Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda azyk harytlary 50% gymmatlady


Ýerli ýaşaýjylar gymmatlamanyň pes girdejili, hususan-da, pensiýanyň ýa-da çagasynyň kömek pulunyň hasabyna gün görýän hojalyklary has-da agyr güne salýandygyny aýdýarlar. (Illýustrasiýa suraty)
Ýerli ýaşaýjylar gymmatlamanyň pes girdejili, hususan-da, pensiýanyň ýa-da çagasynyň kömek pulunyň hasabyna gün görýän hojalyklary has-da agyr güne salýandygyny aýdýarlar. (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda musulmanlaryň mukaddes hasaplaýan Remezan aýynda azyk harytlarynyň bahalarynyň gymmatlamagy dowam edýär. Ýurtda nyrhlaryň ýokarlanmagy bilen bagly nobatdaky maglumat Mary welaýatyndan gelip gowşup, sebitiň bazarlarynda köp önümiň bahasy 50% gymmatlady.

“Daşary ýurtlarda uly baýramçylyklarda azyk we senagatlarynda arzanlaşyk yglan edilse, Türkmenistanda uly gymmatlaşyk başlaýar. Remezan aýynyň başlanmagy bilen, harytlaryň bahasy ýene onlarça göterim ýokarlandy” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 14-nji martda sebitden maglumat berdi.

Habarçymyz sebitiň bazarlaryndaky käbir azyk harytlarynyň geçen hepdedäki we häzirki bahalary barada hem gürrüň berdi:

  • 1 kg 48 manatdan satylan sygyr eti 55-60 manada,
  • 1 kg 15-30 manatdan satylan tüwi 20-40 manada,
  • 1 litri 20 manatdan satylan pagta ýagy 22 manada,
  • 1 litri 18-20 manatdan satylan günebakar ýagy 20-25 manada,
  • 1 kg 10 manatdan satylan hyýar 15 manada,
  • 1 kg 15 manatdan satylan pomidor 18-20 manada,
  • 1 kg 16-18 manatdan satylan şeker 18-20 manada,
  • 1 kg 8-12 manatdan satylan un 12-15 manada,
  • 1 kg 5 manatdan satylan sogan 6-7 manada,
  • 1 kg 6 manatdan satylan ýeralma 8 manada,
  • 1 kg 5 manatdan satylan käşir 6-7 manada.
  • 1 kg 18 manatdan satylan greçka 25 manada gymmatlady.

Gymmatlamany diňe gök-bakja önümlerinde däl, eýse süýji-köke harytlarynda hem synlasa bolýar. Bir kilogramy 20 manat bahalanan ýerli süýjüler häzir 30 manatdan satylýar.

“Süýji-kökeleriň hiline görä, olaryň her bir kilogramynyň bahasy 5-10 manat gymmatlady. Iň pes hilli kökeleriň bir kilogramy öň 15-20 manat bahalanýardy, indi 20-25 manatdan satylýar” diýip, ýagdaýlardan habarly maryly alyjy belledi.

Azyk harytlarynyň bahalarynyň ýokarlanmagynyň sebäpleri barada ne telekeçiler, ne bazar administrasiýalary, ne-de ýerli häkimiýetler tarapyndan aç-açan düşündiriş berilýär.

Azatlygyň bu barada sebitiň söwda edarasyndan telefon arkaly teswir almak synanyşyklary hem oňyn netije bermedi.

Ýerli ýaşaýjylaryň ençemesiniň anonim şertde habarçymyza aýtmagyna görä, bahalaryň ýokarlanmagy býujetden aýlyk alýan maşgalalaryň güzeran eklenjini barha kynlaşdyrýar.

Ýöne olar gymmatlamanyň pes girdejili, hususan-da, diňe pensiýanyň ýa-da çagasynyň kömek pulunyň hasabyna gün görýän hojalyklary has-da agyr güne salýandygyny aýdýarlar.

“Häzir öýlerinde iýmäge çöregi bolmadyk hojalyklar agzaçarlar baryp, garynlaryny doýurýarlar. Soňky ýyllarda agzaçar edýän adamlar azaldy. Geňeşliklerde diňe gurply hojalyklar agzaçar edýärler. Olar diňe agzyny bekleýänleri däl, eýsem agzyny beklemeýän goňşularyny, garyndaşlaryny hem çagyryp, çörek iýmäge geliň diýýärler” diýip, habarçymyz belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň bazarlarynda we söwda nokatlarynda bahalary hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny mundan bir aý çemesi ozal nygtady.

Muňa garamazdan, ýurtda bellenilýän beýleki uly baýramçylyklarda bolşy ýaly, Remezan aýynyň başlanmagy bilen, azyk harytlarynyň gymmatlamagy dowam edýär.

Şu hepdäniň başynda azyk harytlarynyň bahasynyň Aşgabatda 50%-e çenli, Türkmenbaşydaky 200%-e çenli gymmatlandygy mälim boldy.

Türkmenistanyň berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri gymmatlamalar barada kelam agyz söz aýtmaýar.

Bu ýyl Türkmenistanda 11-nji martyň säheri bilen başlan Remezan aýy 9-njy aprel gijesine çenli dowam edýär. 10-njy aprelde bolsa Oraza baýramy belleniler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG