Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Makron Rus baýdagynyň Pariž Olimpiýa oýunlarynda bolup bilmejekdigini aýdýar


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 6-njy sentýabrda "Russiýanyň uruş jenaýatlaryny edýän döwründe Russiýanyň baýdagy Pariž Olimpiýa oýunlarynda bolup bilmez" diýdi.

Makron bu sözleri Parižde rus türgenleriniň bitarap ýagdaýda bäsleşip biljekdigi ýa däldigi barada berlen soraga jogap berende, “L'Equipe” sport gündelik gazetine aýtdy.

Makron munuň "Olimpiýa dünýäsiniň wyždan karary" boljakdygyna umyt edýändigini aýtdy we oýunlara beýemçilik edýän döwletiň Halkara Olimpiýa komitetiniň (IOK) näme etmelidigini kesgitlemeli däldigini hem sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG