Bu fotosergide 2021-nji ýylyň iň uly wakalarynyň käbirleri görkezilýär. (AFP, AP, EPA-EFE, REUTERS habar agentliklerinden alnan suratlar)
Ýyl soňy 2021: Iň uly wakalaryň käbiri suratlarda
25
7-nji dekabrda Pakistanyň Karaçi şäherinde "Al-Khidmat" gaznasynyň işgäri siňekleri öldürmek we dengiz gyzzyrmasynyň döremeginiň öňüni almak üçin ýörite derman sepýär. Pakistanyň resmileri dengiz gyzzyrma keseli bilen keselleýänleriň artmagynyň dowam edýändigini we olaryň sanynyň müňlerçedigini habar berýärler. (EPA-EFE/ŞAHZAIB AKBER)
26
7-nji dekbarda ukrain esgeri Ukrainanyň Donetsk sebitiniň Kateriniwka şäheriniň golaýynda, Russiýa tarapdar gozgalaňçylar bilen söweş meýdanynyň golaýynda dynç alýar. Şol güni ukrain häkimiýetleri Russiýany gündogar Ukrainadaky aragatnaşyk liniýasyna tanklary we mergenleri ibermekde aýyplady. Bu aýyplama Russiýanyň Ukrainanyň serhediniň golaýynda goşun ýerleşdirmek arkaly, amala aşmagy ähtimal bir çozuşyň mümkin bolan başlangyjy hökmündäki aladalaryň dörän mahalyna gabat geldi. Germaniýanyň ministrleri Ukrainanyň garşysyna harby agressiýa ýüze çykan halatynda Russiýanyň has berk sanksiýalara sezewar ediljekdigi barada ÝB-niň duýduryşlaryny tekrarladylar. (AP/Andriý Dubçak)
27
13-nji dekabrda Owganystanyň Jalalabad şäherinde burka geýen owgan aýallary spreý boýag bilen garalanan zenanlaryň suratlary asylan gözellik salonynyň öňünde oturýarlar. Owganystanda "Talybanyň" häkimiýet başyna gelmegi bilen, burkasyz aýal-gyzlaryň gözellik salonlarynyň daşynda, köçelerde we ş.m. ýerlerde asylan suratlary goparylyp, ýa-da olara gara boýag sepilip başlandy. (AFP/WAKIL KOHSAR)