Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri Putin bilen duşuşyp, Siriýa bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (çepden birinji) we Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri. 14-nji iýul, 2016 ý.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (çepden birinji) we Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri. 14-nji iýul, 2016 ý.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri rus prezidenti Wladimir Putin bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda Siriýadaky harby operasiýalar dogrusynda täze ylalaşyga gelmäge çalyşdy. Bu duşuşygyň dowamynda Siriýada 5 ýyl bäri dowam edýän konfliktiň soňuna ýetmek we syýasy geçişe başlamak barada maslahat edildi.

Kerri 14-nji iýul gijesi Orsýetiň paýtagty Moskwa bardy we dessine rus prezidenti bilen duşuşdy. Ol 15-nji iýulda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen hem duşuşar.

Putin bilen üç sagat dowam eden duşuşygyň dowamynda Kerri “Siriýa režimi tarapyndan harby hereketleri bes etmek baradaky ylalaşygyň yzygiderli bozulmagyna alada bildirdi” diýip, Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Jon Kirby Moskwada žurnalistlere beren maglumatynda aýtdy.

“Şeýle-de iki [lider] Daeş, ýagny “Yslam döwleti” we “Al-Kaýda” bilen ilteşikli “Jabhat al Nusra” fornty ýaly terroristik toparlara garşy basyşy güýçlendirmegiň ähmiýeti barada maslahat etdiler” diýip, Kirby belledi.

Duşuşygyň öňýanynda, Putin Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama bilen geçiren soňky gepleşiklerinde Siriýadaky konflikte çözgüt tapmak tagallalarynda iki tarapyň hem akýüreklidigine ynandygyny aýtdy.

Kerri Obama özüniň Putin bilen soňky gepleşiginiň “konstruktiw” bolandygyna ynanýar diýdi.

XS
SM
MD
LG