Uruşlar. Yzarlamalar. Syýasat. Töwerekdäki gurşawyň üýtgemegi. Ykdysadyýet. Halkara migrasiýasynyň döremegine başga-da köp sebäpler bar. Şeýle-de bolsa, ýurdundan çykanlary bir zat birleşdirýär – olaryň ählisi howpsuzlyk gözleginde ýurdundan gaçmaga mejbur bolanlar we özleri hem maşgalasy üçin, gowy durmuş gözleýänler. BMG-niň maglumatyna görä, häzirki wagtda 300 milliondan gowrak adam ýurdundan daşarda, olaryň her sekizinjisi çaga.
2023-nji ýylda millionlarça ukrainler Orsýetiň doly möçberli çozuşlaryndan gaçmaga mejbur boldular; Azerbaýjan Daglyk Garabagda gözegçiligi doly ele geçirensoň, müňlerçe etniki ermeni ol ýerden çykdy; alty milliondan gowrak owganly zorluk we tebigy betbagtçylyklar zerarly öýlerini terk etdiler; şeýle hem Ysraýylyň HAMAS ýaragly topary bilen alyp barýan urşy sebäpli, ýüz müňlerçe adam öz durmuşyny özgertdi.
18-nji dekabr, halkara Bosgunlar güni mynasybetli, dürli dillerde gepleşik alyp barýan Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy (AÝ/AR) we Nastoýaşeýe Wremýa kanaly bileleşip, sebitiň ýurtlaryndan bolan bosgunlar we migrantlar barada, gürrüň bermegi makul bildi.
100 müň garabagly bosgun Ermenistanda nädip ornaşýar?
2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň ahyrynda, ykrar edilmedik Daglyk Garabagdan, Ermenistana barýan Laçyn ýolunda, awto ulaglaryň ençeme kilomertlik hatary düzüldi. Öz-özüni Daglyk Garabag Respublikasy diýip yglan eden häkimiýetler 20-nji sentýabrda Bakuwa de-fakto kapitulýasiýa yglan edeninden soň, on müňlerçe etniki ermeni sebiti terk etmäge howlukdy.
Söweş hereketleri 19-20-nji sentýabrda dowam etdi. Oňa köpçülikleýin habar serişdelerinde "bir günlük uruş" ady berildi. Öz-özüni respublika diýip yglan edenler ýeňilýändigini yglan edenden soň, Azerbaýjan Garabagda doly ygtyýarlyklaryň dikeldilýändigini yglan etdi.
Ýerewan 1990-njy ýyllaryň başlarynda, Garabagdaky öz-özüni respublika diýip yglan eden häkimiýetleri goldaýardy. Olar soňky täze taryhynda iň agyr syýasy we ynsanperwer krizisleriň biri bilen ýüzbe-ýüz boldular: bir wagtyň özünde ol ýerden 100 müňden gowrak bosgun göçdi. Adamlar oňa "çykmaklyk" diýýärler. Ermeni oppozisiýasy Artsahyň (ermeniler Garabagy şeýle atlandyrýar) ýitirilmeginde hem-de ol ýerdäki bähbitlerini gorap, howpsuzlygyny üpjün edip bilmezligi üçin, ýurduň häkimiýetlerini günäkärledi.
"Men 56 ýaşymda, Garabagda dört urşy gördüm. 90-njy ýyllardaky uruşda adamym wepat boldy – diýip, Alwart Dadaýan atly aýal gürrüň berýär. Ol häzir uly maşgalasy bilen Ararat oblastyndaky Artaşat şäheriniň çagalar bagynyň bir jaýynda ýaşaýar. – Eýsem ol oduň aşagynda kim galyp biler, biziň näçämiz galdyk? Hiç kim başarmaýar. Biziň çagalarymyz ol ýerde elmydama dürli hili jebir-jepalarda ýaşaýardy. Olary açlykda sakladylar, ot açyşlygyň aşagynda, her atyşykda titräp durdular. Ahyr soňy, biziň diňe gitmekden başga çärämiz galmady”.
Aziýa migrantlary dokumentsiz nädip ABŞ-a geçjek bolýarlar
Meksika serhedinden bikanun ABŞ geçmäge synanyşýan Özbegistanyň graždanlaryna indi Birleşen Ştatlara girmäge rugsat berilmez diýip, ABŞ-nyň Özbegistandaky ilçihanasy aýtdy. 20-nji noýabrda çap edilen beýanata görä, tussag astyna alnan özbekleriň immigrant işi çözülýänçä tussaglykda saklanar. Diplomatik edara ABŞ-nyň serhedinden bikanun geçýänleriň azyndan bäş ýylyň dowamynda, bu ýurda girmeginiň gadagan ediljekdigini ýatlatdy.
Şeýle-de bolsa, ne ol dokument, ne-de Meksika bilen Amerikanyň serhedinde gurlan tutuş diwar Merkezi Aziýa ýurtlaryndan barýanlary "Amerikan arzuwyna" tarap ýoldan saklap bilmeýär. Onlarça adam bir aýdan gowrak Meksikanyň Reýnosa şäherinde öz gezeginde, ABŞ serhedinden geçmeklige garaşýar. Olaryň hiç birinde ABŞ-nyň wizasy ýok. Ýöne olaryň hemmesiniň maksady bir – Amerika baryp, başpena soramak. Emma bu arzuwy amala aşyrmak aňsat däl.
Reýnosa Tehsas bilen serhetleşýär. ABŞ - Meksika serhediniň köp bölegi hut şol ştatdan geçýär. Uzynlygy 3145 kilometre barabar bolan bu serhet dünýäde iň köp geçilýän bölek saýylýar. Serhedi her ýylda 350 mln. adam kesýär. Olaryň ýarym milliony dokumentsiz migrantlardyr. Resmi maglumatlara görä, diňe 2022-nji ýylda, ABŞ - Meksika serhedinde azyndan 853 adam ýogalypdyr.
Kyrk ýaşyndaky gyrgyzystanly Asan Bagyşow aýaly we üç çagasy bilen ABŞ serhedine barmak üçin, bir aýdan gowrak wagt sarp edipdir. Ol öz ýurdunda, kanun goraýjy edaralarda işleýärdi, syýasy sebäplere görä, ýurtdan çykmaga mejbur bolupdyr.
Yzyňa dolanmak. Öýüňi görüp, ony tanamazlyk
Bu film 1992-1993-nji ýyllardaky Gürjüstan - Abhaz urşundan soňky adamlaryň ykbaly barada. Olar uruş sebäpli öýlerini terk edip, Gürjüstanyň bütin sebitinde ýerleşen öňki sowet sanatoriýalarynda ýaşamaga mejbur boldular. Aradan 30 ýyl geçse-de, öýlerine dolanmagy arzuw edýärler. Ol ýeriň her bir jikme-jikligine çenli henizem ýatlaýarlar. Hiç bolmanda, biraz wagtlyk bolsa-da, Abhaziýa gitmäge mümkinçilik bolmansoň, öz jaýlarynyň suratyna seredýärler, ýöne köplenç uruşdan soňky weýrançylyk we eýesiz taşlanmak sebäpli ýykylan jaýlaryny tanap bilmeýärler.
Ukraina göçüp baran Merkezi Aziýalylar uruş hakynda gürrüň berýärler
Röwşenbek Rozmetow 54 ýaşynda, Türkmenistanda doglup ulaldy. Milleti özbek. Ol özbek, türkmen, rus we ukrain dillerini bilýär.
"Men 18 ýaşymdakam, harby gulluga çagyryldym – diýip, ol gürrüň berýär. – Şeýdip, ömrümde ilkinji gezek Ukraina düşdüm. Gulluk döwründe myhmansöýer halky gördüm, açyk göwünli, hemmelere hormatly adamlar". Rozmetowyň käri aklawçy bolsa-da, häzir Ukrainanyň Ýaragly Güýçleriniň hatarynda, söweşe gatnaşýar.
"Urşuň başlan gününi men oňat bilýärin. Men öýdedim. Men, aýalym, çagalar – hemmämiz jaýdadyk. Biziň hemmämiz partlama seslerini eşidip, urşuň başlanandygyna düşündik” diýip, Röwşenbek ýatlaýar.
Nastoýaşeýe Wremýa telekanaly "Migrant media" bilen bilelikde, Grigory Pyrlikiň "Öz topragymda" atly dokumental filmini çykardy. Film Orsýetiň doly möçberde çozuşlary döwründe, Ukrainada galan migrantlar barada. Filmiň gahrymanlary Kiýewde, Harkowda we Odessada ýaşaýan asly Gyrgyzystandan, Gazagystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan bolan ýaşaýjylardyr.
Russiýa Merkezi Aziýa migrantlarynyň hasabyna ilatyny artdyrmaga nädip synanyşýar
Soňky 30 ýylyň dowamynda, Orsýetiň ilat sany yzygiderli kemelýär, 2020-nji ýyldan bäri ýylda ýarym million adam azalýar. Russiýa "demografik çukurdan" çykjak bolup, dürli ýollary synap görýär. Şol sanda öňki SSSR-iň respublikalaryndan, etniki ruslary yzyna göçürip getirmek boýunça programmalar hem bar. Şol bir wagtda, Orsýetiň graždanlygyny alýanlaryň üçden bir bölegine golaýy Merkezi Aziýadan gelenlerdir. Emma wezipeli adamlaryň aýdýan beýanatyna hem-de jemgyýetçilik pikir soralyşyklara görä, Russiýa migrantlardan hoşal däl.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.