Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda mugallymlar, okuwçylar gowaça çürtmäge mejbur edilýar

Aktiwistler mejbury zähmetiň bes edilmegini talap edýär. Arhiwä suraty
Aktiwistler mejbury zähmetiň bes edilmegini talap edýär. Arhiwä suraty

Balkanyň ekin meýdanlarynda gowaçanyň ujuny çürtmek, otag, bejergi işlerine dynç alyşdaky mugallymlar, tomus kanikulyndaky okuwçylar çekilýär, mejbury zähmet baradaky habarlaryň syzdyrylmagyndan alada galýan häkimiýetler işe getirilen işçileri 'berk barlagdan geçirýär'.

Azatlygyň habarçylary ýurtdaky mejbury zähmet we oba hojalygynda ýetmeýän el güýji, çuňlaşýan mätäçlik, obada eklenç etmek mümkinçiliginiň gitdigiçe peselmegi we barha güýçlenýän migrasiýa meýilleri barada yzygiderli habar berýärler, emma häkimiýetler bu aýdylýanlary ne tassyklaýar, ne-de ret edýär.

Oba hojalygynda güýçlenýän mejbury zähmet baradaky soňky maglumat türkmen hökümetiniň ýylyň ýedi aýynda geçirilen işleriň netijelerine seredip, ýene bir gezek uly ösüş sanlaryny çap eden wagtynyň yz ýanyndan geldi.

Uly Berdimuhamedowyň 'özgertmeleri şowsuz' boldy

Balkandaky habarçymyz bilen aýry-aýrylykda gürleşen hünärmenleriň biri öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren oba hojalyk reformalarynyň şowsuz bolandygyny we Saparmyrt Nyýazow döwründe, ‘hakyky ýer eýeleriniň tapylmazlygy’ netijesinde dörän oba hojalyk krizisini has-da çuňlaşdyrandygyny öňe sürdi.

Ýatlatsak, 1990-njy ýyllaryň başynda kärendeçilere ýer 2-3 gektardan we az möhlet bilen berildi. Hökümet tankytçylary ýeriň hakyky önüm öndürjek adamlara, iş mümkinçiligine seredip, has uzak möhletli we 10, 20, 50-60 gektara çenli berilmelidigini öňe sürdüler.


Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelende, oba adamlarynyň meselesini çözmegi ‘berk’ wada berdi we soňy bilen birnäçe özgertmäni öňe sürdi. Ol özgertmeleriň biri 2-3 gektar ýerli kärendeçileriň ýerlerini ellerinden alyp, hususy kärendeçiler diýilýänlere has köp ýer bermek, ýeňillikli karz we tehnika bermek bilen bagly boldy.

Şeýle-de, döwletiň önüm satyn alyş nyrhlarynyň üýtgediljekdigi, önüm öndüren adamlaryň has gowy girdeji almagyna şert dörediljekdigi aýdyldy.

Anonimlik şertinde gürleşen hünärmen öňki prezidentiň geçiren oba hojalyk özgertmeleriniň ýagdaýy gowulandyrmakdan geçen, gaýta has agyrlaşdyrandygyny öňe sürdi.

“Mundan birnäçe ýyl ozal oba hojalygynda käbir şowsuz özgertmeler geçirildi, ýagny 10 gektardan az bolan ýerde gowaça ekýän kärendeçileriň ýerleri ellerinden alnyp, ol ýerler 10 gektar we 100 gektar töweregindäki ýere gowaça ekýän fermerlere, daýhan hojalyklaryna berildi we bu ýagdaý mejbury zähmeti beter güýçlendirdi” diýip, ýerli hünärmen aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Gyzylarbat, Bereket we Magtymguly etraplaryndaky gowaça meýdanlarynyň tas ählisi az ýerli kärendeçileriň ellerinden alnyp, emeldarlaryň we telekeçileriň ellerine berildi.

Köp ýer alan adamlara has köp 'arzan işçi gerek'

Onlarça gektardan ýer berlen adamlar, aýdylmagyna görä, ýokardan goldawy, goragy ýa süýregi bar diýilýän adamlar bolup, artdyryp ýazmalar, ýalan hasabatlar bes edilip, hakyky reformalar geçirilmese, oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döredip biljek däldi.

“Ýer berlen adamlar ekilen gowaça wagtynda ideg edip ýetişmediler. [Olaryň] hususy taraplara pul berip başarmazlygy häkimleriň býujetçileri we okuwçylary gowaça meýdanlaryna mejbury ýagdaýda çekmegine getirdi” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Türkmen metbugatynyň ýygy-ýygydan geçirilýän hökümet maslahatlaryndan berýän habarlarynda aýdylmagyna görä, prezident häkimlerden, wise-premýerden ‘möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki talaplara görä, ýokary hilli we bellenen möhletlerde geçirilişine berk gözegçilik etmegi’ talap edýär.

Bu köp ýer alan we gowaça eken adamlaryň ekiş, ýekeleme, otag, suw tutmak, dökün bermek, bejeriş, çürtüm, soňra ýygym ýaly işleri wagtynda etmelidigini aňladýar.


“Häkimler 10 we ýüz gektar ýer alan emeldarlardan, telekeçilerden möwsümleýin işleri wagtynda etmegi talap edip bilmeýär, sebäbi döwletiň pagtaçylyk üçin töleýän puly hakyna tutulýan adamlara berilýän puldan az…” diýip, hünärmen esasy meseläniň adamlara tölenmeli iş haklary, zähmete görä töleg meselesiniň çözülmän galdyrylmagy bilen baglydygyny belledi.

Aýry-aýrylykda gürleşen hünärmenleriň ynançlaryna görä, türkmen hökümetindäki dolandyryş usuly, döwlet baştutanyndan beýleki adamlaryň ählisiniň gorkuda, elmydama işini ýitirmek wehimi astynda işlemegi sebäpli, häkim prezidente ýagdaýy aýdyp, düşündirmek synanyşygyny hem edip bilmeýär.

Ýokarkylara 'ýalňyşyny aýtmak howply'

Ýerli hünärmen kiçi Berdimuhamedowyň döwründe has çuňlaşýan oba hojalyk krizisiniň uly Berdimuhamddow döwründe geçirilen ‘özgertmeden’ el çekilen ýagdaýynda biraz haýallamak ähtimallygynyň badygyny öňe sürdi.

Ýöne, onuň pikiriçe, häkim prezidente ýa wise-premýere ‘häzirki oba hojalyk reformasy netije bermedi, ýene ozalkysy ýaly, 1 we 3 gektarly kärendeçilerden ybarat sistema geçeliň’ diýen ýaly teklip etse, bu häkim üçin öz-özüne gabyr gazmak bilen deň, sebäbi türkmen awtokratýasynda ýokardaky emeldarlara ‘ýalňyşýaň diýmek asla mümkin zat däl’.

Şu aralykda, sentýabr aýynda Balkan welaýatyna Halkara zähmet guramasynyň wekilleriniň ähtimal bolan saparyna taýarlyk görmek tabşyrylyp, gözegçilik çäreleri güýçlendirildi.

“Häkimler etrap emeldarlaryna mejbury gowaça otagyna, suw tutmaga we çürtüm işlerine çekilýän býujetçileriň, okuwçylaryň mobil telefon ulanmazlygyna berk gözegçilik etmegi tabşyrýarlar. Zaw we Tutly meýdanlarynda gowaça çürtmäge çekilen gyzylarbatly mugallymlar, 21-nji, 28-nji, 30-njy, 36-njy, 1-nji we 3-nji orta mekdepleriň pedagoglary okuwçylary uly ýoldan görünmeýän meýdanlarda işledilýär” diýip, çeşme aýtdy.

Onuň sözlerine görä, gowaça meýdanlaryna gelip, awtobuslardan düşenlerinde, polisiýa we MHM ofiserleri ýörite metal barlaýjy enjam ulanyp, adamlaryň ýanynda el telefonlarynyň, elektron surata düşüriji enjamlaryň bolup-bolmandygyny barlaýarlar.

“Hökümet mejbury zähmetden el çekip bilmese-de, mejbury zähmetiň ulanylýandygy baradaky maglumatlaryň daşary ýurtlara äşgär bolmagyndan gorkýar” diýip, çeşme mekdeplerde ýörite gulluklar üçin gep diňläp, maglumat toplaýan şugullaryň hem az däldigini, olaryň mejbury zähmete çekilýän adamlaryň arasynda bolup, ‘şübheli raýatlar’ hakynda hasabat berýändiklerini aýtdy.


Döwlet eýeçiligindäki metbugatyň habaryna görä, şu ýylyň ýedi aýynda “oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 111,9 göterime barabar boldy”. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy bolsa, anyklaşdyrylman aýdylmagyna görä, “141,3 göterim ýerine ýetirildi”.

Emma muňa garamazdan, türkmen metbugaty kärendeçileriň gazanç, girdeji mümkinçilikleriniň ösüşi barada maglumat bermeýär.

Azatlyk hökümet mejlislerinde yglan edilýän ýokary ösüş görkezijileri, mejbury zähmetiň ulanylmagynyň güýçlenmeginiň sebäpleri barada resmi düşündiriş alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG