Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oleşkide ok atyşygy bes etmek düzgüni güýje girende, Russiýa Kiýewe zarba urdy

Kiýewiň şäher häkimi Witaliý Kliçko 27-nji oktýabrda Russiýanyň howa hüjümi netijesinde zeper ýeten ukrain paýtagtyndaky Dnepr derýasynyň üstünden geçýän Günorta köprä baryp gördi.
Kiýewiň şäher häkimi Witaliý Kliçko 27-nji oktýabrda Russiýanyň howa hüjümi netijesinde zeper ýeten ukrain paýtagtyndaky Dnepr derýasynyň üstünden geçýän Günorta köprä baryp gördi.

Ukrainanyň günortasyndaky Oleşki şäherine ynsanperwer kömeginiň geçirilmegine rugsat bermek maksady bilen ABŞ-nyň araçylyk etmeginde gazanylan ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşyk 27-nji oktýabrda irden, Russiýanyň Kiýewe eden howa hüjümlerinden gysga wagt soň güýje girdi. Hüjümlerde uniwersitetiň umumy ýaşaýyş jaýyna we beýleki raýat jaýlaryna zarba urlup, azyndan bir adam öldi.

Geçen hepde ABŞ-nyň birinji hanymy Melania Trampyň araçylyk etmeginde gazanylan we Moskwa bilen Kiýew tarapyndan tassyklanan ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşyk, Melania Trampyň aýtmagyna görä, Oleşki şäherinde ýagdaýyň örän agyr bolan döwründe boldy. Ol urşuň öň hatardaky şäheriň betbagtçylygyň bosagasyndadygyny aýdyp, bu ýerde galan ilatyň köpüsiniň esasan lukmançylyk kömegine, dermanlara, azyk önümlerine we arassa suwa gyssagly mätäç gartaşan ýaşaýjylardan ybaratdygyny belledi.

“Ok atyşygy bes etmek düzgüni güýje girdi we ukrain tarapy öz borçnamalaryny berjaý edýär” diýip, Ukrainanyň adam hukuklary boýunça ombudsmeni Dmytro Lubinets 27-nji oktýabrda Telegramda paýlaşan maglumatynda ýazdy.

“Şu gün, Kiýew wagty bilen sagat 03:00-da we Moskwa wagty bilen sagat 04:00-da, ynsanperwerlik missiýasy bilen baglanyşykly kesgitlenen sebitlerde ok atyşygy bes etmek düzgüni girizildi” diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi Oleşkide meýilleşdirilen ynsanperwer operasiýasyndan öň Herson ugry boýunça ok atyşlygy bes edendigini we “ok atyşlygy bes etmek düzgünini” girizendigini mälim etdi.

Mariupol şäher häkimliginiň öňki geňeşçisi we häzirki wagtda Okupasiýany öwrenmek merkeziniň ýolbaşçysy Petro Andrýuşenko "Current Time" neşirine beren maglumatynda Oleşki sebitinde mina arassalamak işleriniň 27-nji oktýabrda başlanmagyna, onuň yz ýanynda ynsanperwerlik kerweniniň geçmegine garaşylandygyny we 30-njy oktýabrda ewakuasiýanyň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Şol bir wagtda, ol Russiýanyň çäklendirmeleriniň asuda ilatyň has giň gerimli ewakuasiýa edilmegine päsgel berýändigini belledi.

“Düýn biz ruslaryň bu işi ýerine ýetirmek üçin ýörite bölümini getirendigini gördük. Şonuň üçin biz bu prosessiň özüniň hakykatdanam şu gün başlanjakdygyna umyt edýäris” diýip, Andrýuşenko aýtdy.

“Ewakuasiýa ulaglary gönüden-göni Oleşkidäki hassahana binasyna gelmeli. Ewakuasiýa, esasan, şol ýerden başlanmaly” diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

Oleşki şäheri Dnepr derýasynyň Russiýa tarapyndan basylyp alnan kenarynda, sebit paýtagty bolan Hersonyň garşysynda ýerleşýär. 2022-nji ýylyň fewralynda Russiýanyň doly göwrümli çozuşyndan öň, bu şäherde takmynan 24000 adam ýaşaýardy.

Melania Trampyň edarasy häzirki wagtda şäherde 1700 bilen 2000 töweregi adamyň, şol sanda takmynan 50 çaganyň galandygyny çaklaýar. Olaryň köpüsiniň gidip bilmeýän ýa-da gitmek islemeýän gartaşan ýaşaýjylardygy çaklanylýar. Sebitde resmi demografik sanaw 2022-nji ýyldan bäri geçirilmedi.

Şäher köp ýyllaryň dowamynda söweşlere, mejbury göçürilmelere we izolýasiýa sezewar boldy. 2023-nji ýylyň iýun aýynda golaýdaky Kahowka bendiniň weýran bolmagy betbagtçylygyň möçberini has-da güýçlendirdi: Oleşkiniň takmynan 90 göterimi suw astynda galdy.

Zelenskiý howa goranyş gurallaryny gözleýärkä, Russiýa Kiýewe zarba urdy

Russiýanyň 26-njy oktýabrda giçlik Kiýewe eden howa hüjümlerinde uniwersitetiň umumy ýaşaýyş jaýyna we beýleki raýat jaýlaryna zeper ýetdi we azyndan bir adam öldi. Prezident Wolodymyr Zelenskiý Ukrainanyň hyzmatdaşlaryna ýüzlenip, ýurduň özüni goramagy üçin “degişli gurallary” bermäge çagyrdy.

Zelenskiý 27-nji oktýabrda eden çykyşynda rus güýçleriniň öten gijäniň dowamynda Ukraina 16 ballistik raketa atandygyny we 280 dron uçurandygyny aýtdy. Bu aralykda, Ukrainanyň howa güýçleri ukrain howa goranyş güýçleriniň iki ballistik raketany we 255 drony urup gaçyrandygyny ýa-da öňüni alandygyny ele geçirendigini habar berdi.

“Russiýa dartgynlylygy güýçlendirmek üçin yzygiderli täze ädimler ädýär” diýip, ukrain lideri aýtdy.

Kiýewiň şäher häkimi Witaliý Kliçko hüjümlerde azyndan 14 adamyň ýaralanandygyny, “olaryň köpüsiniň uniwersitetiň umumy ýaşaýyş jaýyndaky talyplardygyny” aýtdy.

Şeýle-de, Kliçko Russiýanyň zarbasy netijesinde Kiýewdäki Dnepr derýasynyň üstünden geçýän uly köprä zeper ýetendigini habar berdi.

“Bilermenler Günorta köprä ýeten zyýanyň möçberini kesgitleýärler. Häzirki wagtda köpri ulag gatnawyna ýapyldy” diýip, ol Telegramda ýazdy.

“Hut şeýle şertlerde — howp yzygiderli görnüşde bolanda, islendik pursatda hüjümler amala aşyrylyp, şäherler we obalar gönüden-göni nyşana alnyp bilinýän mahaly — Ukraina howa goranyş ulgamlaryny bermegiň emeli gijikdirilmegi terrorçylyga ýardam berýär” diýip, Zelenskiý sosial mediada paýlaşan maglumatynda ýazdy.

“Hyzmatdaşlarymyzyň Ukrainanyň Russiýanyň ballistik raketalaryny ýok etmek üçin degişli gurallara mätäçdigine düşünmegi möhümdir. Bu [adamlaryň] janyny halas etmegiň iň täsirli usuly bolardy. Dünýäniň Russiýanyň diňe öldürmek we urşy dowam etdirmek islegini görkezýändigini görmegi möhümdir” diýip, ol sözüne goşdy.

BMG-niň Ukraina boýunça Garaşsyz halkara derňew komissiýasy 26-njy oktýabrda çap eden soňky hasabatynda Russiýanyň häkimiýetleriniň halkara hukugynyň beýleki bozulmalary bilen birlikde, parahat ilata we möhüm energiýa infrastrukturasyna hüjüm etmek arkaly uruş we adamzada garşy jenaýatlary amala aşyrandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň kanun çykaryjylary prezident Donald Trampyň Russiýanyň energiýa importyna girizilen çäklendirmeleri ýeňilleşdirmek baradaky kararyna garşy çykyp, Kiýewiň Birleşen Ştatlaryň harby we aňtaw gullugynyň möhüm goldawyna elýeterliligini saklap galjakdygyna kepil geçmegi talap edýärler.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

​
XS
SM
MD
LG