Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Magtymgulynyň ukrain diline geçirilen goşgusy Kiýewde ýaňlandy

Magtymgulynyň we Keminäniň heýkelleri
Magtymgulynyň we Keminäniň heýkelleri

Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy bu ýurtdaky türkmen diasporasynyň we ilçihana wekilleriniň gatnaşmagynda “Medeniýetleriň şahyrana dialogy” atly goşgy okamak marafonyny geçirdi diýip, türkmen metbugaty 26-njy martda habar berdi.

Bu çäre her ýylyň 21-nji martynda bellenýän Bütindünýä şygryýet güni mynasybetli guralypdyr.

Çäräniň dowamynda iki ýurduň Magtymguly Pyragy, Gurbandurdy Zelili, Seýitnazar Seýdi, Taras Şewçenko, Lesýa Ukrainka we Wladimir Sosýura ýaly meşhur şahyrlarynyň eserleri okalypdyr.

“Goşgularda ruhy gymmatlyklar we ynsanyň tebigat bilen arabaglanyşygy baradaky meselelere aýratyn orun berildi” diýip, TDH-nyň habarynda bellenýär.

Şeýlede, Magtymguly Pyragynyň Kiýew şäherindäki ýadygärliginiň öňünde onuň ukrain diline terjime edilen goşgusynyň okalandygy aýdylýar.

Çäre-de uruş temasyndan ýazylan goşgularyň okalyp-okalmandygy aýdylmaýar.

Türkmen metbugaty Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan urşy, şol sanda bu urşa rus goşunlarynyň hatarynda gatnaşan türkmenistanlylar barada ilata hiç bir maglumat bermeýär.

XS
SM
MD
LG