Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Ukrainanyň hasylyny ýok etmek üçin ýakyjy bombalary ulandy

Ukraina Orsýetiň bombalamagynyň netijesinde dörän ýangynlar sebäpli millionlarça tonna hasyl ýitirdi (arhiw suraty).
Ukraina Orsýetiň bombalamagynyň netijesinde dörän ýangynlar sebäpli millionlarça tonna hasyl ýitirdi (arhiw suraty).

Wiktor Hordiýenko ýakynda iki ýyllyk agyr zähmetiň hakykatdanam ýanyp gidendigini gördi, rus güýçleri onuň ekin meýdanlaryna ýakyjy bombalar bilen hüjüm etdiler.

Bu, geçen ýyl rus dron hüjüminde kakasyny ýitiren Ukrainanyň Herson sebitindäki daýhan Hordiýenko üçin ýene bir uly zarba boldy. Onuň aýtmagyna görä, şu ýyl ol öz ýurdunyň möhüm oba hojalyk pudagyna zarba urýan Orsýetiň ägirt uly derejede giňeldilen kampaniýasynyň netijelerine sezewar bolupdyr.

“Günde ýüz. Bu ulaltma däl. Günde ýüz dron. Her gün atylýar. Olar bizi awlaýarlar. Olar meniň 2000 gektar bugdaýymy bir gijede ýakdylar” diýip, ol Azatlyk Radiosynyň Ukraina gullugyna aýtdy.

'They Can't Scare Me': Living With Constant Russian Drone Attacks In Kherson
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:23 0:00

“Güzlük bugdaý, görýän ähli ekinleriňiz, ýakyldy” diýip, ol birnäçe aý mundan ozalkydan üç esse köp dron hüjümleriniň indi – hasyl wagtynda – boladygyny sözüne goşdy.

'Terroryň artmagy'

Sebitiň harby administrasiýasy iýun aýynda rus güýçleriniň Dnepr derýasynyň garşy kenarynda 32 000 töweregi snarýad atandygyny aýtdy. Bu mart aýynda 26 göterim, aprel we maý aýlary bilen deňeşdirilende bolsa 13 göterim köp.

Şeýle hem, dron hüjümleriniň artandygy bellenýär, geçen ýyl 2500-e golaý bolan bolsa, şu ýyl bir hepdede ortaça 5500 gezek hüjüm edildi. Iýun aýynda 28 raýat öldi, bu mart aýyna garanda 78 göterim köp.

“Herson sebitinde howpsuzlyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy dowam etdirilýär” diýip, administrasiýanyň başlygynyň orunbasary Oleksandr Tolonnikow aýtdy. “Orsýet hüjümleriň güýjüni azaltmaýar, tersine, raýat ýaşaýjylara garşy terrory yzygiderli artdyrýar”.

Ukrainaly fermer Wiktor Hordienko 4-nji iýulda öz ekin meýdanlarynda surata düşýär.
Ukrainaly fermer Wiktor Hordienko 4-nji iýulda öz ekin meýdanlarynda surata düşýär.

Hüjümleriň köpelmegi bäş ýyla golaý dowam eden umumy uruşdan soň eýýäm kynçylyk çekýän oba hojalyk pudagyna urlan täze zarbadyr.

Hordiýenkowyň fermasy Berislaw etrabynda, Ukrainanyň gözegçiligindäki Dnepriň sag kenarynda ýerleşýär, ol Gara deňze tarap günorta-günbatara uzaýan Herson sebitinde front liniýany emele getirýär. Herson şäheri ýaly, Berislaw we onuň töweregindäki etrap hem 2022-nji ýylyň fewral aýynda doly möçberli çozuşyň başynda rus güýçleri tarapyndan basylyp alnypdy, ýöne şol güýzde Ukrainanyň eden hüjümlerinde azat edildi.

Hordiýenkowyň kakasy Oleksandr geçen ýylyň maý aýynda Azatlyk Radiosyna rus dronlarynyň howpy barada gürrüň berdi. Onuň öýi iýul aýynda bombalandy, onuň özi sentýabr aýynda hüjümde wepat boldy.

Ataly-ogul ruslaryň yza çekilmeginden soň öz ýerlerini minalardan arassalamak üçin bilelikde işlediler.

“Biz bu ýeri iki ýyllap işledik, iki ýyllap maýa goýduk we bu ýerden hiç zat alyp bilmedik. Düşünmek üçin, bu bir ýyllyk iş däl, iki ýylyň zähmeti, olar ony bir gijede ýakdylar” diýip, Hordienko aýtdy. Ol öz ekin meýdanlaryna çykanda başyna şlem we egnine ok geçirmeýän keltekçe geýýär, eline ýarag alyp barýar.

Ykdysady betbagtçylyk

Ol soňky hepdelerde täze taktika hem göze ilýär - oba zähmetkeşleriniň öýlerine hüjümler edilýär diýip, sözüni dowam etdirýär.

“Olar meniň işçilerimiň sekiz öýüni weýran etdiler” diýip, ol aýtdy. “Olar obalara ýandyryjy bombalary alyp gelýärler we ähli taraplardan oklaýarlar ... olar oka tutulmagy sebäpli adatdan daşary gulluklaryň gelmejegini bilýärler. Biz ody söndürmek üçin barsak olar bize hüjüm edýärler".

Oba hojalygy Ukrainanyň ykdysadyýetinde merkezi rol oýnaýar we bugdaý onuň esasy önümidir. Ýewropanyň çörek sebedi hökmünde tanalýan bu ýurduň 42 million gektar oba hojalyk meýdanlary bar.

Bu pudaga 2022-nji ýylda Russiýanyň doly möçberli çozuşlary uly zyýan ýetirdi, sebäbi eksport terminallaryna, portlaryna we gämi gatnawlaryna edilen hüjümler bugdaý eksportyna päsgel berdi.

Gara deňzinde BMG-niň araçylygynda galla daşalmagy üçin geçelge açylandan soň, bugdaý eksporty birneme dikeldildi, ýöne dowam edýän hüjümler oba hojalyk enjamlaryny ýok etdi, oba hojalyk ýerlerinde partlamadyk ok-därileri galdyrdy we içerki ulag hem-de energiýa infrastrukturasyny bozdy. Uruş işçi güýjüniň ýetmezçiligine hem sebäp boldy.

Hordiýenko tas 3 million dollarlyk hasyl ýitirendigini we goňşy hojalyklaryň hem hüjümlere sezewar bolandygyny aýdýar.

Uruş sebäpli oba hojalyk ýitgileri üçin döwlet subsidiýasy elýeterli, ýöne ol 2000 gektar bilen çäklendirilýär we her gektar üçin diňe 100 dollar tölenýär.

"Biz bergä batdyk. Millionlarça dollar bergä batdyk. Näme etjegimizi bilemok" diýip, Hordiýenko aýtdy. "Çörek ýanýar."

Ýewheniýa Nazarowanyň habary esasynda Reý Furlong tarapyndan ýazyldy.
XS
SM
MD
LG