Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda gadagan edilen täze ýyl çärelerini çagalar üçin çäkli geçirmäge mümkinçilik berildi


Täze ýyl bezegi. Türkmenistan (Arhiwden surat)
Täze ýyl bezegi. Türkmenistan (Arhiwden surat)

Täze ýyldan öňki dartgynlyk ýurtda dowam edýär. Käbir sebitlerde çagalar üçin Täze ýyl oturylyşyklary düýpden ýatyrylan bolsa, beýlekilerde ýene rugsat berlipdir. Maryda bolsa, häkimiýetler çagalar üçin baýramçylygy gadagan etseler-de, çäreleri çäkli görnüşde geçirmäge ýol berdiler. Azatlyk Radiosynyň ýeri habarçylary soňky ýagdaýlary gürrüň berýär.

Maryda hem goňşy Lebap welaýatynda bolşy ýaly, mekdeplerde we çagalar baglarynda arçaly dabaralar we ene-atalaryň gatnaşmagynda çaý işmek oturylyşyklary gadagan edildi. Şeýle-de bolsa, bu ýerde çagalar üçin belli bir eglişikler edildi.

Käbir çagalar baglarynda has uly ýaşly toparlara Täze ýyl baýramçylygynda çykyş etmäge rugsat berildi. Häkimiýetleriň rugsady bilen çagalara arçanyň ýanynda durup goşgy okamaga we sowgat almaga rugsat berilýär, emma soň bezegli arça dessine aýrylýar. Bu barada 26-njy dekabrda Marydaky habarçy gürrüň berdi.

Beýleki şäherlerde bolşy ýaly, Maryda hem okuw jaýlarynda we çagalar baglarynda Täze ýyl arçalaryny bezemek gadagan edildi. Dekabryň başynda dikilen täze ýyl arçalary we bezegler aýyň ortalarynda ähli ýerde ýok edilenden soň, bu şäherde diňe az sanly arça galdy, şol sanda merkezi konsert zaly - Ak öýüň gapdalynda.

Şäherde diňe merkezi köçeler baýramçylyk yşyklary bilen bezegli dur, beýleki ýerlerde täze ýyla taýýarlyk göze ilmeýär.

Şäher ýaşaýjylary häzir baýramçylyk atmosferasyny duýmaýandyklaryny aýdyp, geçen ýyl bilen deňeşdirýärler.

"Geçen ýyl her dükanyň öňünde bezelen arça agajyny görüp bolýardy. Bu ýyl bolsa, býujet işgärlerinden bezeg üçin ýygnalan pullaryň nirä gidenligi belli däl. Şäher asla bezelenok. Hatda Ak öýüň golaýyndaky arça agajynyň ýanyna 27-nji dekabrdan başlap hiç kim baryp bilmez, sebäbi ol ýerde diňe telewizor üçin sýomka ediler. Bu ýagdaý 31-nji dekabrda hem gaýtalanar. Adamlar tutuş ýylyň dowamyndaky ýeke-täk kadaly baýramçylygyndan mahrum edildi" - diýip, Marynyň ýaşaýjysy adyny efirde agzamazlyk şerti bilen gürrüň berdi.

Türkmenistanda ozalky ýyllardan bäri dowam edýän däbe görä, baýramçylyk bezegleri üçin ilatdan pul ýygnalýar. Bu şu ýyl hem edil şeýle boldy. Arça agaçlarynyň we baýramçylyk bezegleriniň köpçülikleýin ýok edilmegine garamazdan, ilatdan pul ýygnaldy. Ýaňy-ýakynda ýerli döwlet kärhanalarynyň işgärleri öz zähmet haklaryndan täze ýyl bezegleri üçin pul tutulandygyny aýlyk gelensoň bilip galdylar.

Türkmenistanda Täze ýyl üçin bezegli arçalaryň şu ýylky gadagançylygynyň sebäpleri barada resmi düşündiriş bolmady.

Çagalar üçin täze ýyl oturylyşyklaryň gadaganlygy Lebap welaýatynda hem saklanýar. Emma paýtagtda çagalar üçin baýramçylygy bellemäge mümkinçilik berlene meňzeýär.

"Türkmenistanyň Hronikasy" garaşsyz neşirine görä, bir hepde öň Aşgabatdaky çagalar baglarynda we mekdeplerinde ene-atalara baýramçylyk çäreleriniň ýatyrylandygy aýdylan hem bolsa, 22-nji dekabrda Aşgabatdaky mekdeplere we çagalar baglaryna şol çäreleri guramak we geçirmek barada gyssagly buýruk berlipdir. Olar 25-28-nji dekabr aralygynda geçirler diýip, neşir ýazýar.

Maglumatda geçen dynç günlerinde mugallymlaryň we terbiýeçileriň çagalaryň ene-atalaryna jaň edip, hatda sowgatlary hem özleriniň taýýarlajagyny aýdypdyr. Mekdepleriň we çagalar baglarynyň toý zallarynda gyssagly emeli täze ýyl agaçlary oturdylypdyr.

Paýtagtda pirotehniki serişdeleri we sesli petardalary ulanmagy gadaganlygy barada ýazmaça duýduryş. Bu kagyz ýaşaýjylara gowşurylýar we gol çekdirilýar. Aşgabat. Dekabr, 2023.
Paýtagtda pirotehniki serişdeleri we sesli petardalary ulanmagy gadaganlygy barada ýazmaça duýduryş. Bu kagyz ýaşaýjylara gowşurylýar we gol çekdirilýar. Aşgabat. Dekabr, 2023.

Bu aralykda, ýurtda ýangyn howpsuzlygyny berjaý etmek we ilata jogapkärçilik barada habar bermek üçin görlüp-eşidilmedik çäreler görülýär. Paýtagtda ýazmaça duýduryşlar ýaşaýjylaryň öýlerine eltilip, gol çekdirilip gowşurylýar. SMS arkaly hem habarlar iberilýär.

Türkmenabatda Täze ýyl baýramçylygyň golaýlamagy bilen ýerli polisiýa we ýangyn söndürijiler ýokary hüşgärlik derejesine getirildi. Kafeleriň, barlaryň, restoranlaryň we alkogol satýan dükanlaryň eýelerine baýramçylyk günleri 21:00-da ýapylmalydygy duýduryldy. Bu aralykda, Lebabyň ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleri öýme-öý aýlanyp, ýaşaýjylara howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek barada ýazmaça duýduryş paýladylar.

Şol bir wagtyň özünde-de, şu ýyl Täze ýyl agaçlaryna garşy alnyp barylýan kampaniýa, häkimiýetleriň ýurduň esasy arça agajynyň beýikligi boýunça geçen ýylky öz rekordyndan geçmek niýetine päsgel bermedi. Türkmen metbugatynyň Aşgabat häkimligine salgylanyp habar bermegine görä, şu ýyl "Älem" medeni we güýmenje merkeziniň meýdançasyndaky Täze ýyl agajy 44 metr beýiklikde bolar. Geçen ýyl türkmen paýtagtyndaky baş arçanyň beýikligi 43 metrdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG