Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda welaýatara taksileriň kireý nyrhlary dört aýda 70% gymmatlady


Hususy awtoulaglarynda welaýatlaryň arasynda kireý edýän sürüjiler (Arhiw suraty)
Hususy awtoulaglarynda welaýatlaryň arasynda kireý edýän sürüjiler (Arhiw suraty)

Türkmenistanda hususy awtoulaglarynda welaýatlaryň arasynda kireý edýän sürüjileriň ýol kireý nyrhlary gymmatlaýar. Lebaplylaryň ençemesi muňa otly we uçar biletleriniň gytçylygynyň we gymmatçylygynyň sebäp bolýandygyny aýdyp, häkimiýetleri ilatyň transport zerurlyklaryny ödäp bilmezlikde aýyplaýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 16-njy aprelde Lebap welaýatyndan maglumat berdi.

“Häzir Türkmenabat şäherindäki demirýol wokzalyndan Aşgabat şäherine barýan taksiniň kireý bahasy 350 manat, gaýdyp gelmek bolsa 400 manat. Hususy taksileriň kireý nyrhlary ýanwar aýyndan bäri tapgyrlaýyn esasda gymmatlaýar” diýip, ýagdaýlardan habarly lebaply ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

Ýanwar aýynda agzalan ugurlaryň kireý nyrhlary degişlilikde 200 we 240 manada barabardy. Bu görkeziji, welaýatara taksileriň ýol kireý nyrhlarynyň soňky dört aýa golaý wagtyň dowamynda takmynan 70 göterim gymmatlandygyny aňladýar.

“Welaýat ulaglarynyň Aşgabada girmegine hem rugsat berilmeýär. Bu ýolagçylar üçin goşmaça çykdajy bolýar. Olar Aşgabadyň golaýynda taksiden düşüp, ol ýerden başga taksä münmeli bolýarlar. Munuň üçin-de azyndan 30-50 manat çykdajy edýärler” diýip, lebaply başga bir ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

Hususy ulagynda kireý edýän sürüjileriň birnäçesi ýol kireý nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagynyň sebäbini “ýaşaýyş-durmuş şertleriniň, şol sanda azyk harytlarynyň we hyzmatlaryň yzygiderli gymmatlamagy” bilen düşündirýär.

Ýöne lebaplylaryň ençemesi muňa otly we uçar biletleriniň gytçylygynyň we gymmatçylygynyň, şunuň bilen bagly, taksi hyzmatlaryna talabyň artmagynyň sebäp bolýandygyny aýdýar.

“Otly we uçar biletlerini onlaýyn tas satyn alyp bolmaýar. Ýöne olary ýörite araçylardan ençeme esse gymmat baha satyn alyp bolýar. Uçar bilediniň bahasy tas 1000 manada, otly bilediniň bahasy 200 manada ýetýär. Şol sebäpli adamlar hususy taksileriň hyzmatlaryna ýykgyn edýär. Talabyň artmagy bilen, hususy taksiler nyrhlary ýokarlandyrýar. Döwlet, hemişe bolşy ýaly, bu bolýan zatlara sesini çykarmaýar. Sebäbi döwlet problemanyň özünde, öz gurluşyndadygyny bilýär” diýip, lebaply ýaşaýjy häkimiýetleri ilatyň transport zerurlyklaryny ödäp bilmezlikde aýyplaýar.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada ýerli häkimiýetlerden, şol sanda "Demirýollary" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden we “Türkmenistan” awiakompaniýasyndan teswir alyp bilmedi.

Ýöne bu maglumat, ýurduň gündogar welaýatynda Türkmenabat – Aşgabat we Kerki – Aşgabat ugurlary boýunça otly we uçar biletleriniň gytçylygynyň emele gelendigi baradaky habardan iki hepde soňa gabat geldi.

Martyň ahyrynda Lebapdaky habarçylarymyz ilatyň otly hyzmatlary bilen üpjünçiliginiň pes bolmagynda galýandygy habar berdiler. Şonda olar Türkmenabat – Aşgabat ugry boýunça otly gatnawlaryna göz öňünde tutulandan has köp ýolagçynyň alynmagy bilen bagly tejribäniň ýene ýitileşýändigi hem aýtdylar.

Hökümet maslahatlarynda ýurtda transport serişdeleriniň gatnawlarynyň kämilleşdirilýändigi ýygy-ýygydan tekrarlanylýar, emma uçar we otly biletleriniň ýeter-ýetmezçiligi barada hiç zat aýdylmaýar.

Bu barada ýurduň media serişdeleri hem mesele gozgamaýar. “Türkmendemirýollary” we “Türkmenhowaýollary” agentlikleri hem ýurtda emele gelýän transport kynçylyklary barada beýanat çap etmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG