Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Paşinýan: Azerbaýjan bilen parahatçylyga umyt baglaýarys


Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan. Arhiw suraty
Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan. Arhiw suraty

Ermenistan gelýän aýlarda Azerbaýjan bilen parahatçylyk şertnamasyny baglaşyp, onuň bilen diplomatik gatnaşyk gurmaga umyt baglaýar diýip, Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan aýtdy.

Gürjüstanyň paýtagty Tbiliside geçirilen forumda çykyş eden Paşinýan Ermenistanyň Azerbaýjanyň ýakyn ýarany bolan Türkiýe bilen aradaky serhediniň hem üçünji ýurduň raýatlaryna açylmagyna umyt baglaýandygyny aýtdy.

Onuň bu sözleri Azerbaýjan geçen aý halkara derejesinde azeri topragy hasaplanýan, ýöne 1990-njy ýyllardan bäri bölünip aýrylan we etniki ermeniler tarapyndan dolandyrylan Dagly-Garabag sebitini yzyna alanyndan soň, durnuksyz Günorta Kawkaz sebitindäki parahatçylygy pugtalandyrmak ugrunda edilýän tagallalaryň arasynda aýdyldy.

XS
SM
MD
LG