Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa sebitiniň Woskresensk şäherine edilen howa hüjüminde iki adam öldi


Russiýanyň Goranmak ministrligi ýurduň sekiz sebitinde 78 sany ukrain pilotsyz uçarynyň urlandygyny habar berdi.

Moskwa sebitiniň gubernatory Andreý Worobýow howa goragy güýçleriniň Woskresensk we Kolomna şäherleriniň asmanynda dört pilotsyz uçary urandygyny habar berdi. Woskresenskdäki hususy jaýda turan ýangynda 76 ýaşly aýal we onuň alty ýaşly agtygy ýogaldy. Birnäçe binada penjirelere we fasadlara zyýan ýetdi we köçe çyralary öçdi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň habaryna görä, Braýank sebitinde 24 pilotsyz uçar uruldy.

Ukrainanyň telegram kanallary “Supernowa+” we “Astra” sebitde Karaçew Elektrodetal zawodyna hüjüm edilendigini habar berdiler.

Bu zawod “Radioelektron tehnologiýalary” konsernine degişli bolup, harby pudakda ulanylýan elektrik birikdirijilerini işläp düzmek we öndürmek bilen meşgullanýar.

Brýansk sebitiniň gubernatory Aleksandr Bogomaz pilotsyz uçar hüjümi barada irden beren habarynda zawoda urlan zarba ýa-da ýangyn barada hiç zat aýtmady.

Ol diňe ejir çekeniň bolmandygyny, "gyssagly kömek gullugynyň wakanyň bolan ýerinde işleýändigini" aýtdy.

XS
SM
MD
LG