Swat jülgesinde ýaşaýan 14 ýaşly mekdep okuwçysy Malala Ýousafzaý Talybanyň zalymlyklaryny paş edip ýazan bloglary bilen meşhur boldy. 9-njy oktýabrda bir ýaragly adam Ýousafzaýy tüpeňläp, agyr ýaralady. Pakistanlylar ýurduň çar künjeginde Malalany goldap, Talybana garşy protest geçirýär.
Malala Yousafzaý Talybana garşy durmagyň täze simwoly boldy
1
Malala Ýousafzaýyň Yslamabatda düşen suraty. Mart, 2012.
2
Harby hassahana ýerleşdirilen Malalany goşun doktorlary bejerýär.
3
Karaçide bolan protestde bir gyz Malalanyň suratyny depesine galdyrýar.
4
Yslamçy aktiwistler Lahorda guralan protestde Malalanyň suratyny göterip durlar.