Söhbetdeş bolan mal söwdagärleriniň sözlerine görä, adatça 30 müň manatdan ýokary bahalanýan şeýle mallar syrkaw ýa-da güýçli horlanan ýagdaýda 20-25 müň manada satylýar.
Azatlygyň habarçysy maryly we ahally mal söwdagärleri, şeýle-de Ahalda mal satyn alan bir ýaşaýjy bilen söhbetdeş boldy. Olaryň haýyşyna görä, atlary we şahsyýetlerini tanadyp biljek maglumatlar aýan edilmeýär.
Bu ýagdaýlaryň näçe hojalyga we näçe mala degişlidigi belli däl. Mallaryň horlanmagynyň sebäbini anyklaýan weterinar barlagynyň netijeleri Azatlyga elýeterli däl.
Keseli gizläp satmak baradaky gürrüňler
Maryly mal söwdagäri çöl öri meýdanlarynda bakylýan mallaryň arasynda iýmitden kesilip, gün-günden horlanýanlarynyň bardygyny aýdýar.
“Mallarymyz hiç zat iýenok, gün-günden horlanyp barýar. Arasynda ýere ýykylyp, tutgaý tutýanlary-da bar” diýip, ol gürrüň berdi.
Onuň aýtmagyna görä, käbir mal eýeleri mallarynyň syrkawdygyny aýtmazdan, olary tizden-tiz bazarda satmaga çalyşýarlar.
Ahally mal söwdagäri hem şeýle ýagdaýlaryň bardygyny aýdyp, özüniň we tanyş beýleki söwdagärleriniň horlanan mallaryny satmak üçin, öz sözi bilen aýdylanda, “emele” baş goşýandyklaryny gürrüň berdi.
Ol weterinarlardan keseliň sebäbi we bejergisi barada anyk jogap alyp bilmeýändigini, mallary haram ölüp, zyýana galmazlyk üçin arzan hem bolsa satmaga çalyşýandyklaryny aýtdy.
“Weterinarlardan mallarymyzyň bazarda wagtlaýyn aýak üstünde durup bilmegi üçin, nähili hem bolsa bir sanjym urup bermegini soraýarys. Bu 100-200 manat näresmi tölegiň öwezine edilýär” diýip, ahally söhbetdeşimiz belledi.
Ol bu maksat bilen mallara dürli dermanlaryň we witaminleriň sanjylýandygyny hem aýtdy. Azatlyk mallary wagtlaýyn aýaga galdyrmak üçin şeýle sanjymlaryň edilýändigi baradaky maglumatlary garaşsyz barlap bilmedi.
Alyjylara ýetip biljek zyýan barada soralanda, mallaryň saglyk ýagdaýyny gizläp satmak barada gürrüň beren söhbetdeşler göni jogap bermekden saklandylar.
Ahally mal söwdagäri muny edýän satyjylaryň özlerini tanatmazlyk üçin ýüzlerini örtüp bazara çykýandygyny hem gürrüň berdi.
“Mallarymyzy öz tanyşlarymyza satyp bilemzok. Soň ‘aldap satdyň’ diýip, maly yzyna getirip, puluny sorap bilerler. Şol sebäpli ýüzümizi örtüp, özümizi tanatman bazara eltip satmaly bolýarys” diýip, ol sözüne goşdy.
“Gelinimiň gyzyllaryny satyp mal aldym”
Ahalda mal satyn alan bir ýaşaýjy arzan alan malyny semredip, soň has gymmat satmak isländigini aýdýar. Emma onuň sözlerine görä, malyň ýagdaýy iki günüň içinde ýaramazlaşypdyr.
“Biz maly satyn alan günümiz ýagdaýy gowudy, emma häzir hiç zat iýenok. Ilki ot saýlaýandyr öýdüp, kip ýorunja aldym, ony hem iýmedi. Satyn alanyma iki gün geçdi, indi ýerinden hem galyp bilenok” diýip, ol gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, tanyşlary oňa malyny dessine täzeden satuwa çykaryp, satyn alan nyrhyndan satmagy maslahat beripdirler. Ýöne ýaşaýjy başga bir alyjyny aldamak islemeýändigini aýdýar.
“Gelnimiň gyzyllaryny satyp mal aldym. Haýyr görüp, ony semredip satyp, soň satan gyzyllarymyzy yzyna satyn alarys diýip çakladym. Emma indiki satyn aljak adam hem puly kynlyk bilen tapýar. Mal hasam horlanyp, haram ölmänkä, ony soýmak kararyna geldik” diýip, ol aýtdy.
BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) et barlagy baradaky gollanmasynda kesel alamatlary bolan mallaryň sagdyn mallardan aýry saklanyp, weterinar barlagyndan geçirilmelidigi aýdylýar. Gollanma etiň howpsuzlygyna baha bermek üçin mal soýulmazdan öň hem-de soýlandan soň barlaglaryň zerurdygyny belleýär.
Gözegçilik we maglumat almak
Azatlyk bu ýagdaýlar barada Ahal we Mary welaýatlarynyň häkimlikleri bilen habarlaşmaga synanyşdy, ýöne teswir alyp bilmedi. Degişli saglyk we gözegçilik edaralaryndan hem bu ýagdaý barada düşündiriş almak başartmady.
Türkmenistanyň “Weterinariýa işi hakynda” kanuny haýwanlaryň kesellerini anyklamak üçin barlag geçirmegi we maldarçylyk önümlerine döwlet gözegçiligini guramagy weterinariýa gullugynyň wezipeleriniň hatarynda görkezýär. Kanuna görä, mal eýeleri ýokanç kesel güman edilende ýerli weterinariýa edarasyna haýal etmän habar bermäge borçly. Olar geçirilen ýörite barlaglaryň netijeleri barada maglumat almaga we weterinarlaryň kanuna laýyk gelmeýän hereketlerinden şikaýat etmäge hem hakly.
Hassa mallaryň satylmagy baradaky maglumatlar öň hem bolupdy. Azatlyk 2025-nji ýylda Ahalda mallaryň kesellemegi we ölmegi, eýeleriniň bolsa diri galan syrkaw mallary satmaga çalyşýandygy barada habar beripdi. Şonda hassa mallaryň soýlup, etiniň arzan bahadan satylýandygy hem aýdylypdy. Geçen ýylky ýagdaýlar bilen häzirki şikaýatlaryň şol bir keselden gelip çykýandygy barada maglumat ýok.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum