Ukraina Russiýanyň doly möçberli çozuşynyň dört ýylyny başdan geçirip, bäşinji ýyla gadam basdy. Ýewropada Ikinji Jahan urşundan bäri dowam edýän iň uly we dowamly ýaragly çaknyşygy tamamlamak boýunça Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygynda parahatçylyk gepleşikleri geçirilýär. Türkmenistanyň döwlet metbugatynda bu ýagdaýlaryň hiç biri barada habar berilmeýär. Ýurduň resmi pozisiýasy hem şu çaka çenli beýan edilmedi.
Dört ýyl bäri rus goşunynyň çozuşyna garşy durýan ukrain goşunlary sowukda agyr hüjümlerde öz pozisiýalaryny saklaýarlar, rus goşuny asuda ilatyň gyşky howa şertlerinde energiýa üpjünçiliginden mahrum bolmagyna getirýän köpçülikleýin dron we raketa hüjümlerini her gije amala aşyrýar.
Urşuň başlanmagynyň dördünji ýyl dönüminde Ukrainanyň ýaşaýjylary ýurduň dürli şäherlerinde we etraplarynda wepat bolanlary ýatlaýarlar we olaryň hatyrasyna geçirilýän matam çärelerinde gül goýýarlar we şem ýakýarlar.
Pidalaryň sany barada dürli-dürli maglumatlar bar, ýakynda çap edilen hasabatlarda ölenleriň, ýaralananlaryň we dereksiz ýitenleriň sanynyň 1,2 million rus raýatyna we 500 müň - 600 müň ukrain raýatyna barabardygy görkezildi.
Türkmenistanyň hökümeti Ukrainada 2022-nji ýylyň fewral aýynda başlanan uruş barada resmi pozisiýasyny beýan etmedi. Döwlet metbugatynda Ukrainadaky söweşler bilen bagly hiç hili habar düýpden berilmeýär.
Şol ýylyň dowamynda Türkmenistanyň prezidenti Ukrainanyň prezidentine Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýüzlenipdi, emma weýrançylykly urşy agzamandy. 24-nji awgustda Serdar Berdimuhamedow resmi ýüzlenmesinde Wolodymyr Zelenskä saglyk, ukrain halkyna bolsa, bagt, durnuklylyk we abadançylyk arzuw etdi, ýöne çykyşynda "uruş" we "parahatçylyk" sözlerini agzamady.
Ukrainada güýçli söweşleriň we gandöküşikligiň barýan wagtynda 2022-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda türkmen döwlet metbugatynda Ukrainanyň Türkmenistandaky ilçisi bilen geçirilen söhbetdeşlik çap edildi, emma onda-da uruş agzalmady.
Uruş türkmen resmileri tarapyndan ilkinji gezek resmi taýdan oktýabr aýynyň ortalarynda agzaldy, Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynyň web sahypasynda türkmen raýatlaryna Ukrainany terk etmegi maslahat berýän bildiriş çap edildi. Şonda Ukrainada ýaşaýan, bilim alýan we işleýän türkmen raýatlarynyň müňlerçesiniň ýurdy terk edendigi habar berlipdi.
Urşuň başlanmagyndan bir ýyl geçensoň 2023-nji ýylyň mart aýynda döwlet metbugaty urşy ýene-de agzamazdan, Türkmenistanyň ukrain çagalaryna kömek iberendigini habar berdi.
Türkmen raýatlary söweşe gatnaşýar
Bu aralykda Ukrainadaky söweşlere türkmen raýatlarynyň gatnaşýandygy barada maglumatlar yzygiderli peýda bolýar.
Urşuň başynda ukrain goşunynda söweşýän türkmenler barada käbir maglumatlar peýda bolupdy. Emma soňky ýyllarda rus goşunynyň düzüminde türkmenleriň hakyna tutma esger hökmünde söweşýändigi barada ençeme gezek habar berildi.
Ukrainanyň hökümeti tarapyndan goldanýan “Hoçu-Žit” (“Ýaşamak isleýärin”) derňew taslamasy Türkmenistanyň azyndan 170 raýatynyň rus goşunlarynyň hataryna goşulyp, Ukrainanyň garşysyna söweşýändigini 2025-nji ýylyň maý aýynda habar berdi. Olaryň arasynda öldürilen esgerleriň hem bardygy aýdyldy. Soňra proýektiň awgust aýynda çap eden habarynda, azyndan 122 türkmen raýatynyň Russiýanyň goşunyna hakyna tutulandygy aýdyldy. Taslama hakyky sanyň has ýokary bolmagynyň mümkindigini belleýär.
Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary ýurduň dürli welaýatlaryndan işiň gözleginde Russiýa gidip, Ukrainada uruş alyp barýan rus goşunyna meýletin goşulýan türkmen raýatlarynyň sany artýar diýlip, habar berýärler.
28-nji ýanwarda YouTube-de peýda bolan wideoda ukrain harbylarynyň rus goşunynyň pozisiýasyna dronly hüjüm edip, esgeri ýesir alandygy görkezildi. Şol ýesir düşen adam özüni 1980-nji ýylda doglan türkmen raýaty özüni Maksat Meredow diýip tanyşdyrdy we Russiýa gazanç üçin baryp, 2025-nji ýylyň noýabrynda rus goşunyna goşulmak barada şertnama gol çekendigini wideoda gürrüň berdi.
Ukrainanyň Daşary işler ministrligi ozal rus goşunyna çagyrylan daşary ýurtlulary söweşe gatnaşmazlyga we dörän ilkinji mümkinçilikde ýesir düşmäge we munuň üçin döredilen "Ýaşamak isleýärin" proýektine ýüz tutmaga çagyrdy. Proýektiň awtorlary Türkmenistanyň uly nebit we gaz ätiýaçlyklaryna eýe bolmagyna garamazdan, ýurtdaky pes aýlyk haklarynyň we ýokary işsizligiň ýerli ilaty Russiýa gazanç üçin gitmäge mejbur edýändigini belleýärler.
Türkmenistanyň hökümeti raýatlarynyň Ukrainadaky urşa gatnaşýandygy barada media maglumatlarynda çap bolan habarlar barada resmi teswir bermedi.
Parahatçylyk tagallalary
Çaknyşyk millionlarça ukrainalynyň öýlerinden göçmegine getirdi. Bütindünýä banky Russiýanyň Ukraina garşy doly möçberli urşunyň 5-nji ýylyna gadam basmagynyň öňüsyrasynda ýaýradan maglumatynda ykdysadyýeti dikeltmek üçin on ýylyň dowamynda 588 milliard amerikan dollarynyň zerur boljakdygyny aýtdy.
Ýöne ýurdy dikeltmek üçin urşuň gutarmagy gerek.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň 2025-nji ýylyň ýanwarynda wezipä girişmeginden soň Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygynda başlanan parahatçylyk gepleşiklerinde häzire çenli aýdyň öňe gidişlik bolmady. Şol bir wagtda, ukrain häkimiýetleri şu hepdäniň ahyrynda goşmaça gepleşikleriň geçirilmeginiň mümkindigini mälim etdi.
Geçen hepde geçirilen gepleşikleriň dowamynda ABŞ-nyň baş wekili Stiw Witkoff jikme-jiklikleri mälim etmezden, "ep-esli öňegidişligiň" gazanylandygyny aýtdy we "iki tarapyň hem ... ylalaşyga tarap işlemegi dowam etdirmäge razy bolandygyny" sözüne goşdy.
Birnäçe aýlap dowam eden gepleşiklerden soň, territoriýa meselesi esasy dawalaryň biri bolmagynda galýar. Russiýa Ukrainadan harby taýdan basyp alyp bilmedik gündogar Donbas sebitini bermegi talap edýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum