AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin suratlar. Has köp surat üçin arhiwimize - Picture This archive gel.
Region görnüşleri #46
17
Günorta Sibir, Tuwa respublikasynyň merkezi şäheri Kyzylyň golaýyndaky federal M54 ýolunyň gyrasy, Tuwa buddaçylarynyň we şamanlarynyň mukaddes ýeri. (Reuters/Ilya Naymushin)
18
Owgan zenanlary Hyradyň Karuk etrabynda şafran güllerini ýygýarlar. (epa/Jalil Rezayee)
19
Rus paraşýutçylary Belgradyň alkymyndaky Towin şäherinde, rus-serb harby türgenleşigi mahalynda IL-76 transport uçaryndan bökýärler. (Reuters/Marko Djurica)
20
Pakistan, Karaçi, şaýy musulmanlary sünni we şaýy medreselerine geçirilen reýdlere we bir topar adamyň tussag edilmegine garşy protest bildirip, esasy uly ýoly we demirýol liniýasyny baglanlarynda polisiýa tarapyndan sepilen göz ýaşardyjy gazdan saplanýan polisiýa ofiseri.(Reuters/Akhtar Soomro)