilen möçberde dökün berlipdir.


“Bir gektardan azyndan 12-14 tonna garaşýardylar. Emma käbir meýdanlardan 5 tonna, 6 tonna alanlar boldy. Kartoşkanyň köpüsi ownuk boldy. Kaliý döküni hem az gaty gyt boldy. Ownuk kartoşkany bazara gowy baha bilen çykarmak kyn bolýar. Bu ýagdaýda çykdajyny ýapmak hem kynlaşýar” diýip, kartoşka hasylyny ýygnan kärendeçi aýtdy.

Uzaga çeken 'dökün derdine' em tapylmaýar

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistan gündogar sebitde gurlan Garlyk zawodynyň gurluşygyna uly döwlet serişdesini harç edip, dökün meselesiniň çözülýändigini öňe sürüpdi.

Mary welaýatyndaky daýhanlar hem, aýry-aýrylykda maglumat berip, oba hojalygyndaky agyr ýagdaýyň, hususan-da resmi maglumatlardaky gözboýagçylygyň saklanyp galýandygyny aýtdylar.

“Uly sanlar görkezilýär, ýöne oba adamlarynyň eline düşýän zat az. Käbir meýdanlarda gektardan 7-8 tonna çykdy, käbir ýerde ondanam pes boldy. Tohum, suw, tehnika, işçi güýji, dökün — bularyň hemmesi çykdajy. Hasyl pes bolsa, zyýan daýhanyň boýnunda galýar” diýip, maryly daýhan habarçymyza aýtdy.

Azatlyk, ýurtdaky howpsuzlyk aladalary sebäpli, daýhanlar bilen gürleşilen ýerleri, maglumat beren hünärmenleriň, kärendeçileriň atlaryny aýtmaýar.

Habarçylarymyzyň Lebap, Mary welaýatlarynda ekilen kartoşkanyň hakyky hasyly we resmi sanlardaky hasyly barada beren maglumatlary türkmen prezidentiniň Ahal welaýatyna iş saparyny edip, galla oragynyň barşy bilen tanşan wagtyna gabat geldi. Mundan öň habarçylarymyz daýhanlary uly alada goýan ‘çekirtge ýagyny’ barada habar beripdiler.

Emma muňa garamazdan, türkmen metbugaty prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna amala aşyran iş saparynyň “daýhanlaryň netijeli we öndürijilikli işlemegi" üçin edilýän işleriň "nobatdaky aýdyň güwäsi bolandygyny" öňe sürýär.

Türkmen hökümeti, synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, oba hojalygynda emele gelen agyr ýagdaýy, ýurtdaky azyk meselelerini boýun alman, reallyklary ýöntem propaganda bilen ýaşyrmak 'tagallasyny dowam etdirýär'.

Ýurt maglumat üçin ýapyk bolansoň, Azatlygyň habarçylary oba hojalyk resmilerinden düşündiriş alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG