AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin fotosuratlar. Has köp fotosurat üçin arhiwimize göz aýlaň.
Region görnüşleri #21

1
Günüň ýaşýan wagty kurort adasy bolan Barakaýda oýnap ýören filippin oba oglanjygy. 25-nji maý. (epa-EFE/Jo Haresh Tanodra)

2
Bengal aýlagynda kürek urup barýan hindi balykçysy. Andhra Pradeş ştaty, 25-nji maý. (AFP/Xavier Galiana)

3
Hytaý, Hunan welaýaty. Tianmen dag parkyndaky tomaşadan öň öz gurallarynda praktika geçýän "Houle Douce" toparynyň agzalary. (Reuters)

4
Mazari-Şerif. Remezan aýynda Hezret Ali aramgähiniň ýa-da "Gök metjidiň" howlusynda oturan owghan aýaly. (AFP/Farshad Usyan)