Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Ol örän agyr ýagdaýda". Demirgazyk Kiprde türkmenistanlydygy aýdylýan bir adam gyrgyz gyzyna hüjüm etdi

Wakanyň bolan ýerinden kollaž suraty
Wakanyň bolan ýerinden kollaž suraty

Demirgazyk Kiprde 23 ýaşly gyrgyzystanly gyza hüjüm edildi we ol häzirki wagtda reanimasiýada saklanýar. Ýerli metbugat polisiýa salgylanyp, Türkmenistanyň raýatydygy aýdylýan adamyň gyrgyz gyzyna pyçak bilen hüjüm edendigini habar berýär. Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrligi onuň saglyk ýagdaýynyň agyrdygyny aýtdy. Gyzyň garyndaşlary waka barada maglumat bermekden ýüz öwürdiler.

3-nji awgustda Demirgazyk Kipriň Nikosiýa şäherinde gyrgyz raýatyna hüjüm edilip, agyr ýaralar bilen hassahana ýerleşdirilendigi habar berildi.

Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrligi wakanyň söwda merkezinde bolandygyny we näbelli raýatyň oňa pyçak bilen hüjüm edendigini tassyklady.

Gyrgyzystanyň Ankaradaky konsuly Çingiz Abdurahmanow Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugyna beren maglumatynda resmileriň gyzyň garyndaşlary bilen habarlaşýandygyny aýtdy.

"Raýatymyzyň ýagdaýynyň örän agyrdygy aýdylýar. Ol Lefkoşadaky (Nikosiýa) hassahananyň reanimasiýa bölüminde saklanýar. Onuň doganynyň şu gije ýa-da ertir gelmegine garaşylýar. Ol iki ýa-da üç aý mundan ozal iş gözläp gelipdir. Häzir onuň nirede işleýändigini anyklamaga synanyşýarys" diýip, Abdurahmanow aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugy ejir çeken gyzyň Gyrgyzystandaky garyndaşlary bilen habarlaşanda, olar bu barada maglumat bermekden ýüz öwürdiler.

Demirgazyk Kiprdäki metbugat neşirleriniň habarlaryna görä, waka irden 11:45 töwereginde "Metropol" söwda merkezinde bolupdyr. Olaryň aýtmagyna görä, 23 ýaşly gyrgyz raýaty birnäçe gezek pyçaklanypdyr.

Güman edilýän hüjümçi 31 ýaşly M.B.K. atly raýat tussag edildi. Ýerli metbugat polisiýa salgylanyp, hüjüm etmekde güman edilýäniň hüjümden soň öz-özüni pyçaklandygyny habar berdi. Şeýle hem, ol alan ýaralary sebäpli hassahana ýerleşdirildi.

"Kipr türk polisiýasynyň beýanatyna görä, Türkmenistandandygy aýdylýan bir erkek adam gyza pyçak bilen hüjüm edipdir. Ýagdaý bilen bagly derňew dowam edýär" diýip, "en.politis.com.cy" neşiri 3-nji awgustda çap eden maglumatynda belleýär.

Nikosiýadaky doktor Burhan Nalbantoglu adyndaky döwlet hassahanasynyň baş lukmany Hasan Birtan "Kipr Türk gullugyna" beren maglumatynda ejir çeken J.A-nyň saglyk ýagdaýynyň möhümdigini aýtdy. Ol gyzyň birnäçe organyna zeper ýetendigini we köp gan ýitirendigini hem belledi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen waka barada Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasyndan we Stambuldaky konsulhanasyndan telefon arkaly teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 7-nji awgustda ilçihananyň web sahypasynda görkezilen telefon belgisine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Demirgazyk Kipr Kipr adasynyň demirgazyk kenarynda ýerleşýär. Onuň paýtagty Nikosiýa şäheridir. Jedelli sebitiň garaşsyzlygyny diňe Türkiýe döwleti ykrar edýär.

Bu sebitde okaýan we işleýän gyrgyzlaryň sany 1500-2000 diýlip çaklanylýar. Bu sebitde okaýan we işleýän türkmenistanlylaryň sany barada takyk maglumatlar ýok. Ýöne adam hukuklaryny gorap çykyş edýän toparlar olaryň sanynyň müňlerçedigini çaklaýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG