Lebap welaýatynyň birnäçe etrabynda ýaşaýan pensionerler iýul aýy üçin pensiýa tölegleriniň henize çenli geçirilmändigini habar berdiler. Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan çeşmeler pensiýanyň öz esasy girdejisi bolup, onuň gijikdirilmeginiň özlerine uly täsir edýändigini aýtdylar.
Pensiýasyny entek alyp bilmedik pensionerleriň ençemesi Çärjew etrabynda ýaşaýar. Olaryň 11-nji awgusta gürrüň bermegine görä, iýul aýynyň pensiýasy olaryň hasaplaryna heniz geçirilmändir.
“Men diridigim hakyndaky maglumatlary hem tassyklap gaýtdym. Ýöne pensiýam henizem geçenok. Öň adatça indiki aýyň 4-ne çenli pulumyzy alýardyk. Pensiýa gaznasyna ýüz tutanymyzda, ‘Aşgabat finans berenok’ diýip düşündirdiler” diýip, Çärjew etrabynyň Uly Wahym obasynda ýaşaýan pensionerler Azatlyga gürrüň berdi.
Saýat, Hojambaz we Dänew etraplaryndaky çeşmeler hem öz pensiýa tölegleriniň henize çenli geçirilmeýändigini habar berdiler.
Pensiýanyň gijikdirilmegi, ilkinji nobatda başga girdejisi bolmadyk garry adamlaryň gündelik durmuşyny kynlaşdyrýar, şol sanda olaryň ençemesi zerur çykdajylaryny töläp bilmeýär.
'Tok üçin töleg edip bilmedim'
Saýat etrabynda ýaşaýan pensionerler elektrik energiýasy üçin bergisini töläp bilmeýändigini we şu sebäpden bergisi hakynda eýýäm duýduryş alandygyny gürrüň berdi.
“Elektrik togunyň tölegi üçin öýe birnäçe gezek geldiler. Pensiýamyň henizem geçmändigi üçin töläp bilmeýändigimi düşündirdim. 11-nji awgustda gelen işgär bolsa bergini wagtynda tölemeseň, işiň suda geçirilip bilner diýip duýduryş berip, gitdi” diýip, pensioner aýtdy.
Türkmenabat şäher häkimligindäki ýagdaýdan habarly çeşme etrap ilatynyň pensiýa pullarynyň wagtynda berilmändigi barada welaýat häkimiýetleriniň habarlydygyny öňe sürýär.
“Aşgabatdan gelen görkezme bolsa, hiç kim bu barada sesini çykarmaýar. Näme üçindir maliýe serişdesi welaýatyň uly şäherlerine geçirilýär, etraplar bolsa garaşdyrylýar. Munuň özi adamlaryň ýaşaýan ýerine görä bölünýän ýaly duýmagyna getirýär” diýip, çeşme anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Şol bir wagtda Türkmenabat we Seýdi şäherlerinde ýaşaýan pensionerler iýul aýynyň pensiýalarynyň öz hasabyna geçirilendigini aýtdylar.
Azatlygyň çeşmeleri pensiýa tölegleriniň näme sebäpli welaýat merkezlerinde we käbir şäherlerde wagtynda geçirilýän wagtynda birnäçe etrapda gijikdirilýändigine ýerli häkimiýetleriň düşündiriş bermeýändigini aýdýarlar.
Azatlyk Radiosy Lebap welaýatynyň häkimliginden resmi teswir almaga synanyşdy. Häkimligiň websaýtynda görkezilen telefon nomerlere edilen jaňlara jogap berilmedi.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan çeşmeler etraplaryň pensiýa edaralarynda munuň sebäbini Aşgabatdan zerur maliýe serişdeleriniň gelip gowuşmanlygy bilen düşündirýändigini habar berdiler.
Bu ýagdaý gündelik azyk önümleriniň we beýleki zerur harytlaryň bahalarynyň yzygiderli ýokarlanýan döwrüne gabat gelýär. Lebaply ýaşaýjylar pensiýa ýaly esasy girdejiniň birnäçe gün gijikmeginiň olaryň maşgala býujetine düýpli täsir edýändigini aýdýarlar.
Käbir ýaşaýjylar döwlet telewideniýesinde ilatyň satyn alyş mümkinçiligi barada aýdylýan optimistik çykyşlaryň yzly-yzyna görkezilýändigini belläp, häkimiýetler ilatyň hakyky durmuş ýagdaýyna dogry baha bermeýärler diýip, aýdýarlar.
Aýlyklar, maýyplaryň kömek pullary hem gijikdirilýär
Türkmenistanlylaryň pensiýa haklary we kömek pullary ýyllar boýy ýygy-ýygyndan gijikdirilýär. Şu tomsuň başynda pensionerler we maýyplar puluny alyp bilmän kösendi. Iýunda Balkan welaýatynyň dürli etraplarynda käbir ýaşaýjylaryň pensiýalary we maýyplyk kömek pullary hasaplaryna wagtynda geçirilmedi, şol wagtda bankomatlarda hem nagt pul ýetmezçiligi güýçlendi.
Awgustyň başynda hem maýyplaryň pensiýalarynyň tölenmeginde bökdençlik döredi. Balkanda maýyplar köpçülikleýin barlagdan geçirilip başlandy we olara döwlet tarapyndan tölenýän kömek pullary wagtlaýyn saklandy.
Häkimiýetler bu ýagdaýyň sebäpleri barada resmi düşündiriş bermeýärkä, awgustyň başynda býujet edaralarynda işleýän raýatlaryň aýlyklary hem gijikdirilýär.
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli dokma toplumlarynyň birnäçesinde işgärleriň aýlyk zähmet haklary öz wagtynda berilmän, indi birnäçe aý bäri gijikdirilýär. Bu barada Azatlygyň habarçylary 6-njy awgustda habar berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum