Türkmen hökümeti şu ýylyň başynda ministrler we beýleki ýokary derejeli işgärler üçin Germaniýada öndürilýän “Mersedes” awtoulaglarynyň ýene bir tapgyryny, 100-den gowragyny satyn aldy, häzir olaryň 30-dan gowragy Aşgabada getirildi, galan bölegi indi getirilmeli diýip, Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri habar berýär.
Bu ulaglary köçede gören ýönekeý adamlar, býujet edaralarynyň işgärleri, çeşmäniň aýtmagyna görä, öýlerine gelenlerinde ýa-da işde, ynanyşýan kärdeşleriniň ýanynda ‘bu hökümetiň halk bilen işi ýok’ diýen manyda gürrüň edýärler.
Täze satyn alnan awtoulaglar baradaky maglumat hökümetiň geçen ýylyň jemlerine bagyşlap geçiren we onlarça jogapkär resmini täzelän wagtyna gabat geldi. Döwlet eýeçiligindäki metbugatda aýdylmasa-da, ‘gidiber’ diýlip, mejlis zalyndan çykarylan, şol güne çenli işe “Mersedesli” gatnan adamlaryň ählisiniň korrupsiýa sebäpli işden aýrylandygy çaklanylýar.
Adamlar 'halkyň agzyndan kesilen pullar üçin' nägile bolýar
“Birleşip, üýşüp baryp aýdyp bilmese-de, halk köpçüligi täze bellenýän we ýerleri çalşylýan döwlet emeldarlaryna, halkyň agzyndan kesip, altyn pula satyn alynýan ulaglar üçin nägile bolýar” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, hökümetiň bu ýyl aýlyklary 10% hem ýokarlandyryp bilmezligi ‘býujet pulunyň saga, çepe sowrulyp, döwlet gaznasynyň boşamagy, hakyky özgerişlik geçirmän, ýolbaşçy täzelemek ‘oýnunyň oýnalmagy’, halky ‘oýnan bolmak’ bilen bagly.
Türkmenistanyň döwlet üpjünçilik komitetiniň öňki başlygy, öňki diplomat Nurmuhammet Hanamow diňe ýönekeý adamlaryň däl, ýolbaşçy wezipelere bellenýän hünärmenleriň hem, ýurtda dörän uly kadr geldi-geçerligi sebäpli, prezidentiň geçirýän ýygnaklaryna, onuň kadr syýsatyna ynanmaýandygyny, bu ynamsyzlygyň ýurtda giň ýaýran korrupsiýanyň esasy sütüni bolup durýandygyny öňe sürdi.
"Nyýazow döwründen kesel bu, meseleleri çözmän, işden aýrylýan adamlaryň boýnuna atyp, şeýdip, öz üstlerinden günäni aýyrjak bolýarlar" diýip, Hanamow aýtdy.
Onuň sözlerine görä, wezipä täze bellenýän adamlar hem ýagdaýa gowy düşünýär we olaryň işlän döwründäki bar pikiri 'gazanç etmek' bolýar.
Giň ýaýran korrupsiýanyň 'baş sütüni'
Azatlygyň çeşmesiniň aýtmagyna görä, täze ulaglar satyn alnandan soň, ministrleriň, pudak ýolbaşçylarynyň öňki ulaglary, öndürilen wagtyndan 3, 4 ýyl geçen gurat “Mersedesler” welaýat, etrap häkimlerine, güýç gulluklarynyň başlyklaryna geçirilýär.
Soňky ýyllarda, gara reňkli maşynlara garşy dilden girizilen sanksiýa zerarly, esasan ak reňkli “Mersedesler” satyn alynýar, ýöne prezident garažyndaky awtoulaglaryň arasynda gara reňkli ulaglar hem bar, prezident olary matam gününe ýa çäresine baranda ulanýar diýip, çeşme aýtdy.
Onuň sözlerine görä, Berdimuhamedowlaryň ulanýan awtoulaglary ýörite tabşyryk esasynda enjamlaşdyrylyp, millionlarça dollara satyn alynýar we ýurduň ýönekeý adamlaryny ‘iň kemsindirýän maşynlar’ diýip bilinýär.
Ýolbaşçylara paýlanan ulaglar edara binasynyň ýerzeminlerinde saklanýar we diňe olaryň iş zerurlyklary üçin ulanylýar, maşgala işi ýa toý-ýas üçin başga ulag ulanmaly, hatda sürüjiler hem ulagy öýleri bilen iş arada gatnamak üçin ulanyp bilmeýär diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Awstriýada ýaşaýan türkmen ýaşulusy N.Hanamowyň ynanjyna görä, türkmen häkimiýetleriniň daşyndan haýbatly görünýän uly binalara, özüni ödemeýän taslamalara ummasyz döwlet puluny harçlamagy, öňki ulaglary gurat hem bolsa, resmiler üçin ýygy-ýygydan täze, has gymmat ulaglary satyn almak praktikasy daşary ýurtlara göz üçin, Türkmenistan ykdysady taýdan ösen, gurply döwlet’ diýdirmek üçin edilýäne meňzeýär.
"Bu alynýan maşynlar, gurulýan binalar daşary ýurt döwletleriniň gözlerini gamaşdyrmak üçin edilýän hereketleriň bir bölegi bolup durýar. Halk hiç zat edip bilmez diýip, şoňa ynanýarlar" diýip, Hanamow bu ýagdaýlaryň saklanyp galmagynyň sebäbini düşündirmäge çalyşdy.
Azatlyk türkmen häkimiýetlerinden halk nägileligini güýçlendirýändigi aýdylýan täze awtoulaglar barada resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum