Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Meredow Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty bilen duşuşdy


Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow (sagda) we ÝB-niň daşary syýasat boýunça başlygy Josep Borell
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow (sagda) we ÝB-niň daşary syýasat boýunça başlygy Josep Borell

19-njy martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasaýat boýunça başlygy Jozep Borrell bilen duşuşdy. Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 17-19-njy martda iş sapary bilen Brýusselde boldy.

Meredowyň ýewropaly resmi bilen duşuşyk pursatlaryndan suratlar, Ýewropa Geňeşiniň websaýtynda çap boldy, emma maslahatda gürrüň edilen meseleler aýdyňlaşdyrylmady. Bu duşuşyk barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň websaýtynda we habar serişdelerinde hem maglumat berilmeýär.

Synçylar türkmen hökümetiniň Ýewropa sebitine gaz ibermek mümkinçiliklerine çynlakaý çemeleşip başlandygyny hem-de soňky döwür munuň bilen bagly daşary ýurtlarda, şol sanda Ýewropada we Türkiýede geçirilen duşuşyklarda Türkmenistanyň tebigy gaz eksportlaryny Günbatar ugry boýunça giňeltmek meseleleriniň üns merkezine çekilýändigini aýdýarlar.

Russiýanyň Ukrainadaky urşunyň fonunda Ýewropa Bileleşigi özüniň rus gazyna bolan garaşlylygyny azaltmaga synanyşýar we täze energetika çeşmelerine gyzyklanma bildirýär.

Türkmenistan tebigy gaz gorlarynyň göwrümi boýunça dünýäde dördünji orunda durýar, ýöne häzirki wagtda eksporta degişli türkmen gazynyň agramly bölegini Hytaý satyn alýar.

XS
SM
MD
LG