Bu fotosergide 2021-nji ýylyň iň uly wakalarynyň käbirleri görkezilýär. (AFP, AP, EPA-EFE, REUTERS habar agentliklerinden alnan suratlar)
Ýyl soňy 2021: Iň uly wakalaryň käbiri suratlarda
1
2021-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Waşingtonda Tramp tarapdary topar Birleşen Şatatlaryň Kapitol binasyna hüjüm etdi. Şonda Trampyň müňlerçe tarapdary onuň ýurdy yzyna gaýdyp almak üçin "soňky güýjüne çenli göreşmek" baradaky çagyryşlaryna gulak asyp, Kapitola hüjüm etdi, munuň netijesinde bäş adam, şol sanda polisiýa işgäri wepat boldy. (REUTERS/Leah Millis)
2
10-njy ýanwarda Ela Gubbiotti 10 gün bäri hassahnada ýatan partnýory Giankarlo Wannimartinini gujaklaýar. Rimiň golaýynda ýerleşýän Ariksiýadaky "Ospedale dei Castelli" hassahanasynyň COVID-19 bölüminde näsaglaryň we olaryň garyndaşlarynyň biri-birini gujaklamagyna mümkinçilik döredýän ýörite howpsuz otag döredildi. (AP/Alessandra Tarantino)
3
12-nji fewralda Dürli Afrika raýatlaryndan bolan migrantlar we bosgunlar Ortaýer deňziniň Liwiýa kenaryndan 122 km uzaklykda, aşa köp adamly agaç gaýykda ýardamyň gelmegine garaşýar. Ispaniýanyň gözleg we halas ediş gämisindäki halas ediş işgärleri gaýygyň ýanyna golaýlaýar. (AP/Bruno Thewenin)
Migrasiýa krizisi, Gondurasdan Türkiýä, Belarusa we Ortaýer deňzine çenli bütin dünýäde dowam etdi.
Migrasiýa krizisi, Gondurasdan Türkiýä, Belarusa we Ortaýer deňzine çenli bütin dünýäde dowam etdi.
4
14-nji fewralda Moskwada adamlar öýjükli telefon çyralary bilen ýürek şekillerini ýagtylandyryp, türmede oturan oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnyny we aýaly Ýuliýa Nawalnaýany goldaw berýärler. Nawalny “nowiçok” görnüşli bir nerw agenti bilen agyr zäherlenip, Germaniýada bejergi alandan soňra Russiýa dolananda tussag astyna alyndy. Nawalny zäherlemäniň rus prezidenti Wladimir Putin tarapyndan buýruk berlendigini aýdýar. (AP/Pawel Golowkin)