Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pagta kampaniýasy türkmen pagtaçylygyna maýa ýatyrmazlyga çagyrýar


Türkmen pagtaçylygyndaky mejbury zähmet sowet ýyllarynda ýola goýuldy we daşary ýurtly işewürleriň kömegi bilen 'üstünlikli' dowam etdirilýär
Türkmen pagtaçylygyndaky mejbury zähmet sowet ýyllarynda ýola goýuldy we daşary ýurtly işewürleriň kömegi bilen 'üstünlikli' dowam etdirilýär

Global pagta kampaniýasy germaniýaly işewürleri Türkmenistanyň pagta senagatyndaky mejbury zähmetden peýda görmezlige çagyrýar.

Nemes işewür birleşikleriniň, maslahat beriş guramalarynyň, köp taraply başlangyçlaryň we üpjünçilik zynjyrynyň aktýorlary mejbury zähmetden peýdalanmakdan ýa-da girdeji almakdan gaça durmak üçin Türkmenistanyň dokma senagaty bilen aragatnaşygyny kesmeli diýip, Merkezi Aziýanyň pagtaçylyk pudagynyň işgärleriniň mejbury zähmetden dynyp, mynasyp iş şertlerinde işlemegi barada tagalla edýän global pagta kampaniýasy 27-nji iýunda çap eden beýanatynda aýtdy.

Türkmenistanda öndürilýän pagta önümleriniň ählisi döwlet tarapyndan, ýüzlerçe müň mugallymyň, saglygy goraýyş işgäriniň, beýleki döwlet işgärleriniň we kähalatda çagalaryň ulanylmagytnda, yzygiderli we giň ýaýran mejbury zähmet netijesinde öndürilýär diýip, beýanatda aýdylýar.

Bu çagyryş müňlerçe nemes kompaniýasyna wekilçilik edýän ýedi işewür birleşigiň we maslahat beriş firmasynyň Düsseldorfda Germaniýanyň Türkmenistana, hususan-da dokma we nebit-gaz pudaklaryna maýa ýatyrylmagyny höweslendirmek üçin geçirýän çäresine gabatlanyp edildi.

Türkmenistanyň döwlet tarapyndan girizilen mejbury zähmet ulgamy we hökümetiň raýat azatlyklarynyň ählisini ýowuz repressiýa astynda saklamagy halkara kompaniýalarynyň ýurda baryp, pagtaçylykda ulanylýan mejbury zähmeti ýerinde barlamagyna, ýagdaýy düzetmegiň çäresini gözlemegine mümkinçilik bermeýär.

Umuman aýdylanda, halkara kompaniýalary Türkmenistanyň islendik pudagynda, şol sanda nebit-gaz pudagynda hem zähmet hukuklarynyň bozulmagy bilen bagly meseleleri çözüp bilmeýär, sebäbi ýurtda garaşsyz kärdeşler arkalaşyklary ýok, hökümet adam hukuklarynyň bozulmagyna çykyş edýän, açyk gürleýän adamlara garşy berk çäre görýär diýip, Global pagta kampaniýasynyň beýanatynda aýdylýar.

Dünýäde iň ýapyk we repressiw ýurtlaryň biri hasaplanylýan we öz kanunlaryny yzygiderli bozmakda tankytlanýan Türkmenistan halkara hukuk toparlarynyň çagyryşlaryna baş galdyrmaýar we, dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelip, Aşgabat bilen hyzmatdaşlyk edýän iş adamlary ýurduň mejbury zähmet esasynda öndürýän önümlerinden, şol sanda nebit-gazdan, elektrik energiýasyndan peýda görmeklerini dowam etdirýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG