Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öz-özüni jar eden Dagly-Garabag 1-nji ýanwarda ýatyrylar - Separatist lider


Bölüniji Dagly-Garabag sebitiniň lideri Samwel Şahramanian maslahat geçirýär. 25-nji sentýabr, 2023.
Bölüniji Dagly-Garabag sebitiniň lideri Samwel Şahramanian maslahat geçirýär. 25-nji sentýabr, 2023.

Bölüniji Dagly-Garabag sebitiniň lideri Samwel Şahramanian 28-nji sentýabrda özüni jar eden separatist Dagly-Garabag respublikasynyň 1-nji ýanwara çenli dargadylmagy baradaky karary yglan etdi.

Şahramanian bu göçümiň Azerbaýjanyň 19-20-nji sentýabr aralygynda ýyldyrym çaltlygynda geçiren harby operasiýasy netijesinde dörän ýagdaý, sebitiň doly gözegçilik astyna alynmagy bilen baglanyşyklydygyny aýtdy.

Bu kararda Bakuwyň taraplaryň arasynda gelnen ýaraşyk ylalaşygy esasynda, Dagly-Garabagyň etniki ermeni ýaşaýjylarynyň, şol sanda "ýaraglaryny taşlan harby gullukçylaryň" “erkin, meýletin we çäklendirilmedik ýagdaýdaky geçişine” rugsat bermek barada beren wadasy hem bellenip geçilýär.

XS
SM
MD
LG