Merkezi Aziýanyň käbir ýerlerinde müňlerçe gyz çaga ilkinji dem almazdan öň ýitip gidýär.
Ultrases barlaglary, gan synaglary we asyrlarboýy dowam edip gelýän patriarhal däpler bilen ýaraglanan maşgalalar sebit boýunça haýsy çagalaryň dünýä inmäge mynasypdygyny, haýsysynyň bolsa däldigini sessiz ýagdaýda çözýärler.
Nyşana alynýanlar heniz dogulmadyk gyz çagalar.
Özbegistanda we Täjigistanda oglan we gyz çagalaryň dogluşyndaky tebigy deňagramlylyk ýyllarboýy bozuldy. Käbir sebitlerde her 100 gyz çaga üçin 110 oglan dünýä inýär. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, bu tebigy ýagdaýda bolup biljek zat däl.
Bu sanlaryň aňyrsynda çaganyň jynsyna görä edilýän abortlaryň gizlin ulgamy ýatyr. Köplenç bu ýagdaý ärleriň, gaýyneneleriň we ogluň maşgala abraýy, miras we nesli dowam etdirmek üçin zerurdygy baradaky medeni garaýyşlaryň basyşy bilen bagly bolýar.
Daşkentli 50 ýaşly Nafisa başyndan geçiren abortyny ömründäki iň kyn kararlaryň biri diýip atlandyrýar. Şol wagt onuň we adamsynyň eýýäm iki gyzy bardy. Lukmanlar onuň ýene bir gyza göwrelidigini aýdanda, ol göwreliligini togtatdy.
“Adamym gyzlarymyzy örän gowy görýärdi we olary hemişe begendirýärdi. Emma şol bir wagtyň özünde, onuň oglunyň hem bolmagyny isleýändigini hiç wagt gizlän däldi” diýip, Nafisa Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça rus dilinde habar berýän Azatlyk Aziýa gullugyna gürrüň berdi.
“Men üçünji çagany doguryp, soň başga çaga edinmezligi isleýärdim. Eger şol wagt ýene bir gyz dogran bolsam, onda dördünji gezek göwreli bolmak barada pikirlenmeli bolardym, sebäbi meniň özüm hem ogul isleýärdim. Men bedenimiň beýle ýüki göterip bilmejegine karar berdim. Saglygym gowşak. Şonuň üçin üçünji göwreliligimi togtatdym”.
Iki ýyldan soň Nafisa ýene göwreli boldy.
“12 hepdelik ultrases barlagynda lukman onuň oglandygynyň ähtimallygynyň ýokarydygyny aýtdy” diýip, ol gürrüň berdi. “Saglyk meselelerime garamazdan göwreliligi dowam etdirdim, we hakykatdanam bir oglum dünýä indi”.
Sekiz gyzly bir adam
Käbir adamlar üçin bolsa bu basyş maşgalalary bozýar.
Özbegistanyň günortasyndaky Ferganadan bolan 35 ýaşly Guli adamsynyň maşgalasynyň onuň her göwreliliginde aç-açan ogul talap edendigini aýdýar. Lukmanlar onuň dördünji çagasynyň hem gyz boljagyny aýdanda, garyndaşlary ony abort etdirmäge mejbur etmäge synanyşdylar. Emma ol muňa razy bolmady.
“Ilkibaşda adamymyň degişýändigini pikir etdim” diýip, Guli Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy. “Ýöne gaýynenem hemişe gyz dogurýandygymyň meniň günämdigimi gaýtalap durýardy”.
Dördünji gyzy dünýä inenden soň, basyş has-da güýçlendi.
“Ol ahyrynda ogluny ikinji gezek öýlenmäge razy etdi, sebäbi täze aýalyň köpden bäri garaşylan ogly dogurjakdygyna ynanýardy” diýip, Guli aýtdy. Ol adamsynyň ejesiniň maslahaty bilen ikinji aýala öýlenendigini sözüne goşdy.
“Ýöne ol hem dört gyz dogurdy. Indi adamymyň jemi sekiz gyzy bar”.
Şular ýaly wakalar sebit boýunça gaýtalanýar.
Täjigistanda-da, Özbegistanda-da aýalyň öz islegi boýunça abort etdirmäge göwreliligiň 12-nji hepdesine çenli rugsat berilýär. Ondan soňky döwürde bolsa bu amal diňe lukmançylyk ýa-da sosial sebäpler esasynda rugsat edilýär.
Ýöne aktiwistler we psihologlar bu kanunyň köplenç aýlanyp geçilýändigini aýdýarlar.
“Men diňe gyza göwreli bolandygy sebäpli 21 hepdelik göwreliligini bes etmäge mejbur edilen aýallaryň ýagdaýlaryny bilýärin” diýip, Ferganada ýerleşýän, eneleriň we çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça işleýän “Mehrjon” jemgyýetçilik guramasynyň psihology Muazzam Ibrahimowa aýtdy.
Özbegistanyň Reproduktiw hünärmenler birleşiginiň ýolbaşçysy Dilmurad Irgaşew bu meseläniň medeniýetde we patriarhal garaýyşlarda çuňňur kök urandygyny aýdýar.
“Olaryň pikirine görä, oglan maşgalada galýar we onuň çagalary, ýagny agtyklary ‘öz nesilleri’ hasaplanýar” diýip, Irgaşew Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. “Olar: ‘Gyzy durmuşa çykararys, ol başga maşgala gider’ diýip pikir edýärler”.
Ýiten 142 million gyz
Bu ýagdaýyň netijeleri indi diňe aýratyn maşgalalar bilen çäklenmeýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň 2023-nji ýylda çap eden maglumatlaryna görä, “ogla bolan artykmaç isleg, gyzdan ýüz öwürmek we jynsa esaslanýan saýlama abortlar” sebäpli dünýä boýunça takmynan 142 million gyz “ýitdi”.
BMG hökümetleri diňe ene-atalara çaganyň jynsyny saýlamaga kömek edýän tehnologiýalary gadagan etmäge däl, eýsem aýallary öz erkin islegleri bolmazdan abort etdirmäge iterýän psihologik mejburlyga we maşgala basyşyna garşy göreşmäge hem çagyrdy.
Maks Plank institutynyň 2026-njy ýyldaky hasabatynda Aziýada “erkekleriň öýlenip bilmezligi” diýilýän ýagdaýyň artýandygy aýdylýar. Sebäbi jynsa görä saýlanyp edilen abortlaryň iň ýokary derejesinde dünýä inen erkekler indi ulalyp, özlerine jübüt tapmakda kynçylyk çekýärler.
Hünärmenler munuň jemgyýetde durnuksyzlygyň artmagyna, adam söwdasyna, mejbury nikalara we aýallara garşy zorlugyň köpelmegine sebäp bolup biljekdigini duýdurýarlar. Sebäbi aýallaryň sany ilatyň içinde azalýar.
“Bu deňagramsyzlyk iň köp garyp erkeklere täsir eder” diýip, Täjigistanyň iň iri garaşsyz gözleg merkezi bolan Duşanbedäki “Aýna” sosiologik gözleg merkeziniň direktory Gulnora Beknazarowa aýtdy.
“Aýallar bolsa has-da güýçli basyş bilen ýüzbe-ýüz bolarlar, sebäbi olar çäkli serişdä öwrülýärler”.
Şeýle-de bolsa, häzir hem köp maşgalalarda ogla bolan aşa höwes çuňňur kök urup galýar.
Merkezi Aziýanyň dürli ýerlerinde bu islegiň yzlary köne däp-dessurlarda hem görünýär.
Täjigistanda öň islenmedik gyzlara “Ýeter”, “Soňky”, ýa-da “Ýene gyz gerek däl” diýen manylary berýän atlar dakylýardy. Özbegistanda bolsa käbir ene-atalar henizem gyzlaryna “Ugiloy” diýip at berýärler - bu “Aý-oglan” diýen manyny berýär. Olar gyzyň adyna “oglan” sözüni goşsalar, indiki çaganyň hökmany ýagdaýda oglan boljagyna ynanýarlar.
Lukmanlar biologik taýdan beýle ynançlaryň hiç wagt esasynyň bolmandygyny aýdýarlar.
“Çaganyň jynsy enä däl-de, kaka bagly” diýip, Duşanbedäki “Vita” lukmançylyk genetika merkeziniň esaslandyryjylaryndan biri bolan genetik Farangis Mamadbokirowa düşündirdi. “Emma jemgyýet henizem aýallary günäkärlemegini dowam etdirýär”.
Daşkent hökümeti jemgyýetçilik habarlylygyny ýokarlandyrmak kampaniýalaryna dini ýolbaşçylary çekmek arkaly jynsa görä edilýän abortlara garşy göreşmäge synanyşýar.
Özi hem iki gyzyň kakasy bolan reproduktiw hünärmen Dilmurad Irgaşew şeýle kararlardan ýüz döndermek üçin käwagt dine ýüzlenýändigini aýdýar. Sebäbi jemgyýet esasan musulman jemgyýetidir.
“Adamlar abort etdirmek islände ýa-da emeli tohumlandyrmadan soň dünýä injek çaganyň gyzdygyna nägile bolanlarynda, ene-atalar gelip bu çagany islemeýändiklerini aýdýarlar” diýip, ol gürrüň berdi. “Men olara din tarapyndan düşündirip başlaýaryn. Yslamda gyz ösdürip ýetişdirmegiň uly bereketdigini, onuň sylagynyň jennet diýlip wada berlendigini aýdýaryn… Men hemişe kakalara: ‘Siziň hökmany ýagdaýda gyzyňyz bolmaly’ diýýärin.”
Forum