Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi Gaza edilen howa hüjüminde azyndan 68 adam öldürildi


Ysraýylyň Gazanyň merkezine eden hüjüminde azyndan 68 adam öldi diýip, saglyk işgärleri 25-nji dekabrda aýtdy. Hepde aýagyndaky söweşde öldürilen ysraýyl esgerleriniň sanynyň 15-e ýetendigi habar berildi.

“Associated Press” habar agentliginiň wakanyň bolan ýerindäki žurnalistleri Deir al-Balahyň gündogaryndaky Maghazi bosgun düşelgesine edilen hüjümde ölenleriň we ýaraly bolanlaryň arasynda bir bäbegiň hem bolandygyny aýtdylar.

Hassahana maglumatlaryna görä, öldürilen 68 adamyň arasynda azyndan 12 aýal we ýedi çaga hem bar.

XS
SM
MD
LG