Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda polisiýa işgärlerine patrul ulaglaryny ilatyň hasabyna abatlamak 'maslahat berilýär’

Ýol polisiýasy we raýat (Illýustrasiýa suraty)
Ýol polisiýasy we raýat (Illýustrasiýa suraty)

Lebap welaýatynyň polisiýa işgärlerinden özlerine berkidilen patrul ulaglaryny öz maddy serişdeleriniň hasabyna abatlamak talap edilýär. Polisiýa işgärleriniň ençemesi ýolbaşçylaryň özlerine ulaglary ilata jerime ýazmak ýa-da olardan para almak arkaly bejertmegi maslahat berendigini aýdýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 12-nji fewralda sebitden maglumat berdi.

“Soňky hepdelerde patrul ulaglaryny öz hasabymyza bejertmek talaby güýçlendi. Patrul ulaglar köneldi. Olary bejermek üçin döwlet tarapyndan berilmeli serişdeler wagtynda goýberilmeýär. Ýokary ýüzlenmäge hiç kim batyrlyk edip bilenok. Indi bolsa haýsy ulag haýsy seržanta berkidilen bolsa, şol öz hasabyna bejermeli diýildi” diýip, Türkmenabat şäheriniň polisiýa bölümindäki çeşmämiz aýtdy.

Türkmenabatdaky we Çärjew etrabynyň asudalygy goraýyş bölümindäki polisiýa işgärleriniň birnäçesi bu barada welaýat Polisiýa müdirligi tarapyndan degişli şäher we etrap bölümlerine dilden görkezme berlendigini aýdýar.

"Näme etseňiz ediň, ýöne katalaşkalar bejerilmelidir"

Söhbetdeşlerimiz ulaglaryň aşa könedigini we olarda düýpli abatlaýyş işleriniň ençeme ýyl bäri geçirilmändigini aýdyp, olardaky tehniki näsazlyklary düzetmek üçin 4–6 müň manat aralygynda pul harçlamaly boljakdygyny aýdýarlar.

“Soňky ýygnaklaryň birinde polisiýa işgärleriniň käbiri bu serişdäniň özleriniň bir aýlyk zähmetinden tas iki esse köpdügini aýtdy. Ýolbaşçy paýyş sözler bilen gaýtawul berip, ‘näme etseňiz ediň, ýöne katalaşkalar bejerilmelidir. Pul ýok, özüňiz ýoluny tapyň’ diýdi” diýip, şäher polisiýasyndaky çeşmämiz gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, ýolbaşçy sözüni dowam etdirip, polisiýa işgärlerine “islendik adamy ýa-da gije köçede duran ýaşlary saklap, jerime ýazmagy ýa-da olardan para almagy” maslahat berdi.

“Ýolbaşçymyz bu görkezme bilen işgärleri ilatdan para almaga aç-açan itekledi we ulaglary bejermek üçin zerur bolan pul serişdesini ilatdan almagy ündedi” diýip, söhbetdeşimiz belledi.

Resmi taýdan polisiýa işgärleriniň tehniki serişdeleri döwlet tarapyndan üpjün edilmelidigi aýdylsa-da, çeşmelerimiziň sözlerine görä, welaýat derejesinde maliýe ýetmezçiligi sebäpli çykdajylar indi ençeme ýyl bäri işgärleriň öz egnine düşýär.

"Ýolda içgili tutuldy"

Söhbetdeşlerimiz häzirki wagtda käbir polisiýa işgärleriniň ýolbaşçynyň maslahatyny diňläp, ulagyň bejeriş işleri üçin zerur bolan pul serişdesini “ilatyň hasabyna ýygnamaga” çalyşýandygyny aýdýarlar.

“Häzir gije sagat 10:30-dan soň köçede ýöräp barýan şäher ýaşaýjylarynyň polisiýa tarapyndan saklanyp, polisiýa bölümine alnyp gidilmegi bilen bagly ýagdaýlar köpeldi. Olara ‘gije näme işläp ýörsüň’ diýlip, 'ýolda içgili tutuldy’ diýlip protokol ýazmakçy bolýarlar. Käbir ýaşaýjylar protokola derek para bermäge razy bolýar” diýip, çeşmämiz belledi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada degişli häkimiýetlerden, şol sanda welaýat Polisiýa müdirliginden we şäher polisiýa bölüminden resmi teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki edara-kärhanalara berkidilen transport serişdeleriniň, şol sanda jemgyýetçilik awtobuslarynyň we taksileriň, şeýle-de oba hojalyk pudagyndaky tehnikalaryň, traktorlaryň işgärleriň hasabyna abatlanýandygy barada Azatlygyň habarçylary soňky ýyllarda ençeme gezek maglumat berdiler.

Bu transport serişdelerini ulanýan sürüjiler çykdajylaryň özlerine aşa agram salýandygyny, käbir işgärleriň öz arzasy bilen işden çykmagyna getirýändigini aýdyp gelýärler.

Türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri ýyllarboýy habar berilýän bu meseleler barada aç-açan gürrüň gozgaman gelýärler.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG