Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň häkimiýetleri ýowar geçirip, howpsuzlygy güýçlendirip, prezidentiň saparyna taýýarlanýar


Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri arassaçylyk işlerini geçirýärler. (Illýustrasiýa suraty)
Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri arassaçylyk işlerini geçirýärler. (Illýustrasiýa suraty)

Mary şäherinde we onuň töwereginde giň gerimli arassaçylyk we abatlaýyş işleri geçirilýär. Köçelerde polisiýa we raýat eşigindäki howpsuzlyk işgärleriniň sany göz-görtele köpelip, raýatlara gözegçilik artýar.

Bu çäreleriň sebäpleri barada resmiler tarapyndan aç-açan düşündiriş berilmeýär. Ýöne maryly býujet işgärleriniň ençemesi bularyň prezidentiň sebite etmegine garaşylýan sapary bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň bu ýagdaýlar barada sebitden maglumat berýän habarçysy şu günlerde Marynyň merkezi köçeleriniň arassalanyp, yşyklandyryş çyralarynyň çalşylýandygyny belleýär.

“Guran baglar çapylyp aýrylýar, köçeler ýuwulýar. Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri soňky günlerde dyngysyz ýagýan ýagşyň suwlaryny el bilen arassalaýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly şäher ýaşaýjysy anonim şertde 16-njy aprelde gürrüň berdi.

Şeýle-de, Marynyň merkezi köçeleriniň ugrundaky binalaryň üçekleri we diwarlary hem reňklenýär. Emma welaýatda gündelik ýagýan ygallar bulardaky täze reňkiň akyp gitmegine sebäp bolýar.

“Sebäbi diwarlar ak hek bilen reňklenýär. Üçekler hem iň pes hilli kraska bilen reňklenýär” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli ýaşaýjy anonim şertde aýtdy.

Soňky günlerde köçelerde polisiýa we raýat eşigindäki howpsuzlyk işgärleriniň sany hem göz-görtele köpeldi. Habarçymyz prezidentiň rezidensiýasynyň ýanynda her iki ädimden polisiýa işgärleriniň birnäçesiniň durandygyny aýdýar.

“Polisiýa işgärleri köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň aralarynda gizlenip durup, serhoş, nas atýan we çilim çekýän raýatlary gözleýärler. Olar saklanan adamlary polisiýa bölümine alyp gidýärler” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Ýaşaýjylaryň ençemesi öňler polisiýa işgärleriniň saklanan adamlardan duran ýerinde para sorap alandygyny, ýöne häzir polisiýa bölümine gidip, “şol ýerde düşünişmeli” diýip aýdýandygyny belleýär.

“Munuň sebäbi häzir welaýatda Aşgabatdan, ministrliklerden gelen barlagçylaryň bolmagy bilen baglanyşykly. Polisiýa işgärleri tussag edilenlere 300 manat jerime ýazmak bilen haýbat atýarlar ýa-da 100 manat özlerine bermegi soraýarlar. Polisiýa bölümine eltilen adamlaryň sany juda köp” diýip, ýakynda polisiýa bölümine eltilen maryly ýaşaýjy anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Marynyň polisiýasy gije sagat 9:30-dan soňra ilatyň köçelerde we seýilgählerde gezelenç etmegini hem çäklendirýär. Arassa howada dynç alýan raýatlardan öýlerine gitmek talap edilýär.

“Hatda Mary – Aşgabat, Mary – Lebap aralygyna gatnap, hususy ulagynda kireý edýän taksi sürüjileri hem Marynyň wokzalynyň golaýyndaky awtoduralgadan kowulýar.

Bu çäreleriň sebäpleri barada resmiler tarapyndan aç-açan düşündiriş berilmeýär. Ýöne maryly býujet işgärleriniň ençemesi bu çäreleriň prezident Serdar Berdimuhamedowyň sebite etmegine garaşylýan sapary bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.

“S.Berdimuhamedowyň 17-20-nji aprel aralygynda welaýata sapar edip, awtobanyň we käbir elitka jaýlaryň açylyşyna gatnaşmagyna garaşylýandygy aýdylýar. Prezidentiň welaýatda anyk haýsy marşrutlar bilen ýörejekdigi aýdylmaýar” diýip, maryly býujet işgäri anonim şertde aýtdy.

Bu aralykda, habarçymyz Mary – Aşgabat gara ýolunyň 30 kilometrne çenli bölegindäki köçelerde giň gerimli arassaçylyk işleriniň geçirilýändigini hem habar berýär.

“Mary – Şatlyk ýoluna tutuşlygyna asfalt düşeýärler. Bu we arassaçylyk işlerine içeri işler ministrligine degişli edaralaryň işgärleri, şol sanda polisiýa gözegçilik edip, bu ýerde serhoş wagty saklanan raýatlar hem işledilýär” diýip, habarçymyz maldarlardan we çopanlardan düýe, sygyr, goýun we geçi ýaly mal-garalaryny uly ýoldan 10 kilometr uzakda bakmagyň talap edilýändigini hem aýtdy.

29-njy martda geçirilen hökümet mejlisinde aprel aýynyň dowamynda Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary böleginiň açylmagyna garaşylýandygy mälim edildi. Döwlet mediasy ýanwar aýynda awtobanyň degişli böleginde gurluşyk işleriniň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny habar berdi.

Häkimiýetler we resmi metbugat ýurt ýolbaşçylarynyň welaýatlara edýän saparlary barada öňünden habar bermeýärler. Şol sebäpli saparyň amala aşjakdygy ýa-da aşmajakdygy soňky pursada çenli nämälim bolup galýar.

Adatça Türkmenistanda döwlet ýolbaşçylarynyň sebitlere amala aşyrýan saparlarynyň öňüsyrasynda arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri ýaýbaňlandyrylýar.

Azatlygyň Marydaky bu çäreler barada welaýat häkimliginden we Polisiýa müdirliginden telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG