Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan zäherleýji dumana garşy ilkinji gezek emeli ýagyş ulandy


Lahory tutan dumanda çagalar kriket oýnaýarlar. 14-nji noýabr
Lahory tutan dumanda çagalar kriket oýnaýarlar. 14-nji noýabr

Pakistanyň iň iri şäherleriniň biri Lahorda howply zäherleýji dumana garşy göreşmek üçin, ilkinji gezek emeli ýagyş ulanyldy. 16-njy dekabrdaky çäre barada hökümet habar berdi.

Bu görnüşli ilkinji synagda bulutlary jemleýän ýörite enjamlar bilen ornaşdyrylan uçarlar şäheriň 10 sebitiniň üstünden uçdular. Bu sebitleriň käbiri dünýäniň iň hapa howaly ýerleriniň hatarynda agzalýar.

Pakistanyň resmileri bu “sowgadyň” Birleşen Arap Emirlikleri tarapyndan hödür edilendigini mälim etdiler.

Birleşen Arap Emirlikleri ýasama ýagyş hem diýlip bilinýän bu usuly ýurduň gurakçylykdan ejir çekýän sebitlerine ýagyn getirmek üçin ulanyp gelýär.

XS
SM
MD
LG