Türkmenistanyň iň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň biriniň Mary welaýatyna sapara gelmegine garaşylýar diýip, Azatlygyň sebitdäki habarçysy 7-nji aprelde habar berdi. Sebit ýaşaýjylary ýolbaşçylaryň öňünden taýýarlanan adamlar bilen gürleşip gitmän, ýönekeý adamlaryň halyndan habar alsalar, has uly abraý aljakdygyny belleýärler.
Adatça bolşy ýaly, sebite ýokary derejeli ýolbaşçynyň geljegini arassaçylyk işleriniň doly güýjünde alnyp barylmagyndan hem görse bolýar, hususan-da Mary aeroportunyň ýanyndaky potrat ýerlerine edilýän ideg işleri, zeýkanallary gazmak çäreleri güýçlendirildi, hatda uçar menziliniň golaýyndaky gonamçylykda hem arassaçylyk işler geçirilýär diýip, habarçy ýazdy.
Bu habar prezident Serdar Berdimuhamedowyň nobatdaky iş maslahatyny geçirip, häkimleriň, şol sanda Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewiň hasabatyny diňlän gününiň yz ýanyna gabat geldi. Ýöne TDH prezidentiň bu sebite sapar etmek ähtimallygy barada hiç zat aýtmady.
'Ýollar ýuwulýar, üçekler reňklenýär'
Mary şäherindäki arassaçylyk işleriniň çäginde merkezi köçeleriň we howa menziline barýan gara ýoluň abatlaýyş işleri aýratyn orun tutýar: bardýurlar sökülip, täzeden goýulýar, köp gatly jaýlaryň uçardan görünjek üçekleri täzeden ýaşyl reňk bilen reňklenýär diýip, habarçy Türkmenistanda ýokary derejeli saparlaryň öňünden görülýän taýýarlygyň tejribä görä, ‘üýtgewsiz gaýtalanýandygyny’, ýaşaýjylaryň bu zatlara belet bolandygyny we ýaňsyly ýylgyrýandygyny ýazdy.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen synçy bu hili saparlaryň sebit ilatynyň durmuş, ýaşaýyş şertlerine, iş orunlarynyň köpelmegine täsir etmän, nobatdaky propaganda habary bolup galýandygyny öňe sürdi.
Habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy şäherde ýagan güýçli ýagynyň guran otlaryň ýaşyl boýagyny dökendigini, muňa adamlaryň gülýändigini gürrüň berdi:
“Jemagat hojalygy işgärleri aeroporta barýan ýoly günde diýen ýaly ýuwýarlar. Olar ir sagat 7- den agşam sagat 19:00-a çenli arassaçylyk işleri bilen meşgul. Şäher köçelerinde guran baglar aýrylyp, täze baglar ekilýär. Guran gazonlary ýaşyl boýag bilen boýadylar, ýöne welaýatda güýçli ýagyş ýagyp, ýalançylygy paş etdi.”
Ýokary derejeli resminiň saparyna görülýän taýýarlyk diňe sebit emeldarlarynyň, kanun goraýjylaryň, jemagat hojalygy işgärleriniň iş sagatlaryndan has artyk işledilmegine däl, eýsem, býujet edaralarynyň işgärleriniň artykmaç çykdajy çykarmagyna hem alyp gelýär.
“Şäheriň abatlaýyş işlerine býujet edaralarynyň işgärlerinden 30 manat möçberinde pul çöplendi. Berdimuhamedowlaryň haýsysynyň geljegi belli däl. Ýöne olaryň biriniň 10-njy aprelden soň sapar etmegine garaşylýar” diýip, bir hünärmen aýtdy.
'Prezident halk halyny sorasa, abraý alardy'
Prezidentiň 6-njy aprelde geçiren iş maslahatynda Annaberdiýew şu ýyl Maryda açylmaly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada-da hasabat berdi.
Bu sebit, Hytaýa iberilýän gazyň möçberleriniň artdyryljakdygy baradaky habarlaryň arasynda, ýurt ykdysadyýetiniň esasy diregleriniň biri bolup görünýär.
Habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen hünärmen Ýolöten etrabynda, Galkynyş gaz käninde ýene bir zawodyň gurluşygyna başlanandygyny, Mary-Lebap awtobanynyň dabaraly açylyp, ulanmaga berilmegine garaşylýandygyny aýtdy.
“Ýolöten etrabynda hem arassaçylyk işleri geçirilýär. ýerli häkimiýetler Ýolöten etrabynyň ýaşaýjylary barada doly diýen ýaly maglumat topladylar. Adamlaryň sanawy, maglumat toplanmagy howpsuzlyk aladalary bilen düşündirilýär” diýip, ýerli hünärmen aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, Ýolöten etrabyna edilmegi mümkin sapardan üç gün öň we sapar wagtynda daşarda, meýdanda ot ýakmak gadagan edildi.
Ýerli synçylar sebit ýaşaýjylarynyň ýerlere sapar edýän ýolbaşçylaryň ilatyň hal-ýagdaýy, iş, gazanç mümkinçilikleri bilen gyzyklanmagyny isleýändigini, onlarça ýyl bäri ýat tutulan sözleri tekrarlaýan adamlar bilen duşuşman, prezident ýönekeý adamlar bilen duşuşsa, has gowy görüljekdigini aýdýarlar.
Azatlyk garaşylýan sapar barada resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum