AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin suratlar. Has köp surat üçin arhiwimize - Picture This archive - gel.
Region görnüşleri # 11

1
Karaçi, Pakistan, guşlar älemgoşar şöhleleriniň astynda jaýlaryň ýokarsynda öwrüm edýär.(Reuters/Akhtar Soomro)

2
Gazagystan, Baýkanur kosmodromy, Marsa uçuruljak Proton kosmos gämisi. Bu gämi 14-nji martda uçurulmaly. (epa/Stephane Corvaja)

3
Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un nämälim ýerde ballistik raketanyň synag edilişine seredýär. Senesi näbelli surat 11-nji martda ýurduň Merkezi habar gullugy tarapyndan çap edildi.

4
Gresiýa, Lesbos adasy, meýletinçi dürbüli deňze seredýär. 10-njy martda Türkiýeden Lesbosa geljek bolup, Egeý deňzinde azyndan 5 adam, şol sanda bir bäbek gark boldy. (epa/Kay Nietfeld)