AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin fotosuratlar. Has köp fotosurat üçin arhiwimize göz aýlaň.
Region görnüşleri # 2

1
Çeh kandidaty Mihal Horasek 12-13-nji ýanwara bellenen prezident saýlawlaryndan öň Pragada geçirilen soňky çekişmä taýýarlanyldy. (Reuters/David W Cerny)

2
Oppozisiýa söweşijisi Al-Tamanah obasynyň golaýynda Siriýanyň hökümet goşunalryna tarap top atýar. Idlib welaýaty. (AFP/Omar Haj Kadour)

3
Yrakly gyzlar milli baýdagy göterip, Mosulyň köne şäherinde Bab al-Saraý bazarynyň gaýtadan açylmagyna bagyşlanan dabara barýarlar. (AFP/Ahmad Muwafaq)

4
Ispaniýa, Kataloniýa, suw basan gadymy obadaky ybadathana. Sau suw howdany, Vilanova de Sau. (AP/Emilio Morenatti)