Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marko Rubio Türkmenistanyň halkyny Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy bilen gutlady

ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio
ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio

ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio Türkmenistanyň halkyny ýurduň garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bilen gutlap, Waşingtonyň Aşgabat bilen ykdysady we energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmek ugrunda tagalla edýändigini aýtdy.

27-nji sentýabrda ýaýradan beýanatynda Rubio ABŞ-nyň Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny goldaýandygyny we onuň Merkezi Aziýada parahatçylyga hem-de abadançylyga ygrarlylygyna ýokary baha berýändigini belledi.

Döwlet sekretarynyň sözlerine görä, ABŞ Türkmenistan bilen söwda, maýa goýum, energetika howpsuzlygy we ulag ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda iş alyp barýar. Munuň çäginde sebitdäki energiýa üpjünçilik ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak we berkitmek mümkinçiliklerine aýratyn üns berýär.

"Biz Türkmenistanyň C5+1 çäginde emeli aň we sanlylaşdyrmak boýunça öňdebaryjy ornuna ýokary baha berýäris" diýip, Rubio belledi.

Ol ABŞ-nyň Merkezi Aziýadaky hyzmatdaşlary bilen sebitiň howpsuzlygyny we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda bilelikde tagalla edýändigini hem aýtdy.

C5+1 ABŞ-ny we Merkezi Aziýanyň bäş ýurduny — Gazagystany, Gyrgyzystany, Täjigistany, Türkmenistany hem-de Özbegistany birleşdirýän diplomatik hyzmatdaşlyk formatydyr.

Forum

​
XS
SM
MD
LG