Ýylyň ahyrynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleri däp bolan GDA-nyň resmi däl sammiti üçin Sankt-Peterburga gitdiler. Synçylar Wladimir Putiniň dogduk şäherinde geçirilen duşuşygyň Russiýanyň postsowet döwletleriniň köpüsine täsirini dowam etdirýändigini nygtamak üçin niýetlenendigine ynanýarlar.