Russiýanyň howa hüjüminden goranyş ulgamlary Moskwa tarap barýan Ukrainanyň dronuny urdular diýip, Russiýanyň paýtagtynyň häkimi Sergeý Sobýanin 29-njy noýabrda irden Telegram kanalynda mälim etdi.
Ol dronuň Moskwadan 45 km günortada ýerleşýän Podolskyň üstünde urlandygyny hem sözüne goşdy.
Sobýanin wakanyň bolan ýerinden adam ýitgileri ýa-da weýrançylyk barada bada-bat maglumatyň gowuşmandygyny hem aýtdy.
Russiýanyň Goranmak ministrligi Moskwanyň häkiminiň sözlerini tassyklady. Emma bu maglumaty garaşsyz ýagdaýda barlamak mümkin däl.