Pentagonyň ýokary derejeli resmisi NATO-nyň ýaranlaryna Waşingtonyň Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda ok atyşygy bes etmek we parahatçylyk ylalaşygyny üpjün etmek edýän synanyşyklaryna garamazdan, Moskwanyň Ukrainadaky uruş tagallalaryny azyndan gyş aýlarynda dowam etdirmeginiň mümkindigini aýtdy.
ABŞ-nyň goranmak ministriniň orunbasary Elbrij Kolbi (Elbridge Colby) 17-nji noýabrda Brýusselde NATO agza ýurtlaryň ýokary derejeli wekillerini öňünde çykyş edende, Kiýewiň Russiýanyň içindäki territoriýalaryna eden soňky hüjümlerini tankyt edýän beýanatlary üçin ABŞ-nyň we Ukrainanyň ýaranlarynyň berk garşylygyna duçar boldy.
Kolbi bu barada Günbatar ýaranlarynyň arasynda Ukraina harby goldawy utgaşdyrýan 50 töweregi ýurduň resmi däl bileleşigi bolan Ukrainanyň Goranmak meseleleri boýunça Aragatnaşyk toparynyň ýygnagynda çykyş etdi. Bu topar şeýle formatdaky ilkinji gepleşikleriň geçirilen wagtynda Germaniýadaky Amerikan howa bazasynyň adyna salgylanylyp, "Ramşteýn topary" diýlip hem atlandyrylýar.
Goranmak ministriniň orunbasary "gyşyň başlamagy bilen, Russiýanyň öz adam güýjüni artdyrjak we harby ykdysadyýetini uzak möhletli iş tertibine geçirmegini dowam etdirjek ýaly bolup görünýändigini" aýdyp, hemmeleriň çaknyşyklaryň "uzamagyna" taýýar bolmalydygyny sözüne goşdy.
"Netijeli bolmady"
Şeýle-de, Kolbi Ukrainanyň ýakynda Russiýanyň territoriýalaryna eden "çuňňur zarbalar" diýlip atlandyrylan söweş hereketlerini tankytlady, bu zarbalarda Russiýanyň energiýa desgalary we Russiýanyň elektron söwda ägirdi Wildberries-iň ammarlary nyşana alyndy.
"Biz şeýle zarbalary urşy tamamlamakda ýa-da Russiýanyň front liniýalaryndaky öňegidişliginiň öňüni almakda netijesiz diýip hasaplaýarys" diýip, Kolbi aýtdy.
"Mundan başga-da, şeýle hüjümler, esasanam Wildberries ýaly raýat infrastrukturasyna gönükdirilen hüjümler, aslynda rus jemgyýetçiliginiň tutanýerliligini we Kremliň öz güýjüni güýçlendirmek islegini berkitdi" diýip, ol sözüne goşdy.
Muňa garamazdan, ol "Ukraina ellerini arkasyndan daňyp söweşmäge mejbur edilmeli däl" diýip, "front liniýasyna gönükdirilen we şol zolakdaky harby operasiýalary gönüden-göni goldaýan hüjümleriň, elbetde, düýbünden başga meseledigini" nygtady.
Onuň bu sözleri Ukrainanyň strategik taýdan möhüm we simwoliki Kerç köprüsine hüjüm etmeginiň yz ýanyna gabat geldi. Bu köpri Russiýany bikanun anneksiýa edilen Ukrainanyň Krym ýarymadasy bilen birleşdirýär we köprä edilen hüjüm Kremliň basyp alnan sebit bilen transport we üpjünçilik tagallalaryna çynlakaý päsgel berýär. Köpri Russiýa bilen Gara deňiz ýarymadasy bolan Krymyň arasyndaky ýeke-täk göni ýol we demir ýol ara baglanyşygydyr.
Kiýew Kremliň Ukrainanyň raýat infrastrukturasyna, şol sanda energiýa desgalaryna edýän hüjümleriniň güýçlenmegine jogap hökmünde Russiýanyň içindäki nyşanalara zarba urdy. Russiýanyň Ukrainanyň raýat infrastrukturasyna, şol sanda energiýa desgalaryna edýän hüjümleri gyş aýlarynyň öňüsyrasynda ýangyç ýetmezçiligini döretdi.
Ukrainanyň premýer-ministri Serhiý Koretskiý 16-njy noýabrda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Russiýanyň tagallalarynyň gyş golaýlaşýarka ukrain halkynyň "ruhuny syndyrmaga" gönükdirilendigini aýtdy.
'Gaty samsyk zat'
Kolbiniň Ukrainanyň Russiýanyň içindäki territoriýalara eden hüjümlerini berk tankytlaýan beýanatlary, ABŞ-nyň we Ukrainanyň ýaranlary tarapyndan ret edildi.
Germaniýanyň goranmak ministri Boris Pistorius bu tankytlary "gaty samsyk zat" diýip atlandyrdy.
"Ukrainanyň çuňňur hüjümlerini tankytlamagyň ýerine, Ukrainadaky energiýa, suw we ýyladyş infrastrukturasyna her gün - gije we gündiz - edilýän terrorçylykly hüjümleri tankytlamak has gowy bolardy" diýip, ol žurnalistlere beren maglumatynda Russiýanyň Ukrainadaky raýat nyşanalaryna dowam edýän hüjümlerine salgylanyp aýtdy.
Britaniýanyň goranmak ministri Wes Striting hem bu sözleri gaýtalap, Ukrainanyň hüjümleriniň "Putiniň uruş maşynyny gowşatmaga, wagt utmaga we adamlaryň janyny halas etmäge kömek edendigini" aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum