“Tehrik-e Talyban Pakistan” (TTP) toparynyň ýolbaşçylaryna Talyban tarapyndan dolandyrylýan Owganystanyň içine göçmek buýruldy. Toparyň iki agzasy muny Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýdyp, munuň Pakistan bilen dartgynlygy azaltmak maksady bilen edilendigini aýtdy. Bu toparyň häzirki wagtda şol ýerde ýerleşýändigi aýdylýar.
Pakistan Owganystan Talybanlaryny TTP-ny, ýagny Pakistan Talybanlaryny, gizlin saklamakda aýyplady we topary nyşana alyp Owganystanda ölümli howa zarbalaryny amala aşyrdy. Yslamabadyň hüjümleri Owganystan Talybanlarynyň garşylyklaýyn hüjümlerine sebäp boldy we iki goňşy döwleti giň gerimli urşuň bosagasyna getirdi.
BMG-niň maglumatyna görä, mart aýynda Kabuldaky hassahana edilen Pakistan howa zarbasy 100-den gowrak adamyň ölümine sebäp boldy. Owganystan Talybanlary muny Pakistan güýçleriniň amala aşyran iň ganly hüjümi diýip häsiýetlendirdi we ýüzlerçe raýatyň ölendigini aýtdy. Yslamabad bolsa zarbanyň harby desgalary we TTP infrastrukturasyny nyşana alandygyny öňe sürdi.
Owganystan Talybanlary TTP-ny gizleýändigini birnäçe gezek inkär etdi. Emma olaryň arasynda ideologik, guramaçylyk we taýpa baglanyşyklarynyň bardygy aýdylýar. Talybanlaryň ýokary derejeli bir resmisi Kabulyň TTP ýolbaşçylaryny göçürýändigi baradaky maglumatlaryň esassyzdygyny we Pakistan tarapyndan alnyp barylýan “psihologik oýunlaryň” bir bölegidigini aýtdy.
“Olar [Pakistan] bir ok bilen iki guşy urmak isleýärler” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran resmisi Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugy, ýagny Radio Azadi aýtdy. “Bir tarapdan, TTP-nyň Owganystandadygyny kabul edýäris diýen ýaly görkezmek isleýärler. Beýleki tarapdan bolsa, olary kowýarys diýip görkezmäge synanyşýarlar.”
Talybanlaryň “myhmansöýerligi”
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen anonim şertde gürleşen iki TTP agzasy toparyň ýolbaşçylaryna, şol sanda orta we ýokary derejeli komandirlere, Kabuldaky ýaşaýan ýerlerinden paýtagtyň günortasyndaky başga ýere göçmek buýrulandygyny aýtdy.
TTP-niň käbir komandirleri eýýäm Kabuldan çykypdyr, beýlekiler bolsa göçmäge taýýarlyk görýär diýip, TTP agzalary aýtdy.
Olar bilen bilelikde Hytaýyň Sinjiang welaýatyndaky bidüzgünçilikler üçin jogapkär hasap edilýän uýgur ekstremist topary bolan “Türkistan Yslam Partiýasynyň” (TIP) agzalary we Al-Kaýda terrorçylyk ulgamynyň galan bölekleri hem göçýär diýip TTP agzalary aýtdy. Bu toparlaryň ikisiniň hem Owganystan Talybanlary bilen baglanyşyklarynyň bardygy aýdylýar.
Söweşijileri Kabuldan çykarmak baradaky buýruk, 1–7-nji aprel aralygynda Hytaýyň Ürümçi şäherinde geçirilen Pakistan, Hytaý we Owganystan Talyban resmileriniň gepleşiklerinden soň berildi diýilýär.
Gepleşikler bilen tanyş bolan pakistanly bir resmisi Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna Yslamabad bilen Pekiniň Owganystan Talybanlarynyň daşary ýurtly söweşiji toparlara edýän “myhmansöýerligi” meselesini galdyrandygyny aýtdy.
Kabul, Yslamabad we Pekin geçen aýky gepleşikler barada köpçülige resmi maglumat bermedi. Emma şol gepleşiklerden soň Pakistan Owganystanyň içinde edýän howa zarbalaryny wagtlaýyn bes etdi, ýöne serhet ýakasynda käbir çaknyşyklar dowam etdi.
Uly nägilelik
TTP ýolbaşçylaryny göçürmek baradaky buýruk toparyň içinde uly nägilelige sebäp boldy diýip, iki TTP agzasy aýtdy.
Iki toparyň köp agzasy Owganystan bilen Pakistanyň arasynda uzalyp gidýän 2600 kilometrlik açyk serhetde ýaşaýan puştun etniki toparyndandyr.
TTP ýolbaşçylarynyň, halkara güýçleriň çykmagyndan soň 2021-nji ýylda Owganystan Talybanlary häkimiýeti ele geçirenden soň Owganystana gaçyp gelendigi aýdylýar. TTP-niň köp söweşijileriniň serhet ýakasynda hereket edýändigi çak edilýär.
Bir ýyl soň Owganystan Talybanlary Yslamabad bilen TTP arasynda parahatçylyk gepleşiklerine araçylyk etdi. Emma olaryň gazanan ýaraşygy 2022-nji ýylyň noýabrynda bozuldy.
Şondan bäri Pakistan öz uzak wagtlyk ýarany bolan Owganystan Talybanlaryna TTP-ny gözegçilik astyna almak we dargatmak üçin basyş edýär diýip bilermenler aýdýar. Talybanlar muny ýerine ýetirmekden ýüz öwürdi, netijede Yslamabad Owganystanda howa zarbalaryny amala aşyryp başlady.
Yslamabad Talybanlary ilkinji gezek 1990-njy ýyllarda peýda bolanyndan bäri goldap gelipdi. Şeýle hem olaryň ABŞ tarapyndan goldanan owgan hökümetine garşy 20 ýyllyk gozgalaň döwründe hem goldaw berlendigi aýdylýar.
Bilermenleriň aýtmagyna görä, bu strategiýanyň maksady Pakistanyň bähbitlerini gorajak boýun egýän hökümeti Kabulda ýerleşdirmekdi. Emma bu strategiýa ters netije berdi ýaly görünýär.
2007-nji ýylda döredilen TTP, Owganystan Talybanlary häkimiýete dolanyp gelensoň Yslamabada garşy has ganly gozgalaň alyp barýar. Soňky ýyllarda topar ýüzlerçe pakistanly howpsuzlyk işgärlerini öldürdi.
Giň gerimli uruş gorkusy
Oktýabr aýynda TTP Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda 11 esgeri öldüren hüjümi öz üstüne aldy. Birnäçe gün soň Pakistan Kabulyň merkezine we ýurduň gündogaryna dron zarbalaryny hem amala aşyrdy.
Talyban söweşijileri bilen Pakistan howpsuzlyk güýçleriniň arasynda güýçli çaknyşyklar boldy. Netijede onlarça adam öldi we möhüm serhet geçelgeleri ýapyldy.
Fewral aýynda Pakistan Owganystana garşy taryhdaky iň uly hüjümlerini amala aşyrdy. Iki ýurduň arasynda giň gerimli uruş başlar diýen gorkular güýçlendi.
Pakistan goşunynyň maglumatyna görä, 27-nji fewralda pakistan uçarlary Kabuldaky Talybanlaryň ruhy lideri Molla Haibatulla Ahundzadanyň ýaşaýan günorta Kandahar şäherindäki we Nangarhar, Paktia, Paktika hem-de Lagman welaýatlaryndaky harby nyşanalary bombalady.
Muňa garşylyk hökmünde Owganystanyň Talyban hökümeti Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky harby desgalara we howpsuzlyk güýçlerine garşy pilotsyz uçar hem raketa hüjümlerini amala aşyrandygyny aýtdy.
Londonda ýaşaýan owgan analitigi Sami Ýusufzai Pakistanyň Kabuldaky howa zarbalarynyň takmynan 40 million ilatly ýurdy berk dolandyrýan Owganystan Talybanlarynyň abraýyna zyýan ýetirendigini aýtdy.
“Pakistanyň howa zarbalaryndan soň Kabulda Pakistan Talybanlaryna bolan garaýyş üýtgedi” diýip, Ýusufzai aýtdy.
Ol Talyban ýolbaşçylarynyň häzirki wagtda TTP-ny ýük hökmünde görýändigini, ýöne topary Owganystandan çykarmaga taýýar däldigini goşdy.
Forum