Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryly aýal-gyzlarda onkologiýa barlaglary geçirilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Balkan welaýatyndan soň, Mary welaýatynyň aýal-gyzlarynda hem medisina barlagy geçirilýär. 18 ýaşy dolduran aýal-gyzlaryň ählisinde geçirilýän mejbury barlaglarda onkologiýa kesellerini anyklamak boýunça derňewler geçirilýär.

“Aýal-gyzlardan mazok tabşyrmak talap edilýär. Kähalatlarda olara gan tabşyrmaly hem diýilýär. Uçdantutma medisina barlaglary welaýat onkologiýa hassahanasyndan ugradylan lukmanlar tarapyndan geçirilýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň bu ýagdaýlary içgin öwrenen habarçysy 31-nji iýulda sebitden maglumat berdi.

Tomsuň başyndan bäri tapgyrlaýyn esasda geçirilýän barlaglarda ýan ýoldaşlary daşary ýurtlarda işleýän zenanlara öňürtilik berilýär.

“Işleýän aýal-gyzlara edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary özlerine degişli bolan saglyk öýüne barmagy maslahat berýärler. Öý hojalykçy aýal-gyzlara hem jaň edilýär ýa-da öýlere aýlanyp, olardan saglyk öýlerine barlaga barmak talap edilýär” diýip, habarçymyz aýtdy.

Ýerli lukmanlar barlaglaryň geçirilmegine ýurtda aýal-gyzlaryň arasynda onkologiýa keseliniň dürli görnüşleriniň köpelmeginiň sebäp bolýandygyny aýdýarlar.

“Esasanam soňky iki ýylyň dowamynda onkologiýa keselleri bilen keselleýän raýatlar köpeldi. Olaryň aglabasy aýal-gyzlar bolup, hususan-da göwüsde mäz gatama, ýatgyda kista we rak ýaly keseller köpelýär” diýip, maryly lukman habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk barlaglar barada welaýatyň saglyk bölüminden we ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden kommentariýa alyp bilmedi.

Ýöne bu habar, balkanly aýal-gyzlarda uçdantutma medisina barlaglarynyň geçirilýändigi baradaky maglumatyň yz ýanyna gabat geldi. 20-nji iýulda ýurduň günbatar welaýatyndaky ýerli lukmanlar hökümet meýilnamasyna salgylanyp, barlaglaryň geçirilmegine Türkmenistanda aýal-gyzlaryň arasynda onkologiýa keseliniň ähli görnüşleriniň aşa köpelmeginiň sebäp bolýandygyny aýdypdylar.

Bu habardan soň, 25-nji iýulda Balkanyň Türkmenbaşy şäherinde Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri, şäher häkimliginiň resmileri we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri býujet işgärleri bilen ýygnaklary geçirdiler.

Ýygnakda çykyş eden Milli howpsuzlyk ministrliginiň bir işgäri ýaňy-ýakynda Azatlykda Balkanyň saglyk pudagy bilen bagly çap edilen bir habary tribunada býujet işgärlerine okap berip, öz çykyşynda saglyk işgärlerini ýazgardy we olary tankydy maglumatlary “syzyp çykarmakda” aýyplady.

Barlaglar barada ýurduň media serişdelerinde maglumat göze ilmeýär. Ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň resmi websaýtynda aýal-gyzlaryň arasynda onkologiýa keseliniň derejesi baradaky statistika halka elýeterli bolan maglumatlaryň hatarynda görünmeýär.

Ýöne Azatlyk ýurduň onkologiýa keselleri hassahanalarynyň we lukmanlarynyň talaba laýyk bejergi berip bilmeýändigi, şeýle-de bu keselden ölýänleriň köpdügi barada ençeme gezek habar berdi.

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (UNDP) resmi websaýtynyň Türkmenistan bölüminde berilýän maglumata görä, süýt mäzleriň rak keseli, Türkmenistanda aýal-gyzlarda ýüze çykarylýan onkologiýa keselleriniň ähli görnüşleriniň arasynda birinji ýerde durýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG