AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin fotosuratlar. Has köp fotosurat üçin arhiwimize göz aýlaň.
Region görnüşleri #23

1
Eýran. Şaýy musulmanlary Remezan aýynda şehitleriň mazarlarynyň golaýynda namaz okaýarlar. Behesht-Zahra gonamçylygy, günorta Tähran. (EPA-EFE/Abedin Taherkenareh)

2
Owgan işçisi buz bölegini alyp gelýär. Gazni. (AFP/Zakeria Hashimi)

3
Gyrgyz studentleri 20 ýaşynda alnyp gaçylan we polisiýa stansiýasynda özüni alyp gaçan erkek tarapyndan öldürilen gyz üçin protest bildirip, Bişkekde ak şarlary uçurýarlar. (AFP/Dmitry Motinov)

4
Hawaýidäki Kilauea wulkany ot sowurmasyny dowam etdirýär. Pahoa. (Reuters/Terray Sylvester)