Oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň hatyrasyny tutup, korrupsiýa garşy kampaniýaçynyň Moskwada, Borisowskoýe gonamçylygynda gül çemenlerine basyrylan mazaryna gül goýmaga gelenler 3-nji martda, tapgyr üçünji gün uzyn hatara düzüldiler.
"Astra" neşiriniň maglumatyna görä, nobat takmynan 600 metre çenli uzaldy. Adamlar 1-nji martda jaýlanan Nawalnynyň gül çemenlerine basyrylan mazaryna gül we öz ýazan ýazgylaryny alyp geldiler. Tussag edilmek töwekgelligine garamazdan, nobata duranlaryň arasynda dürli ýaşdaky adamlar, şol sanda ýaşlar, çagalar hem bar diýip, habarda aýdylýar.
“Meduzanyň” we beýleki habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, bu ýerdäki polisiýa gözegçiligi saklanyp galdy, ýöne olar merhum syýasatçynyň mazaryna gül goýýanlara päsgelçilik döretmedi.
Prezident Wladimir Putiniň iň görnükli garşydaşy bolan Nawalny 16-njy fewralda, 47 ýaşynda Arktikadaky türmede aradan çykdy. Onuň ölüminiň jikme-jiklikleri häli-häzire çenli aýdyňlaşdyrylmady.