Mary welaýatynda mekdepleriň ýokary synplarynda okaýan gyzlary ginekologiýa barlagyndan geçirmek işleri başlandy. Azatlygyň sebitdäki habarçysynyň maglumatyna görä, barlaglar duýdansyz geçirilýär, ene-atalara öňünden habar berilmeýär. Jynsy gatnaşykda bolandygy öýdülýän gyzlardan goşmaça analizleri, şol sanda AIW (HIV) ýokanjyny anyklaýan testi tabşyrmak hem talap edilýär.
Howpsuzlyk aladalary sebäpli maglumatlarda agzalýan mekdepleriň ýerleşýän anyk ýerleri, okuwçylaryň, mugallymlaryň we beýleki adamlaryň atlary aýan edilmeýär.
Sebitdäki ençeme mekdebiň mugallymlary bilen söhbetdeş bolup maglumat toplan habarçynyň aýtmagyna görä, 16-18 ýaşyndaky okuwçy gyzlar öň hem mekdeplerde ginekologiýa barlaglaryndan geçirilýärdi. Häzirki barlaglar hem okuwçylardan we ene-atalardan öňünden razylyk soralmazdan başlanýar.
Barlagdan ýüz öwürýän gyzlaryň ene-atalary bolsa mekdebe çagyrylýar. Olaryň razylygy alnandan soň gyzlar barlagdan geçirilýär. Habarçy bu barlaglary mejbury diýip häsiýetlendirýär.
Maglumata görä, barlaglardan soň jynsy gatnaşykda bolandygy öýdülýän gyzlaryň ene-atalary bilen aýry-aýrylykda gürrüň geçirilýär we goşmaça lukmançylyk barlaglaryndan geçmek talap edilýär.
Häzirlikçe diňe gyzlar barlanýar. Habarçynyň ýetirmegine görä, mugallymlaryň arasynda gyzlarda AIW ýüze çykan halatynda okuwçy oglanlaryň hem barlanmagy, şeýle-de gyzlardan kim bilen gatnaşykda bolandygy barada soralmagy mümkin diýen gürrüňler bar.
Barlaglaryň haýsy görkezmäniň esasynda geçirilýändigi we näçe mekdebi gurşap alýandygy häzirlikçe anyk däl.
Okuwçy gyzlaryň ginekologiýa barlaglary Türkmenistanda öň hem geçirilipdi. Azatlyk 2024-nji ýylyň aprelinde Maryda käbir ene-atalardan gyzlarynyň “ahlak päkligi” diýlip atlandyrylýan barlagyna gatnaşmagyň talap edilendigini habar beripdi. Şonda ene-atalaryň aýtmagyna görä, bilim wekilleri bu barlaglaryň maksadyny okuwçylaryň jynsy gatnaşykda bolandygyny ýa-da bolmandygyny anyklamak bilen düşündiripdiler.
BSGG duýdurýar
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) düşündirişine görä, “gyzlyk” lukmançylyk ýa-da ylmy düşünje däl. Gyzlyk perdesiniň görnüşine seredip, gyzyň ýa-da zenanyň ozal jynsy gatnaşykda bolandygyny kesgitlemek mümkin däl. Gurama şeýle maksatly barlaglaryň ylmy esasynyň ýokdugyny we olaryň fiziki hem-de psihologik zyýan ýetirip biljekdigini aýdýar. BSGG, BMG-niň Adam hukuklary boýunça edarasy we “BMG-Zenanlar” guramasy bu tejribäni bes etmäge çagyrýar.
AIW testleri bolsa ýokanjy anyklamak we zerur bejergä elýeterliligi üpjün etmek üçin geçirilýär. BSGG-niň görkezmelerine görä, bu barlaglar razylyk, gizlinlik, maslahat berilmegi, netijeleriň dogrulygy hem-de zerur öňüni alyş we bejeriş hyzmatlaryna ugrukdyrmak ýörelgelerine esaslanmaly.
Sebitden gelen maglumatlarda okuwçy gyzlaryň özlerinden ep-esli uly ýaşly erkekler bilen gatnaşyklary barada hem aladalar beýan edilýär. Habarçy ýetginjekleriň göwreli bolmagy we öýlenen erkekler bilen ýaşap başlamagy baradaky gürrüňleri ýetirýär.
Anonimlik şertinde gürrüň beren bir zenan ýoldaşynyň 17 ýaşly okuwçy gyz bilen gatnaşyk saklaýandygyny bilenden soň maşgalasynda dawa dörändigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, ýoldaşy ony çagalary bilen öýden çykarypdyr we şol gyz bilen ýaşap başlapdyr.
“Men atamlar öýüne gaýtdym. Ýakynda aýrylyşmak üçin arzany tabşyrjak” diýip, ol aýtdy.
Azatlygyň söhbetdeşleri agyr gün-güzeran şertleriniň we işsizligiň arasynda käbir okuwçy gyzlaryň pul gazanmak üçin jynsy gatnaşyklara mejbur bolýandyklaryny hem aýdýarlar. Bu aýdylanlary ýa-da ykdysady kynçylyklaryň agzalýan ýagdaýlara täsirini tassyklaýan garaşsyz maglumatlar elýeterli däl.
Ýerli ýaşaýjylaryň arasynda ýetginjekleriň meselelerini ene-atalaryň gazanç üçin daşary ýurtlara gitmegi we çagalarynyň garyndaşlarynyň garamagynda galmagy bilen düşündirýänler hem bar.
Mugallymlar "hormatsyzlykdan" zeýrenýär
Bu aralykda, habarçynyň maglumatyna görä, mugallymlaryň arasynda ýokary synp okuwçylary bilen gatnaşyklaryň ýaramazlaşýandygyndan nägilelik bar. Olar okuwçylaryň käbiriniň mugallymlar bilen dikleşýändigini, sögünýändigini we käte ýakalaşmaga çenli baryp ýetýändigini aýdýarlar.
“Esasan hem 11–12-nji synp okuwçylary mugallymlary diňlemeýärler, sapak wagty deň durup dawalaşyp bilýärler” diýip, maryly bir bilim işgäri aýtdy. “Ýyl geçdigiçe okuwçylaryň mugallymlara sylag-hormaty gaçýar”.
Ol muny mekdeplerdäki parahorlyk we okuwçylara deň garalmazlygy, şol sanda barly maşgalalardan bolan çagalaryň ileri tutulmagy bilen baglanyşdyrýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum